09:11 Ýol ugrunda dile gelen setirler | |
ÝOL UGRUNDA DILE GELEN SETIRLER
Goşgular
● Ikilemeler Wezipe keseli ýaman keseldir, Bir ýerde eselder, birde peselder. Wezipesi kem-kem beýgelenden soñ, Öñki dek adam-a bolmady onsoñ. Bedasyla emel ýetse birzaman, Elindäkilere bor ahyrzaman. Ili-güni ýatlamady mes güni, Ilden haraý isledi ol, pes güni. Ýürekmi bir señ göterip ýöreniñ? Sen beýle doñbagyr nirden dörediñ? Gün kän, bir gün taýmañ mümkin kürsüden, Diýmesinler: "Şol pursaty görsedim!" Gepländen gep oñarmadykdan boldy, Ol ulalyp oñalmadykdan boldy. Bikemal bolanda maşgalabaşy, Aýdar-durar eken töwerek-daşy. Bir ýerde bijaý söz aýdaýsañ, eger, Wagt geler, ok bolup, özüñe deger. Diýlen sözüñ many-mañzyna düşmän, Nadan bir danany saýyp ýör duşman. Namarda hyzmat et, lagnat iýersiñ, Jomarda hyzmat et, serpaý geýersiñ. Jübüler pökgerip, dikelse tumşuk, Ilki bilen öýde bozular oñşuk. Ýüküñ tutsañ, haýyr bilen sogapdan, Çekinmersiñ, hiç bir sorag-jogapdan. Kimler berlen ömri oýnap geçirdi, Kimler ýanyp, sönüp, gaýnap geçirdi. Düz tutmasañ, niýetiñi-päliñi, Il aýnadyr, ýüzüñe diýr däliñi. Haramylyk bolsa, isleg-hyýalyñ, Illerden öñ duýar, ony aýalyñ. "Kişmiş iýseñ, çöpi bardyr" diýýäler, Dogry diýseñ, "nepi bardyr" diýýäler. Dost gadyry ýat üstünde bilnermiş. Är messebi zat üstünde bilnermiş. Erkek bolsañ, namysly bol, arly bol, Aýal bolsañ, ýeke gün bol - ärli bol. Ýaşa, abraýyñ dökülmez ýaly, Ýaşa, geçeniñe ökünmez ýaly. ■ Üçlemeler Çagañy söý, ýöne başa goýberme, Saklamasy kyndyr amanat zady, Ýetişen gyzyñy daşa goýberme. Gark bolýana otluçöpem gaýykdyr, Eklenç üçin azap etmek aýyp däl, Jany saga gedaý gezmek aýypdyr. Günleriñ bir güni görgüli boldum, Iş salyşyp kezzap-apylar bilen, Köp kişiñ öñünde bergili boldum. Apañ basyp, köçä sygmaýanlar bar, Tarhan bolan bolup kişi zadyna, Öz jübüsinden şaýy sowmaýanlar bar. Añsat ýerden şöhrat gazanjak boldy, Diñlenmedi, oñlanmady pikiri, Barybir, ýene-de ýaranjañ boldy. Tözli daýa diräp ýörseñ arkañy, Näçeräk wagtlap saklap bilerkäñ, Sen özüñe mynasyp däp sarpañy. ■ Dörtlemeler Kalbyñdan çykaryp, ham hyýalyñy, Ýola gitseñ, ýagşy tutgun päliñi. Bir ýat kişä näme ynansañ, ynan, Ýöne ynanmagyn, öz aýalyñy. Gowy yz galýandyr är bolan ýerde, Ogul-gyz galýandyr är ölen ýerde. Ýagan ýagmyrlaryñ tapawudy köp, Gowy ýaz bolýandyr gar bolan ýerde. Buýsançly baş herhal ar alýar eken, Waharman bişensoñ saralýar eken. Şagallara rowa görmän özüni, Namysy bar darka ýarylýar eken. Erkekler çäge däl, toýun bolmaly. Aýallar erkege boýun bolmaly. Eger erkek boýun bolsa aýala, Onda şol içerde "oýun" bolmaly. Her kimiñ niýeti - oña ykbaldyr, Ýagşynam, ýamanam tanadýan päldir. Dymmak - akyllylañ artykmaçlygy, Dymmak - hemme ýerde razylyk däldir. Gurt NÄZLIÝEW. # edebiyatwesungat_98 | |
|
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |