15:27 Ýazasym gelýär | |
ÝAZASYM GELÝÄR
Goşgular
Türkmen çekip gelýär, agramly ýüki, Aý-günüň şöhlesi çagalaň haky, Erkinim bolsady ömürlik baky, Gökde seýran edip, gezesim gelýär. Ýyldyzsyz gijeden çykalyň ýagta, Gujaklar açylsyn güneşli bagta, Bir zaman jan dilim, münäýse tagta, Garaňky günleri bozasym gelýär. Hünärli gelniň bar haýasy bilen, Bezegdir köşgüne saýasy bilen, Dilin gorap ýürek aýasy bilen, Ýoluna janymy dözesim gelýär. Saýrasyn bilbiller baglarda gezip, Saklasyn dilini ballara ezip, Gün-günden gül açsyn, ülkämiz ozup, Söz bolup sährany bezäsim gelýär. Kökünden utanyp eý... gözün ýuman, Ölümdir bilene öz dilin gömen, «Türkmen gyzyň» sözün, örtmesin duman, Türkmeniň dilini ýazasym gelýär. ![]() Emine TÖRRÜK. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |