09:45 "Ras, gije gapyňy myhman kakdymy..." | |
• Resul Gamzatow hakda
Goşgular
Dagystan ASSR-nyň halk şahyry, Lenin hem Döwlet baýraklarynyň laureaty Resul Gamzatow 1923-nji ýylda Dagystan ASSR-nyň Hunzah raýonynyň Sada obasynda, meşhur şahyr gamzat Sadasanyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol Aranin oba mekdebinde, Buýnakdaky pedagogik uçilişede okaýar. Resul Gamzatow ilki öz okan mekdebinde mugallymçylyk edýär, soňra Gamzat Sadaýew adyndaky Awar Döwlet teatrynyň edebiýat bölüminiň müdiri, "Maarul bolşewik" ("Dag bolşewigi") atly respublikan gazetiň işgäri, Dagystan radiokomitetiniň awar redaksiýasynyň redaktory bolup işleýär. 1945-1950-nji ýyllaryň aralygynda bolsa A.M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutynda okaýar. Okyjylar Rеsul Gamzatowyň goşgulary bilen ilkinji gezek 1937-nji ýylda tanyşýar, 1941-nji ýylda bolsa onuň ilkinji goşgular kitabyny okaýar. Rsul Gamzatowyň ilkinji ýygyndysynyň höwri ýyl geldikçe köpelýär. Türkmen tomaşaçylary onuň "Dagly gyz" dramasy bilen, ütrkmen okyjylary bolsa ençeme ajap goşgulary bilen öňräkden tanyşdyr. * * * Ras, gije gapyňy myhman kakdymy, Dagly bolsaň, adatyňy berjaý et: Terk et-de ukyňy, şirin ukyňy, Tur, gapyny aç sen, tur, basymjak ýet. Ähli il ýatanda ýyldyzly gije, Seni unutmasa aýdymly ylham. Tur ýeriňden, şahyr bolsaň, säginme, Döret, derrew döret owazly mukam. * * * Dura-bara kenaryndan çekilip, Peselip barýar diýp Kaspiniň suwy, Başyny ýaýkaýar alym, ýazyjy, Hatda şahyryň-da basylýar howy. Nähakmyka diýýän ätiýaçlary, Aňsat peseläýmez gojaman Hazar. Gaýtam kä adamyň ownap, peselşi Meni oýlandyrýar, kän berýär azar. * * * - Eý, edenli erkekler, halyňyz niçik? - Erbet aýal sataşsa, ýaman nalaýas. - Eý, edenli erkekler, halyňyz niçik? - Oňat aýal sataşsa, keýpi halaýas. - Eý, gumrular - aýallar, niçik halyňyz? - Ugursyz är ýoluksa, günümiz gara. - Eý gumrular - aýallar, niçik halyňyz? - Idili är duşsa-da, kalbymyz ýara. * * * - Bahar, seň baýlygyň, görküň nämede? - Men-ä gaty geň görýän seň bu sözüň. Meň aýdanym bilen düşünmersiň hiç, Daga düşen gary görmese gözüň. - Ýaşlyk, seň baýlygyň, görküň nämede? Guwanjyň nämede, nämede hoşuň? - Meň aýdanym bilen düşünmersiň hiç, Ynsan ogly, kümşe dönmese başyň. Terjime eden Ata ATAJANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.12.1965 ý. | |
|
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Ol hojanyň aýagy batga batyp galanda... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||