14:44 Ýürek sözüm | |
ÝÜREK SÖZÜM
Goşgular
Ylym-bilim diýip, çykdym ýollara, Özge ýurda gadamlarymy basdym. “Ynanýaryn, başararsyň, ýeňersiň” Diýlen beýik söze, men gulak asdym. Saçlarymy sypap, daran günleriň, Dolanyp gelmegini, isleýän eje! Ýyljajyk gujagyň doly mähirden, Şol mähriňden ganmak isleýän eje! “Gyzym mertsiň, polat ýaly mäkämsiň, Başyň dik tut beýik Watanyň barka. Bu bir sanalgy gün, derrewjik geçer” Diýipdiň, bal sözüň küýseýän kaka! "Hany yylgyr, mydam gülsün gözleriň, Aglamak ýok, saňa söýgimiz soňsuz. Diýip öz gözünden ýaşlar akdyran, Uýam, durmuş kyn ekeni dogansyz. Gözel Mary, önüp-ösen mekanym, Şol toprakda oýnap ösdüm, ulaldym. "Ýurduma kömegim ýetmeli" diýip, Ençe wagt aýra gezmeli boldum. Abat aýdar: nesip etsin ödemek, Şol beýik ynama ýürekden uýup. Ozal: "körpejämiz" diýenleň bary, Indi ýüzlenýärler: "mugallym" diyip. Ogulabat AGAMYRADOWA, Türkiýe Respublikasynyň Bartyn șäherindaki Bartyn uniwersitetiniň “Synp we jemgyýetçilik ugry boýunça mugallymçylyk” bölüminiň talyby. • Şahyr Gülşirin Hanowanyň goşga syny: Ogulabadyň bu goşgusy, Watanyň, ene-atanyň beýik ynamyna ýugrulan juwan ýüregiň sözi. Elbetde käbir ýüzugra düzedilýän kiçijek tehniki kemçilikler diýmeseň bu goşga kämil goşgy diýibermeli. Goşgy ýazmagyny dowam etse Ogulabada: "geljegine uly ynam bildirilýän ýaş şahyr" diýip arkaýyn aýtsa bolar! 31.03.2023 ý. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |