21:35 Zyýarat ediñ! | |
ZYÝARAT EDIŇ!
Goşgular
Käte öwlüýälere zyýarat ediň! Olar taryhydyr düýnüň-geçmişiň. Agras duýgy gaplardany süňňüňi, Ýada düşer ähli günäň-etmişiň. Öwlüýä bir mukaddes-gudratly ýerdir, Ýadyňdan çykardar dawany-şeri. Parhy ýok, kim bolsaň bolyber munda, Iru-giç hemmäňem barmaly ýeri. Käte öwlüýälere zyýarat ediň! Gözüň düşer deň-duşlaryň guburna. Entek diriligňe edersiň şükür, Baran wagtyň merhumlaryň huzurna. Göz ýetirsiň özüňden has kiçileň, Bimahal ajalnyň ýetendigine. Senden has edermen,.. has baý kişileň, Bir gysym gum bolup ýatandygyna. Gursagňa dolar-da ýagşy niýetler, Päliňden gaýdarsyň, gelersiň toba. Darajyk öýüňem giňän ýalydyr, Öň sygman ýörseňem ullakan oba. Käte öwlüýälere zyýarat ediň! Goý, ýüregňiz umman deýin giňesin. Ýa birinden galan bolsa göwnüňiz, Aýrar kalbyň töründäki kinesin. Derdiň ýeňlär, diňe peýda taparsyň, Sag bolsaňam, bolsaňam ýa keselli. Baka giden pederleriň ruhy, Saga-kuwwat, hassa berer teselli. Göwnüňiz giňär-de, nurlanar ýüzler, Dökülibiýr etekdäki daşyňyz. Kalbyňyz kamys dek päklener, hemem, Aklyňyz durlanar, uzar ýaşyňyz. Käte öwlüýälere zyýarat ediň!.. Gurt NÄZLI. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||