22:59 Zora zor diýmeli / satiriki hekaýa | |
ZORA ZOR DIÝMELI
Satiriki hekaýalar
Bu gün iş günümiz howsalaly bir waka bilen başlandy. Ýañy edara gelenimizem şoldy welin, bu habar ýyldyrym çaltlygynda hemmäniñem gulagyna baryp ýetdi. Ýagny, işdeşimiz Zorja Horjaýew däliräpdir. Eý, Hudaý, gör, nähili betbagtlyk. Görgüki düýnem bir enaýy işläpjik otyrdy. Şondan birnäçe gün soñ ýene bir howsalaly habar geldi. Ýagny, şu gün Zorja Horjaýew işe çykjakmyş. Ol keselhanadan düýn gelenem bolsa, öýde oturmak islänokmyş. Şol habaryñ ýaýramagy bilen ähli kişiniñ sesine suw sepildi. Nädersiñ, koridorda dagy adam göräýseñ. Hatda kabinetden hem ses-üýn çykanok. Garaşylýan pursat gelip ýetdi. Añyrdan agyr-agyr ädimläp gelýän Zorja Horjaýewi her kim açar sokulýan deşikden jyklap garşy aldy. Zorjanyñ bolsa bu zatlar piñine-de däldi. Ol öz iş kabinetiniñ gapysyny giñden açyp, girip gitdi. Şundan soñ hemmeler bir-birden boluşyp ugrady. Pişik basyşyny edip, onuñ gapysyndan jyklap gaýdanam boldy. Ýöne köp salym geçmänkä, aramyzdsn ýüreklilerem tapyldy. Olar ýaýdana-ýaýdana Zorjanyñ iş kabinetine girip, hal-ahwal soraşdylar. Däli diýer ýaly däl, gepi-sözi ýerinde. Ýöne gyzykly waka heniz öñde eken. Ynha, bu gün ýygnak güni. Hepdede geçirilýän şol ýygnaga hökman hemmämiz baraýmalydyk. Eger barmasañ, ilki bilen-ä Şirli Ýolbarsowyñ diline düşýäñ, soñ düşündiriş ýazýañ, galyberse-de, käwagt bir berilýän sylagdan hem el üzýäñ. Direktoryñ kabulhanasy adamlardan ýaña hyryn-dykyndy. Ýygnagyñ başlamaly wagty boldy. Ýygnagyñ başlany hem şoldy welin, gapydan Zorja Horjaýew girdi. Mundan öñ ýarym minut gijä galyp gelseñ al petiñden alýan direktor ony "gujak açyp" garşy aldy. - Hä-ä, Zorja jan geldiñmi? Hany gel bärik, gel. Ine, şu ýerdejik oturaý. - Arasynda töweregindäkilere azgyrylýardy. - Süýşüñ-how, ýer beriñ, süýş hany, süýş, süýş... Şeýlelik bilen Zorja Horjaýew hem direktoryñ sag gapdalynda ornaşdy. Şirli Ýolbarsowiç ýörite onuñ üçin aýdýan ýaly arasy bölünen öñki sözüni gaýtalady: - Gadyrly ýoldaşlar, ühüm-ühüm, men size işläñzok diýjek däl. Köp iş edilýär. Ýöne, şeýle-de bolsa, kärhanamyz plany wagtly-wagtynda dolup bilenok. Munuñ sebäbi içimizde birnäçe işýakmaz ýaltalaryñ bolmagydyr. Men olara... Direktoryñ şeý diýeni hem şoldy welin, Zorja tarsa ýerinden turdy. Ählimiziñ zährämiz ýaryldy. Biz-ä diretory bogjakmyka öýtdük. Hernä beýle etmedi. Ýöne ýumrugyny düwüp, söze başlady. - Bagyşlañ welin, Şirli Ýolbarsowiç, biz siziñ şu gürrüñleriñizden halys irdik. Onsoñam, şol nalajedeýin, döwlete plany kem tabşyrylmagyna sebäp bolýan-a siziñ özüñiz. Direktor görgüliniñ gözleri hanasyndan çykara geldi. Ol aljyrap, bir oña, bir bize ýüzlenýärdi. - Weý, Zorja jan, bu näme diýdigiñ boldy? Adamlar, saklaweriñ muny? Wah, biz nädeli. Ählimizem gözümizi tegeläp otyrys. Hiç birimizem onuñ tersine gaýdyp, saklamaga milt edip biljek däl. Sebäbi, lukmanlaryñ tabşyrygy şeýle. Onuñ elinde ýörite hatynyñ bardygyny öz gözümiz bilen gördük ahyry. Zorjanyñ bu sözlerine aramyzdaky el çarpmaga endik edinenleriñ birnäçesiniñ el çarpanlary hem tapyldy. Birläp-ikiläp "Urra!" diýenem boldy. Zorja bolsa barha joşýardy. - Ilki bilen-ä siziñ iş başarmaýanlygyñyz, galyberse-de, gara nebsiñiz. Ine, aýdaly, edaranyñ hasabyna indiki boljaklaryña çenli mellek ýer alyp, jaý saldyrdyñ. Ogullaryñ-a beýlede dursun, körekenleriñem maşynly etdiñ. Hany, şu oturanlaryñ haýsysy öz aýlygyna maşyn münüp bilýär. Käbir işlejek oglanlary bolsa bahana bilen işden kowduñ. Işleýänler hem berk galypda saklaýañ. Diñe öz aýdanyñ ýöremelimiş. Beýlekileriñki hasap däl. Işgärleriñ üpjünçiligi ýok. Gaýta bir bahanajyk tapyp, sylagdan-a bir goýýañyz, üstesine aýlygyndanam kesýäñiz. Bulara kim günäkär? Kim onsoñ bu ýerde höwes bilen işlär? Aý, umuman Zorja bu gün Zorjalygyny etdi. Adyny ödedi. Göwün solpusyndan çykdy. Ýene-de köp-köp zadyñ üstüni açdy. Ýygnakdan çykyp gelýänleriñ ýüzlerindäki şatlygy görmek üçin, siñe seretmek hökman däldi. Olar biri-birine bir zatlar diýşip ýylgyrýardy. Şeýdibem dabaraly ýygnak tamam boldy. Men bu ahwalata akylym haýran bolup otyrdym. Sebäbi, edara salnaly bäri şol kabulhanada başlyga garşy sözler henize çenli aýdylmandy. Bu gün bolsa, biz, taryhy wakanyñ şaýady bolduk. Birdenkä gapy açylyp, añyrdan göwnühoş ýylgyryp, Ataş girdi. - Bä-ä, ýygnak, gör, nähili hezil geçdi. Heziller etdim. - Ol şeý diýip, eýläk-beýläk gezmeledi-de, gyrada duran oturgyja keýpihon halda özüni goýberdi. Soñra bolsa şatlyk bilen seslendi: - Berekella, Zorja jan, berekella! Wah, menem däli bolsadym... Öwezgeldi ORAZGYLYJOW. "Watan" gazeti, 14.07.1995 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |