09:24 Zehin | |
ZEHIN
Oýlanmalar
"Ýagty bolary üçin ýanmaly" (Çyradaky ýazgy) Şahyr hem altyn balyjak barada tymsal. Aýdyşlaryna görä, edeni hiç ugruna bolmaýan bir şahyr Hazar deňzinden altyn balyjak tutanmyş. — Şahyr, meni deňze goýber — diýip, altyn balyjak ýalbarypmyş. — Sen munuň üçin maňa näme berersiň? — Seniň ähli ýürek arzuwlaryňy bitireýin. Şahyr begenip, altyn balygy suwa goýberipdir. Şobada-da niredendigi belli däl, şahyra üstünlikler ýaran bolup başlanmyşyn. Yzly-yzyna onuň goşgular kitaplary çykyp başlanmyş. Ol şäherden öý we şäheriň eteginden ajaýyp daça edinipmiş. Şahyryň döşüni orden hem «Zähmet edermenligi üçin» diýen medal bezäpdir. Şahyr meşhurlyga ýetip, onuň ady hemmeleriň dilinde bolupdyr. Ol ýokary kürsüleri eýeläp, bütin dünýä eýýäm taýýar edilen, gowrulan hem üstüne sogan sepilen, limon suwy berlen çişlik ýaly onuň öňünde ýatyrmyşyn. Eliňi uzat-da, hözirini görüber. Ine, bir gezek, ol eýýäm akademikkä, birnäçe baýragyň eýesikä, aýaly özi-de duýmazdan: — Wah, sen nämüçin altyn balyjakdan zehin hem dilemänsiň? - diýip sorapdyr. Şahyry göýä ýyldyrym uran dek bolupdur, ol şu geçen ýyllarda özüne nämäniň ýetmeýändigine akyl ýetiren ýaly duýga uçrapdyr. Ol ylgap deňze gidipdir-de altyn balyjaga ýalbarypdyr: — Balyjak, balyjak, maňa azajygam bolsa, zehinem beräý-dä. Altyn balyjak jogap beren: — Men seniň islän zatlaryň hemmesini berdim. Islän zadyňy indem eçilip bilerin. Emma zehin diýeniňi welin, berip bilmerin. Şahyrana zehin meniň özümde ýog-a. Şunlukda, zehin ýa-ha bar, ýa-da ýok. Ony hiç kim berip bilmez, hiç kimem eliňden alyp bilmez. Zehinli bolup dogulmak gerek. Biziň altyn balyjak tarapyndan islegi duşan şahyrymyz, özüni tizara tawus ýelegine beslenen garga ýaly duýupdyr. Ýasama ýelekleriniň gözelliginiň hem tizara boljagy bolupdyr, üstesine şu geçen ýyllar-da onuň öz perleri-de dura-bara dökülip başlapdyr we şahyr öňküsindenem gözgyny hala düşüpdir. Doga-dileg köp gaýtalanyň bilen gymmatyny ýitirmeýär, menem muny ýene bir gezek gaýtalaýaryn: Ýazmak üçin zehin gerek, emma ol, eger altyn balyjakda-da ýok bolsa, sen ony nireden taparsyň? Kakam gürrüň beripdi. Uzak obalaryň birinden bir dagly ýigit kakamyňka gelip, özüniň goşgularyny okap bermäge başlapdyr. Kakam ony ünsli diňläp, goşgularynyň has gowşak hem ýaramaz ýerlerini belläpdir. Soň ol dagla özüniň- Gamzat Sadaseniň bu goşgulary nädip ýazjakdygyny görkezipdir. — Ýöne gadyrly, Gamzat — diýip, ol dagly ýigit dillenipdir: — Siziň diýşiňiz ýaly, ýazmak üçin zehin gerek ahbetin! — Sen mamla, biraz zehin saňa artykmaçlyk-ha etmezdi. — Ony nirden alyp bolarka, maslahat berseňizläň — diýip, dagly, Gamzatyň sözündäki ýaňsa düşünmän sorapdyr. — Men şu gün dükanlara aýlandym welin, ol ýerde-hä zehin ýok eken. Belki, bazardan gözlärsiň. Adamda zehiniň nireden döreýändigi belli däl. Oňa zehini topragyň eçilýändigi ýa-da asmanyň hem peşgeş berýändigi belli däl. Belki-de, zehin zeminiň hem-de asmanyň perzendidir? Onsoňam onuň adamyň niresinde: ýüregindemi, ganyndamy, beýnisindemi — ýerleşýändigi-de belli däl. Belki-de, zehin ynsan balasy dünýä inen badyna onuň kiçijik ýüreginde orun alýandyr ýa-da külpetli alys ýol söküp, ynsany tapýandyr? Zehini iýmitlendirýän zat näme: söýgümi ýa-da ýigrençmi, şatlykmy ýa hasratmy, gülkümi ýa-da gözýaşmy? Belki, zehiniň öseri ýa-da berkäri ýaly bularyň barysy-da gerekdir? Ol nesilden-nesle geçýärmi ýa-da adam ony öz ähli gören, eşiden, okan, başdan geçiren, akyl ýetiren zatlarynyň netijesinde toplaýarmy? Zähmetiň netijesimi ýa-da tebigatyň oýnumy ol? Adamyň dünýä inendäki gözleriniň reňkimi ýa-da adamyň her günki irginsiz türgenleşikleriniň netijesi bolan muskullarymy? Bagbanyň azap edip ýetişdiren alma agajymy ýa-da alma agajyndan tänip, çaganyň eline düşen almamy? Zehin — bu nähilidir bir syrly närse, megerem, hemmeler Zemin hakda, onuň geçmişi hem geljegi hakda, hemmeler Gün hem ýyldyzlar, alaw hem güller hakda, hatda Adam hakda-da ähli zady bilenlerinden soň, iň ahyrky nobatda zehiniň nämedigine, onuň nireden döreýändigine, nirede ýerleşýändigine we onuň nämüçin ol adama däl-de, hut bu adama miýesser edýändigine akyl ýetirseler gerek. Iki sany zehinli adamyň zehini bir- biriniňkä asla meňzemeýär. Onsoňam zehin özüne eýe bolan adamlaryň daşky keşpleriniň çalymdaşlygyna, meňzeşligine dahylly däldir. Men öz kakama juda meňzeş bolan adamlara köp duşdum, emma kakamyň zehinine welin, hiç ýerde duş gelmedim. Zehin nesilden-nesle geçmeýär, eger şeýle bolaýsa, sungatda diňe dinastiýalar höküm sürerdi. Dana kişiden akmak ogluň dogulýan halaty az däl, akmagyň ogly bolsa, dana kişi bolup ýetişip biler. Adama ornaşan zehin ol adamyň ýaşaýan döwletiniň beýikligi, halkynyň sany barada hasap soramaýar. Zehin misli ýyldyrymyň çakyp gitmesi, asmandaky älemgoşar ýa-da ygala umydyny ýitiren teşne çöle ýagynyň ýagyşy kimin juda seýrek, garaşylman durka, geň ýagdaýda peýda bolýar. Men nädip gonagymy ýitirdim. Bir gezek men öz iş stolumyň başynda otyrkam, öýüme bedew at münen bir ýaş ýigit geldi: —Salawmaleýkim! —Waleýkimessalam! —Men seniň ýanyňa möhüm iş bilen geldim, Rasul. —Öýe gir-de, haýyşyňy stoluň üstüne dök bakaly—diýip, men degişdim. Ýaş ýigit, hakykatdanam, jübüsinden birnäçe kagyzjygy çykaryp, stolumyň üstünde goýdy. Olaryň ilkinjisi meniň kakamyň uly gonagynyň, galyberse-de, meniň hemişe myhmanym bolýan adamyň haty eken. Ýagny, haty biziň öýümiziň we maşgalamyzyň dosty ýazan ekeni: «Gadyrdan Rasul, bu ýigit biziň ýakyn garyndaşymyz hem oňat adam. Oňa özüň ýaly tanymal şahyr bolmaga kömek et.» Galan kagyzlar oba güwänama, kolhozdan güwänama, partiýa guramasyndan güwänama we häsiýetnama ekeni. Oba sowetden berlen güwänamada «Pylany pylany ogly, hakykatdanam, Kahab-Rosoly meşhur şahyr Mahmydyň ýegeni we oba soweti ony tanymal dagystan şahyrlarynyň hataryna mynasyp dalaşgär hasaplaýar» diýlip ýazylypdyr. Beýleki güwänamalarda Mahmydyň ýegeniniň ýigrimi bäş ýaşynyň dolandygy we onuň dokuz synpy tamamlandygy, özüniňem janynyň tut ýaly sagatlygy ýa- zylan eken. —Onda näme, gaty gowy-da —diýip, men aýtdym: — Gel, seniň eserleriňe göz aýlap göreli. Belki, sen, hakykatdanam, zehinlisiň, belki, wagty gelende, meşhur şahyr bolubam ýetişersiň. — O nähili! Ýöne meni seniň ýanyňa goşgy ýazmagy öwrederiň üçin iberdiler ahyryn. Men hiç wagt goşgy ýazyp görmesem näme?! — Sen näme bilen meşgullanýarsyň? — Daýhançylyk edýän. Emma ol işden görýän bähbidim-ä meňki bolsun diýerlik däl. Zähmet günlerini ýazýarlar, soňam hiç zat tölänoklar. Maşgalamyz bolsa uly. Ine, onsoň, meni şahyrlyga ýollamaly diýen karara geldiler. Daýym Mahmydyň kolhozda işländäkilerden köp gazanandygyny bilýärin. Aýdyşlaryna görä, Rasul, senem ummasyz pul alýamyşyň. — Men seni näler islesemem, şahyr edip bilmezmikäm öýdýän. — O nä? Men Mahmydyň ýegeni ahyryn! Güwänamalarda-da ählisi görkezilen. Meni oba sowetem, partgurama-da teklip edýär. — Sen Mahmydyň ogly bolsaňam, etjek alajym ýok! Belli bolşuna görä, Mahmydyň öz kakasy asla şahyr däl-de, kömürçi bolupdyr. — Onda, hany, adalat? Siz, şahyrlar hem ýazyjylar bärde - Mahaçgalada, edebiýatyň ýaglyja läşini hezil edinip çekeleýärsiňiz, heý, maňa-da azajygam bolsa, içgoşy beri ýetmezmi? Indi men näme etmeli? Maňa nirädir bir ýere ýerleşmäge kömek et. Güwänamalarym ýerbe-ýer. Biz oňa Mahmydyň ýegeni hökmün-de edebiýat gaznamyzdan biraz kömek puly berdik. «Dagelektromaş» zawodynyň direktory meniň towakgam boýunça ony işe aldy. Ýöne, her niçigem bolsa, tanymal şahyr bolmaga mynasyp dalaşgär öz ykbalyndan nägile bolan eken. Tizara onuň kakasy, biziň gonagymyz maňa nägile äheňde hat ýollapdyr: «Seniň kakaň Gamzat meniň ähli haýyşlarymy hemişe bitiripdi. Ol hiç haçan maňa «ýok» diýmändi. Sen, Gamzatyň ogly, şeýle kiçijik haýyşymdanam - meniň oglumy şahyrlyga ýerleşdirmekdenem boýun gaçyrdyň. Görnüşi ýaly, sen ulumsy bolupsyň, Rasul, kakaňa çekmänsiň. Men hiç wagt öz gonaklarymy çalyşmandym, indi şeýtmeli boljak öýdýän.Hoş gal». Ine, şeýdip, men zehin ýa-da onuň düýbünden ýoklugy zerarly oňat gonagymy ýitirdim. Meniň gonagym, hakykatdanam, oňat adamdy, ýöne ol hiç kimiň: Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň, partguramanyň kätibiniň, beýleki ýolbaşçylaryňam, goýun etini paýlan kysmy, zehin paýlap bilmejekdigini bilmeýärdi. Ýa-da Dagystanyň kötel ýollary bilen barýan mahalyň, sen mas ýüklenen arabanyň daga dyrmaşyp barýandygyny görýärsiň, bir adam ony ýokary çekýär, beýleki bolsa yzyndan itýär. Ýa-da, uly ýük ulagynyň gara batyp galan kiçijik «Moskwiç» ulagyny demir urganly süýräp barýandygyny görýärsiň. Ýa-da, tiz ýöreýän ýeňil ulagyň öňünden barýan äpet ýük awtoulagynyň oňa ýöremäge päsgel berýändigini görýärsiň, darajyk dag ýoly ýeňil ulaga öňden barýan agyr ýük ulagdan ozup geçmäge päsgel berýär. Şonuň üçin, zehin araba däl, iki bolup, yzyndan iter ýa-da süýrär ýaly; zehin «Moskwiç» däl, demir urganly süýrär ýaly; zehin öňdäki agyr ýük ulagyndan ozup we öňe myçyp gidäýer ýaly—ýeňil ulag däl. Zehini yzyndan itmek ýa-da elinden dartmak gerek däl. Ol özüne özi ýol arçaýar we hemmelerden öňe geçýär. Ýöne heniz özlerini ýa-ha iteklärler ýa-da süýrärler diýip, umyt edýän adamlar hem az däl. Rasul GAMZATOW. Terjime eden: Hemra HUDAÝGULY. "Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||