18:23 Ýunus Emräniñ poeziýasyna bellikler | |
ÝUNUS EMRÄNIÑ POEZIÝASYNA BELLIKLER
Edebiýaty öwreniş
Garaşsyzlyk zamanasy biziñ durmuşymyzyñ ähli ugurlaryna ~ syýasata hem, ykdysadyýete hem, edebi, medeni gatnaşyklara hem täsirini ýetirdi. Dogrusy, durgunlygyñ daglary eredi, dogan-dogana gol uzatdy, ot biten ýodalar arçaldy. Şu ýerde biziñ gürrüñimiziñ esasy obýekti bolan Ýunus Emräniñ birje setiri ýada düşýär: "Wagtyñyza häzir oluñ..." Hawa, ol wagtyñ gadryny bilen, ony zer deýin ulanan kişi. Eýsem Ýunus Emre kim? Ilki bilen külli türkmeniñ ruhy sütüni saýylýan hezreti Magtymguly Pyragynyñ-da agzalýan şahsyýeti öz halypalarynyñ biri saýandygyny, Ýunus Emräniñ döredijilik "hazynasyna" tagzym edendigini aýtmalydyrys. Dogry, Magtymguly öz kyblagähi hem ylym atasy Döwletmämmet Azadyny hem, Hoja Ahmet Ýasawyny hem, Nejmeddin Kubrany hem, Rabguzyny, Jamydyr, Nowaýyny hem... öz ruhy çeşmeleri hasaplapdyr. Bu barada belli türkmen alymlary Abdyrahman Mülkamanowyñ, Gurbandurdy Geldiýewiñ, Kakajan Ataýewiñ, Jepbarberdi Gökleñowyñ, Romanguly Mustakowyñ kitaplarynda, makalalarynda bellenilip geçilýär. Ýöne hernäme-de bolsa Ýunus Emräniñ döredijiligi heniz doly, hemmetaraplaýyn, kämil derejede öwrenilenok. Aslynda-ha öñki sistema döwründe beýtmäge biziñ añymyza, elimize urlan göze görünmeýän "gandallar" päsgel beripdi. Indi şükür, ýollar, ýörelgeler, garaýyşlar üýtgedi, hakyt öz isleýşimizçe boldy. Saglyk bolsa Ýunus Emre atly türki edebiýatynda uly yz goýan äpet läheñiñ döredijiligi düýpli, ylmy aspektler esasynda öwreniler. Şahyr Allany yns-u-jynsyñ, umuman tebigatdaky hereketli närseleriñ ählijesiniñ hak hossary, iñ ýakyny hasaplaýar. Muña onuñ aşaky setirlerem güwä geçýär: - Añ, eý Ýunus Rahmanyñy, Dosta ulaşdyr janyñy, Ne beslärsiñ bu teniñi, Ajal oky ýetse gerek... Umuman, Ýunus Emrede Hudaý hakdaky şygyrlar onuñ döredijiliginiñ içinden eriş-argaç bolup geçýär. Muña onuñ "Apar Aldah diýe-diýe", "Alla, saña fundum elim", "Çagyraryn, Möwlam seni", "Dilim seni söýlejek", "Hudanyñ jogaby", "Köñlümizi şat eýledi", "Guraýyn ondan baraýyn", "Hak gapysyn açar oldum", "Azat olarmy ýa Reb", "Kimseler Haky bilmez" ýaly meşhur şygyrlary arkaly doly göz ýetirmek bolýar. Türkmen klassyky edebiýatynyñ wekilleriniñ döredijiligine Ýunus Emräniñ ýetiren täsiri az-küş bolmandyr. Magtymgulydan soñky edebi wekilleriñ ~ Andalybyñ, Gaýybynyñ, Mätäjiniñ, Magrupynyñ, Zelilinin döredijilik tärlerini içgin yzarlarsañ, muña göz ýetirmek bolýar. Diýmek, onuñ poeziýasy täsiriniñ güýçlüdigi, halkylygy, durmuşdan üzñe däldigi, pelsepesiniñ ýetikdigi, setirleriniñ sazlaşyklydygy bilen tapawutlanýandyr. Bu bolsa edebi ykbalda uly bagtdyr. Ýunus Emre türki dünýäde uly meşhurlyk gazanan söz ussatlarynyñ biridir. Ol Jelaleddin Möwlana Ahmet Fakyh, Geýikli Baba, Seýdi Balum ýaly şahyrlar bilen bir döwürde ýaşapdyr, olaryñ atlary şahyryñ şygyrlarynda duş gelýär. Ýunus Emre 1240-41-nji ýylda doglup, 82 ýaşynyñ içinde aradan çykypdyr. Onuñ ýaşan döwri Seljuklar dinastiýasynyñ dargap, Osman Gazy eýýamynyñ başlanan zamanyna gabat gelýär. Ol arap we pars dillerini suwara bilipdir, yslam ylmyndan we yslam taryhyndan, şonuñ ýaly-da döwrüniñ dünýewi ylymlaryndan oñat baş çykarypdyr. Şahyr Tapdyk Emre atly pire gol berip, welilik derejä ýetipdir. Şu ýerde bu şahyryñ özgeleriñkä meñzemeýän edebi ykbaly, has takygy, döredijilik aýratynlygy hakda gürrüñ etmek parzdyr. Ol aýratynlyk şahyryñ türkmen-oguz edebi tärlerini özüne döredijilik akabasy edip saýlap alanlygydyr. Şondan öñ bolsa edebiýatda arap-pars täsiri güýçli bolupdyr. A Ýunus Emre bolsa batyrgaýlyk bilen türki dilde şygyr düzüş tärlerini saýlap alypdyr. Şol akym boýunça döreden goşgularam ony türki dilli edebiýatyñ parlak ýyldyzlarynyñ birine öwürdi. Ýene bir aýratynlygy, şahyryñ Adam hem Haktagala meselesine uly üns berenligidir. Ýunus öz dünýägaraýşy boýunça panteist şahyrdyr. Ol ýalñyz ideýany: Adam we tebigat Haktagalanyñ nurundan dörän zatlardyr diýen garaýşy öñe sürüpdir: - Daglar bile, daşlar bile, Çagyraryn Möwlam seni. Säherlerde guşlar bile, Çagyraryn Möwlam seni. Ýunus okar diller bile, Ol gumry-biller bile, Haky söýen gullar bile, Çagyraryn Möwlam seni. Ýunus Emräniñ milletiniñ türk(men)digini Türkiýede çykarylan kitaplara we şu güne çenli belli bolan köp taryhy çeşmelere esaslanyp aýdýarlar. Ýunus Emräniñ zamanynda arap-pars dilleriniñ agalyk etmegu netijesinde egninden basylan türki diliñ janlanmagy, döwlet dili derejesine göterilmegi hut derwüş Ýunus Emre bilen baglydyr. Derwüş Ýunus diýilmeginiñ sebäbi-de onuñ şol döwürde meşhur ylym we medeniýet merkezi bolan Konýada bilim alyp, Tapdyk Emre atly pire gol bermegine we welilige ýetmeginde. Türki edebiýatyñ kemala gelmeginde, häzirki zaman derejesine ösüp ýetmeginde söz ussady Ýunus Emräniñ roly uludyr. Beýik şahyr şol döwre çenli dowam edip gelýän agyr kitaby stilden ýüz dönderip, döreden eserlerini sada halkyñ gepleşik dilinde ~ halk döredijiligine mahsus bolan düşnükli çeper stilde ýazmagy başarypdyr. Bu bolsa Ýunus Emräniñ öz ideýalaryny halkyñ giñ köpçüligine mümkingadar doly sasa dilde ýetirmek: mekdep-medrese sowady bolmadyk köpçüligiñ we yslam ýörelgelerine, şerigata düşünip, kabul etmeklerini gazandyrmak yhlasyndan döräpdir. Onuñ çeken zähmetiniñ netijesinde yhlasy zaýa bolmandyr, hasyl bolupdyr. Ýunus Emre öz döreden eserlerinde dünýewi-filosofiki, sosial meseleleriñ ýany bilen Allatagala ylahy päklik, barlyk-ýokluk, durmuş-ölüm, dünýäniñ panylygy ýaly yslam äleminde global möçberi eýeleýän problemalary gozgapdyr. Onuñ eserleri yslam dininiñ halk arasynda ornaşmagynda, pugtalanmagynda uly orna eýedir. Ýunus Emräniñ döredijiligi çeperçilik, leksik-poetik stil taýdan uly ähmiýete eýedir. Anadolyda täze bir edebi diliñ ~ Günbatar türki ýazuw diliniñ ösmegi, kemala gelmegi Ýunus Emräniñ ady bilen baglanyşyklydyr. Şahyryñ döredijilik dünýäsine içgin aralaşsak onuñ öz ýaşan jemgyýetinden halkynyñ nägileligini, durmuşyñ her hili pajygasyna duş gelende-de ýaşaýşy unudanok, oña akylly çözgütler bilen ýanaşmaga synanyşýar. Ol: Saña ybrat gerek ise, gel göre sen bu sinleri, Ger daş isen, eriýesin bakyp görejek bunlary. Şunlar ki çokdur mallary, gör, nije oldy hallary, Soñ ujy bir çömlek giýmiş, añyn-da ýokdur ýenleri. Kany mülke benim diýen, köşk-u sara begenmiýen? Şimdi bir öýde ýatarlar, daşlar olmuş üstünleri. ...Kany ol şirin sözlüler, kany ol güneş ýüzlüler? Şeýle gaýyp olmuş bunlar, hiç bilinmez nyşanlary. Bunlar bir wagt begler idi, gapyçylar, kerlar idi, Gel, şimdi gör, bilmeýesin, beg kaýsydyr, ýa gullary. - diýmek bilen bu pany, ýalançy dünýäde beg-gul diýip tapawutlanyp, eden-etdilik edip ýaşanyñ bilen, deñlik bolmadygy bilen o dünýäde beg-guluñ hemmesiniñ deñdigini, bu dünýäde köşk-saraý edeniñ o dünýä ýeñsiz kepen bilen gitjegiñi, gara toprak bilen aralaşjagyñy aýdýar. Şahyr jemgyýetde garyplar bilen baýlaryñ arasyndaky agalyk edýän deñsizligi saýgaryp oña göz ýetirip degerli baha berip bilipdir. Ol: Kem duru ýoksullyldan niçeleriñ barlygy... ýa-da: Bir guluna atlar berip, awretu mal, jiftler berip, Hem ýok biriniñ puly, ol Rahymu Rahman benim - diýip zeýrenýär. Häzir bize şeýle bir bagt nesip etdi. Ol bolsa Garaşsyz Türkmenistandaky uly-kiçi hemmäniñ Ýunus Emräniñ goşgular diwanyny ene dilinde okap bilýänligidir. Bu akaba işalla, geljekde has giñär, çuñlaşar. Sebäbi şahyr şoña doly mynasyp. Gülnar ÖWEZGYLYJOWA. #garagum 97 | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||