15:24 Gunça | |
GUNÇA
Goşgular
Pudakda bir gunça, nazarym düşdi, Halyna ýüregim gaýnady, joşdy. Täze düwen naýça, ösmänkä bugün, Silkelenip ýere, şahadan gaçdy. Oýlansa, enesi islegin biler, Düşuünse, "ah" urup, bagryny diler. Mekdepde sapagy, almaly wagty, Ak maýaň ustunde gözlere iler. Saklalyň gunçany ýellerden gorap, Gitmesin pudakdan döşüni süýräp, Pähim_paýhas alsyn, aýdan_güneşden, Akyl käse dolman, solmasyn çüýräp. Gijäni_gundizi saýgaryp görsün, Geljegiň enesi, goralyp dursun. Ylmyna buýsanyp, gezmeli heniz, Ýaşaýyş durmuşyn, wagtynda gursun. Goý, össün gyzlarmyz daglara garap, Ýollamaň gunçany ýaşmagyn orap, ''Türkmen gyzy '' sözle gelejek nesle, Erkana ýaşasyn hakyny sorap. Eyranly ýaş zenan şahyra Emine TÖRRÜK. . | |
|
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Eý, Habybyňdan gelip, hamdyňda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |