00:42 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Emine Törrük | |
Eýran türkmenleriniň şahyrasy: EMINE TÖRRÜK
Şygryýet melekleri
Emine Törrük 1352-nji hijiri şemsi ýylynda, hünär söýer maşgalasynda, Türkmensährada ýerleşýän, Gülüstan welaýatynda, häzirki Siminşäheriñ Gargy böleginde dünýä indi. Atasy merhum Gylyç pälwan Türkmensähranyň uly pälwanlarynyň hem-de aýdym-saz we edebiýat söýer ynsanlarynyň biridi. Emine Törrük başlangyç okuw-bilimlerini Gargy we Omçaly mekdeplerinde okaýar, soňra orta mekdep klaslaryny, Mazenderan welaýatynda, Neka şäherindäki orta mekdebinde yzarlap diplomyny alýar. Onsoň okuw ugrunda köp alada edip psihologiýa pudagynda ýokary okuw jaýynda okuwyny gutaryp, ýokary bilim derejesine eýe bolýar. Häzirki wagtda türkmen diliniň okuwçylaryna, türkmen diliniň kadalaryny öwredýär. Emine 9 ýaşyndan beýläk, atasyndan türkmen goşgy kitaplarynyň okamagyny öwrenýär. Şahyra öz ýaşlygyndan, türkmen edebiýatyna ykjam bolup, goşgy goşmaga başlaýar. ukyply we zehinli şahyra, öz ene dilini goramak üçin alada edýär. Emine Türkmensähradan daşda ýaşasa-da elmydama sähranyň gözel topragy ýüregine siňip, goşgularyny bezeýändir. Türkmensähranyň beýikligine we türkmen diliniň söz baýlygyna guwanyp, sähranyň görkana we gözelliklerini, türkmen gelin-gyzlaryna we ýigitlerine nygtap aýdýar. şu taryha çenli-de ençeme goşgulary döredip öz iline hödürledi. Onuň goşgularynyň mazmuny, köplenç köpçülige degişlidir. bu şahyranyň näçe goşgusy-da aýdym bolup, il arasynda ýaýrandyr. Hem-de Emine şahyra, türkmen dessanlaryny ýazmak üçin, edebiýat meýdanynda, öz galamyny syn edip ädim ädýär. paýhasly şahyra Emine Törrük, öz eserlerini il arasynda ýaýratmak üçin, öz ene diline saýrap, iki sany kitabyny goşgy we dessan mazmunlary bilen, taýýarlyk görüp, çapdan çykardy: 1. "Meň obamyň gyzlary" (bu eserde ýörite, goşgulary çap boldy). 2. "Aşyk bürgüt we sülgün gyz " dessany. Şahyra Emine Törrük Kümmediň "Miras" adyndaky türkmen goşgy we edebiýat ojagynyň agzasydyr. ol goşgy hem edebiýat meýdanynda, miras ojagynyň ýolbaşçysy, şahyr we ýazyjy mansur täbäriden ylham alyp, ony öz ussady hasaplaýar, şahyr mansur täbäri, "Türkmen gyzy" adyndaky edebi lakamyny, Emine şahyranyň adyna haslap, alyp barýan ýolunda, üstünlik arzuw edýär. bu gün bolsa, şahyra Emine Törrük öz ýanýoldaşy we iki sany ogly bilen, Mazenderan welaýatynyň Behşähr adyndaky şäherinde ýaşaýar. Elmydama galamy ýiti, jany sag we başy dik bolsun we içeri maşgalasyna-da saglyk arzuw edýäris. @ Neşirýatçy. • Yşky döretsem Gojalyk şemaly öwsüp gelse-de, Saçlarym sypalap, ýele daratsam. Yşyk ody bagrymy kesip dilse-de, Geljege umytly, yşky döretsem. Öýlerde ýazylsa, yzzat saçagy, Haýbatly ädimler bezär dünýäni. Açylsa il üçin, ylym gujagy, Bilbiller saýraşsa, gamy duýmany. Ýesiri kiçeldip, ejiz bilmäňiz, Çeşmäni joşuryp, dagy syndyrar Akyly ýetne diýp, namart bolmaňyz, Düzgünler döredip, bagty inderer Buýsanar, daglara garap, läleler, Baş egmez näkese, ýaýar akylyn. Söýginiň mährinden, dörän balalar, Altyna gaplarlar. Ene nakylyn. "Türkmeniň gyzy" sen, uçup asmanda, Güneşden alarsyň paýyň geljekde. Ýol berme, hakyňa, aýak basmana, Sargydyň ýollagyn, deňlik biljege. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |