23:11 Dostlaryňyzy goraň | |
DOSTLARYŇYZY GORAŇ
Goşgular
Dost bilen duşmana belli baha kes, Dostuňa gaharyň gelmegi ahmal. Günälejek bolma gyzmalyk bilen, Içiňi dökmäge howlukma her hal. Belki, diostuň özi howlukmaçlykda, Tötänden göwnüňe degendir seniň. Ýalňyşyna ökünendir ýene-de, Günäsin ýatladyp durmagyn onuň. Adamlar, biz gitdigiçe garraýas, Aý-günlermiz geçirp durlar görnetin. Dostuňy ýitirmek şeýle bir aňsat, Ýöne tapmak welin çetindir, çetin. Eger wepaly at agsasa büdräp, Ýene-de büdrese öňküsi ýaly. Çalyşmaga howlukma sen atyňy, Ony günäleme, günäle ýoly. Adamlar, men sizden edýärin haýyş, Ak ýüreklilikden çekinmäň hergiz. Şeýle känem däldir dünýäde dostlar, Dostlarňyzy elden gideräýmäň siz. Men bolsa uýardym başga pikire, Ejizlige erbetlikdir öýderdim. Näçe dostlam menden daşlaşyp gitdi, Şeýdip, köpüsini elden giderdim. Soň ömrümde bolup geçdi köp waka, Ökündim, göwnüme köp çiglik gitdi. Durmuşyň kötelli ýodalarynda, Şol ýitiren diostlam ýetmezlik etdi – Ýa meni bagyşlap bilmän gidenler, Ýa meň günäsini geçmediklerim. Meni bir wagtlar ýürekden söýen, Dostlar, indi sizi küýseýärin men. Rusçadan terjime eden Baýramjan GURBANMUHAMMEDOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 17.02.1979 ý. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |