14:27 Meñ obamyň gyzlary | |
MEÑ OBAMYÑ GYZLARY
Goşgular
![]() Ylym diýip oturan, Kitabyny göteren, Ýokar okuw gutaran, Meň obamyň gyzlary. Bolar iliň lukmany, Rakyplardan bukmany, Sözlerinden gorkmany, Meň obamyň gyzlary. Daň ýyldyza bakyşy, Dokma baslyk kakyşy, Geçirer güýzi, gyşy Meň obamyň gyzlary. Ylym gerekdir size, Goldamak borçdur bize, Galmaňyz halkdan yza, Meň obamyň gyzlary. Alkyş ediň bagtyna, Bu gün gyz, ertir ene, Ýalkym saçar aý-güne, Meň obamyň gyzlary. Obama baş ursaňyz, Myhman bolup barsaňyz, Haýalydyr görseňiz, Meň obamyň gyzlary, Maral gözli gözleri, Baldan şirin sözleri, Nuranadyr ýüzleri, Meň obamyň gyzlary. Çyksalar-da seýline, Wepalydyr iline, Sözlär ene diline, Meň obamyň gyzlary. Obasyndan daşlygy, Ýada düşýär ýaşlygy, "Türkmen gyzyň" hoşlugy, Meň obamyň gyzlary. Emine TÖRRÜK. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |