20:47 Paşmadyk ogurlyk / ýumoreska | |
PAŞMADYK OGURLYK
Satiriki hekaýalar
Atamdan miras galan hususy ýaşaýyş jaýymyň bäş otagynyň bäşisinde-de asma sagatlar gijesi-gündizi sülmürär-sarkar durardy. Ýöne näçe dynuwsyz jykgyldasalar-da, olaryň ýekejesem dürs işlemeýärdi. Ýogsam agşam başymy ýassyga goýmazymdan ozal ýaltanman, olaryň "dillerini" "Watan" habarlar gepleşiginde görkezilýän sagadyň peýkamy bilen sazlap goýardym. Emma muňa garamazdan, daň-säher oýaly-ukuly gözüňi açdygyň, ol alkakmyşlaryň hersi bir wagty görkezýändir, biri "Aýa bakýandyr, beýlekisi şetdaly kakýandyr". Biri iki-üç sagat öňe zowlap zut gidendir, biri şonçarak yzda mytdyldap barýandyr, beýlekisiniň dili bolsa misli daşa daňlan dek duran ýerinden butnaman durandyr. Onsoň haýsyna ynanjagyňy bilmän, garabsga galarsyň. Çalak-çulak pişik ýuwnuşyny edersiň-de, bi döwüm çöregi goltugyňa gysdyryp, ýa Alla, işe ylgarsyň. Haýran galaýmaly, azyp-tozup, ýalňyşyp-ýazyp, ýeke gezegem işe wagtyndan ir barmazdym. Eşidýänim iňirdidi. Ýazmaça berlen duýduryşlaryň-a hetdi bar, hasaby ýok. Bularyň hemmesine şol öýdäki dilleri jorta uçmuş maýyp sagatlar günäkärdi. Duz-çöregine şärik kärhanamyzdaky iş otagymda weli bir sgat bardy, gözüňe söweýin, şeýle dürs işleýärdi. Hut bütin dünýä nusgalyk takyk wagty ilik-düwme görkezýän tilsimiň bar-da. Dogrusy, muňa üns berip, örküni oňa baglap ýörnem ýokdy. Mydama çaň basar ýatardy. Ylaýta-da işiň ahyrlarynda hiç kim oňa seretmezdi. Asla seredeslerem gelmezdi. Çen boldy-bolmady oňa bakman, Gün sallanyp ugrandan garasar uçan ýaly barysy, tüneklerine sary sozan guýrukdylar. Ine, şu sagat soňky mahallar gözüme yssy görnüp başlady. Ýatsam-tursam şeýtan böwrüme dürtüp "Şunuň bellige alnan ýerem ýok, hasapçynyň tagmasam basylmandyr. Edarany gemrip ýörenlerdenem-ä däl sen, gowusy, şojagazy äkit-de, öýüňde asyp goýsan-aý" diýip, teý goýanokdy. Şunça garşylyk görkezip, näçe aýak diresem-de, ahyry melgunyň alyna çolaşyp gitdim. Şeýdip, okum nyşana gelende, deger-dermezden atyp goýberdim. Mazaly "Hany, neneň-niçik bolýarka entek. Il gözünden ýaşyryp, birki gün ýanymda gizläp saklaýyn" diýenim gowy bolupdyr. Gapyrjaga ýygşyryp, ýaňy bir oturgyjyma geçenimden hemişeler jaýy aýlap-günläp syryp-süpürmeýän, asla gapydan sekmeýän tam süpüriji Mamagül daýza gökden düşen ýaly bolup işikde peýda boldy. Gele-gelmäne "Wiý, Anna jan, öň şu böwürde sagat duran ýalakdy-da, ýa olam ýerýuwutmyş neşekeşleriň çolpusyna iläýdimikä. Daşyny-içini arassalap, tämizläýjekdim-dä" diýip hümürdedi. Tomsuň güni ýyldyrym çakana döndi. Dilim tutulyp esli salym geplemän, agaç ýuwdan ýaly mölerip durupdyryn. Bogym gowşap tasdanam "Men-ä alamok" diýip, iki egnimden gum sowrup, nadaralyk edip ugrapdym. Birhaýukdan zordan özüme gelip "U... ussa bejertmäge tabşyrdym. mamajan, b... bejertmäge..." diýip, gümp-sampa urup sarnadym. Ýüregim agzymdan çykaýjak bolýardy. Girere deşik tapamokdym. Bu şumroý kepmirden soňam telimsi ýanyma gelip, bu haý-haýly sagady ýoklap gitdiler. Hemmelerden soň "Iş wagty gutarşanok-maý, sagatlar näçe bolşdyka?" diýip, Betdi kel işikden ätledi. Üstümden gaýnag suw guýlana döndi. "Pah-heý, bu-da bir zatlar aňan bolsa-ha işim gaýdypdyr. Organlar bilenem arasy barmyş diýýädiler weli, gözenegiň aňyrsyna dykdyrdaýmasa-da biri. Aý, pormyň gursun, Betdi, aý, diýmäýin diýsem sypatyň guraplar geçsin, kel. Ýeri, mundan öň menden sagat sorap işden gaýdýamydyň diýsene" diýip, ýetişibildigimden gargynýardym. Garaz, ýüňsakgal boldum. Edenime puşman kylyp, ökünip aňyrsyna çykyp bilemokdym. Ol niçikmi hoşlaşyp, garasyny saýlan dessine üç mertebe ýakama tüýkürip, demir gapyrjakda ýygşyran sagadymy "bendilikden" boşatdym-da, emaý bilen sypalap-sermeläp ýene-de ozalky ýerinde asyp goýdum. Annaş BALLY. "Adalat" gazeti, iýul 2004 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |