23:59 Yşky döretsem | |
YŞKY DÖRETSEM
Goşgular
![]() Gojalyk şemaly, öwsüp gelse-de, Saçlarym sypalap, ýele daratsam. Yşk ody bagrymy kesip dilse-de, Geljege umytly yşky döretsem. Öýlerde ýazylsa yzzat saçagy, Haýbatly ädimler bezär dünýäni. Açylsa il üçin, ylym gujagy, Bilbiller saýraşar, gamy duýmany. Ýesiri kiçeldip, ejiz bilmäňiz, Çeşmäni joşuryp, dagy syndyrar. Akly ýetne diýip, namart bolmaňyz Düzgünler döredip, bagty indirer. Buýsanar, daglara garap läleler Baş egmez näkese, ýaýar akylyn. Söýginiň mährinden dörän balalar, Altyna gaplarlar ene nakylyn. Türkmeniñ gyzy sen uçup asmana, Güneşden alarsyň paýyň geljekde. Ýol berme, hakyňa aýak basmana, Sargydyň ýollagyn, deňlik biljege. Emine TÖRRÜK (Türkmen gyzy). | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||