23:55 Türkmen zenanynyñ mertebesi | |
Emine Törrügiñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
02.04.2023 ý. Tüýs türkmen zenanlar kimlerdir? Geliň, zenanlaryň waspyny bir-birden sanalyň: 1). Biz Oguz hanyň neslinden. Iki perişdäniň lowurdan yşkyndan dörän gunça. Düýn ene-atanyň mähirden doly gursagynda dem alyp, boý çeken näzik ýürekli çaga, sallançakda eneler höwdüsinden ylham alyp, dil açyp, saýran elwan gül biz. 2). Bu gün bolsa joşup akýan mähir çeşmesinden baglary suwaryp, täze düwen gül-gunçalarynyň solmagynyň öňüne geçýän hamrak zenan biz. 3). Asyrlar boýunça, gelýän ene dilimizi gorap, özümize borç bilip, mirasymyzy geljek nesle gowşurjak zenan biz. 4). Oguldyr gyzlarymyzyň ähmiýetine garap, dogry suratda terbýeläp, bähbitli ynsanlary köpçülige hödürlän gahryman zenan biz. 5). Gyzgyn yşkymyz hem-se şirin labzymyz bilen ýylgyryp, ençeme dörejek agzalaçylyklary, içeri maşgalamyzdan sowýan dana zenan biz. 6). Ýaş ýigidi ata ornuna we ýaş gyzy ene ornuna ýetirip, şadlyk bilen köşgüni bezän zenan biz. 7). Öýüň ojagynda, yşkyň öçmez oduny lowurdadyp ýakyp, gyzgyn mähirler bilen ýüreklerden buzy eredip, gyş günlerini, ýaza meňzeden zenan biz. 8). Ak süýt beren hamrak enelerimize, zähmet derini saçan gahryman atalarymyza hem-de maşgalasyna janyny pida kylan eziz başdaşymyza abraý getirip, gerçek dogumly ärleri dogrup, daga meňzeden zenan biz. 9). Gökdepe söweşinde, ganymyň garşysynda, ar-namysyn gorap, bilini berk guşap, eline ýarag alyp, çalyşan batyr gahryman zenanlaryň kökünden ýaýran zenan biz. 10). Zenanlaryň hakydyr ganat bekläp gök asmanda erkin uçmagy. Erjel bolup, pugtalyk bilen öz hakymyzy gorajak zenan biz. 11). Aňlarymyzy günbe-günden ösdürip, öz beýik ornumyzy, gorap saklajak zenan biz. 12). Zenan halky gurlan giň dünýäniň paýasydyr, hamraklara hamrak we zoruň öňünde-de baş egmäni, durkumyzy gorajak tüýs türkmen zenan biz. Geliň indi, öz beýik derejämizi hormat bilen saklajak bolalyň. • Awtor hakda Emine Törrük 1352-nji hijiri şemsi ýylynda, Eýran Türkmensährasynyñ Gülüstan welaýatynda, häzirki Siminşäheriñ Gargy böleginde dünýä indi. Emine Törrük başlangyç bilimi Gargyda we Omçalyda, orta bilimi Mazenderan welaýatynda, Neka şäherinde alýar. Psihologiýa boýunça ýokary okuw jaýyny tamamlan Emine Törrük häzirki wagtda mekdepde türkmen dili mugallymy bolup işleýär. "Meñ obamyñ gyzlary" goşgular kitabynyñ, "Aşyk bürgüt we sülgün gyz" dessanynyñ awtory Emine Törrük Kümmethowuzyñ "Miras" edebi jemgyýetiniñ agzasydyr. Emine Törrük Mazenderanyñ Behrşähr şäherinde ýaşaýar. Maşgalaly, iki çagaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||