13:43 Arzuw köprüsi / hekaýa | |
ARZUW KÖPRÜSI
Hekaýalar
Olar şäheri aýaklap oturan obada ýaşaýardylar. Şäher bilen obanyñ arasyny bolsa derýa kesip geçýärdi. Derýanyñ üstünde bina edilen şol beýik daş köpri bu ikarany birleşdirýän ýeke-täk guşak. Emma ol köpriniñ haçan, kim tarapyndan gurlandygyny ne şäher, ne oba adamlary - hiç tarapam bilmeýärdi. Bu hakda asla pikir edýän beri barmyka?! Olam şeýledi. Diñe munuñ üstünden ýanynda ejesi ýa kakasy bolan wagty geçip görýärdi. Ýöne onuñ ýokarda birsellem durup, daş-töweregi, akyp ýatan derýany, köprä münüp gelýän, düşüp barýan adamlary synlasy gelýärdi. Şol ýerde durup, köp-köp arzuw edesi gelýärdi. Emma heniz kiçijekligi sebäpli, oña beýle mümkinçiligi berenokdylar. Şonuñ üçinem onuñ häzir bar arzuwy tizräk ulalmakdy. Ho-ol oglanlar ýaly köprä ylgap çykyp, ondan eýläk-beýläk geçip oýnamakdy. * * * Wagt geçdi. 13-14 ýaşa ýetdi. Deñli-duşly boldy. Indi oña köprä çykmaga päsgel berýän ýok. Hezil etdi. Isledigiçe älem-jahany synlady. Gör, nähili hezillik! Ine, bir günem köpriniñ üstünde şeýle halda sermest bolup durka, oglanyñ nazary ho-ol aşakda, ýañy basgançakdan ýokary galyp ugran ýaş çatynjalara düşdi. Olara gözi gitdi. Biri-birine gelşil berýän täze gelin bilen ýigidi synlap arzuw etdi. Özüniñem basymrak öýlenip, gelni bilen gol tutuşyp, köpriniñ basgançaklaryna deñ basyp çykasy, ine, edil şu duranja ýerinde durasy geldi. * * * Toý arzuwam hasyl boldy. Ýigrimi iki ýaşyny doldurmanka, bagty açylyp, obasynyñ gözel gyzyna öýlendi. Toý dabarasy dag aşdy. Ogludyr gelniniñ ýag-da bal kimin garyşyp gitmekleri ene-atany bir gez beýgeltdi. Gözden-dilden howatyr etdiler. Ýigidimiziñem kesesinden synlasañ armany ýokdy. Emma welin, onuñ şol arzuwy henizem ýüreginde möwç urýardy. Gelniniñ ak golundan tutup, köpriniñ üstüne çykmak, assaja öwüsýän şemala kürtäniñ añyrsyndan jyklaýan ejaply roýuny synlamak isledi. Şeýle-de etdi. Bagt guşunyñ golundan tutup, belent köpriniñ basgançaklaryna aýak basdy. Ýigit gelne bakyp ýylgyrdy, gelnem ýigide. Olar misli basgançak sanaýan terzde her basgançaga deñ basyp, ýokary galyp ugradylar. Onýança-da oglanyñ gözi özlerinden öñräkde barýanlara kaklyşdy. Ýañy ýörjen-ýören bolup ugranja çagajyklarynyñ hersi bir elinden tutup baryşlary, çagajygyñ bolsa oýun edip, aslyşyp, jykyr-jykyr gülküsi ony ýene arzuw kölüne batyrdy. Ýigit gelniniñ elini çalaja gysyp, olary görkezdi. Gelin hem näz bilen ýylgyryp, aýagynyñ burnuna garady. Hemmesi düşnükli. * * * "Bä-ä, wagtyñ şeýle çalt geçäýşini diýsene! Eýýäm iki ýyldan hem gowrak wagt geçipdir". Ol şeýle oýlary kellesinde aýlap oturyşyna, oýnap ýörenje oguljygyny synlady. Oña guwandy. Kaka bolanyna buýsandy. Bu günem gelnine şo-ol arzuwlaryny ýatlatdy. Gelin hem höwesek boldy. Olar tirkeşip, köpriniñ bäri çetine bardylar. Gülüşdiler, degişdiler. Oguljyklarynyñ hersi bir golundan tutup, ýokarlygyna gadam goýdular. Ine-de, köpriniñ üsti. Onuñ añyrsyna geçmek üçin heniz eslije ýöremeli. Ýöne howlukmadylar. Onsoñam bular bärik şeýle gelmän, öñki eden arzuwlarynyñ hasyl bolanyna şatlanmak, ýene-de köp-köp arzuw etmek üçin gelipdirler ahyryn. Ýaşlar bu ýerde uzak durdular. Töweregi synladylar. Agy-garany saýgaryp ugran posalajyklaryna her zat diýşip gülüşdiler. Oña nämedir bir zatlar görkezişdirdiler. Ahyrsoñy, basymrak ogullarynyñ ýetişip, ony öýli-işikli etmek, ata-ene bolmak arzuwy bilenem öýe dolandylar. * * * Hawa, wagtyñ salymy ýok diýleni. Ýañy ýalydy "pylanylar gelin edinýär" diýip, çakylykçynyñ toý çakylygyny oba ýaýyp ýöreni. Tüweleme, eýýäm olaryñ agtyga gözleri düşdi. Gör, nähili bagtyýarlyk, gör, nähili belentlik! Ähli arzuwyñ hasyl bolup dursa, gör, bu dünýe nähili hezillik! Är-aýal bolup, şeýle duýgulara ýürek besläp, çaý içdiler. Oýnaşyp ýören agtyklaryna lak atdylar, käýinen boldular. Ýöne ikisiniñem käýinjleriniñ soñy şatlykly gülkä ýazyp gidýärdi. Bir günem şunuñ ýaly çaý içip otyrkalar adamsy: "Eger-de sag-aman şol günlere ýetsek, agtyklarymyz bilenem geleris" diýip, eden ähtlerini aýalyna ýatlatdy. Aýaly "Goýsana, kakasy" diýip, näzirgense-de, göwünjeñ gopdy. Olar ähli agtyklaryny daşlaryna üýşürip, jagyl-jugyl bolşup, Arzuw köprüsine tarap ýola düşdüler. * * * Hawa, ine-de şol beýik daş köpri. Onuñ gaýra tarapa düşülýän çeträginde bir ýaşuly hasasyna ýaplanyp dur. Ýaşulynyñ döşlerini ýapyp duran jowur ak sakgaly assaja öwüsýän şemala silkme telpekli telpeginiñ buýralary bilen goşulyşyp ykjaýardy. Goja ümezlän gözlerini gözýetime dikip, esli durdy. Birdenkä bir zat ýadyna düşen ýaly yzyna garady. Ho-ol aşakda ejesiniñ elinden tutup gelşine, birinji basgançaga aýak basan çagajygy görüp, gözlerine nur çaýyldy. Köprä biri-birinden öñ çykmak üçin şapydyñlaşyp gelýän oglanlary görüb-ä çalaja ýylgyrdam. Basgançaklar bilen ýokary galyp gelýän ýaşlara nazary kaklyşanda bolsa, ýüreginde buýsanç joşdy. Ine, şol pursadam ileri tarapdan agyr mähelle peýda boldy. Olaryñ eginlerindäki tabyda gözi düşende, gojanyñ kalby lerzana geldi. Ýürek yzasyna tap gelip bilmedik göwre elenip gitdi. Merhumyñ jaýynyñ jennet bolmagyny dilän ýaşuly çala başyny ahmyrly yrady... Hawa, ol eýläk-beýläk geçýän ýaşu-garryny synlap, entekler durasy geldi. Emma goja beden argyn geldi. Ýöne şonda-da öñki endigine görä, mydama çaga gülküleriniñ ýañlanyp durmagyna, gapdalyndan ötüp giden ýaş juwanlaryñ bagtly, agzybirlikde ogul-gyzlaryna guwanmaklaryny, arassa asmanda häzirkisi ýaly Günüñ çogly nurunyñ bolmagyny, haýdaşyp geçen ýañky gölegçileriñ bolsa, mundan beýläj asla-ha bu köpriniñ üstünden geçmezligini arzuw etdi. Goja sag elini gözlerine kölegeledip, Güne baka garady. "Bä-ä, Gün eýýäm ýaşyberen oguşýa". Ol hasasyna agram berip, köpriniñ gyrasyndaky demre ýapyşdy-da, daş daş basgançaklardan emaý bilen aşak inip başlady. Şonda-da göwresini dik tutup, degre-daşa buýsançly garaýardy... Hem-de ARZUW KÖPRÜSI hakynda oýlanýardy... Öwezgeldi ORAZGYLYJOW. #edebiyatwesungat_99 | |
|
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |