18:05

Adam bolmaly / satiriki hekaýa

ADAM BOLMALY

Sekizinji klasy gutaran badyma men kakama proftehuçilişä okuwa girjek diýdim. Şonda ol nädendir öýdýäňiz? Süýem barmagy bilen orta barmagynyň arasyndan başam barmagyny görkezdi-de:
– Me-saňa uçilişe! Hany, göreli, sen adam bolýaňmy ýa-da ýok – diýip, diwardan asylgy duran gamça elini ýetirdi. Ol ýaşka çapyksuwar bolan eken. Bir injigimiň gyzyp gidenini bilýän. Gamçyny ikinji gezek bulaýlaýança eýýäm mekdebe tarap ýumlugypdym.
Şondan soň men-ä mekdepde okuwymy dowam etdirip başladym, kakam bolsa ätiýaçdan fransuz göreşi bilen meşgullanyp ugrady.
Onunjyny tamamlan günüm ýüregi bire bagladym-da:
– Kaka, meň-ä şofýor bolasym gelýär – diýdim.
Bu gezek ol maňa öňkülere görä medeniýetliräk çemeleşdi:
– Şuny görýäňmi? – diýip, bäş kilolyk daş ýaly ýumrugyny burnumyň golaýjygyna eltdi. – Görýäňmi? Görýän bolsaň, bilýäňmi, näme etmeli? Adam bolmak gerek!
Ol şeýle diýdi-de, ýokary okuw jaýyna girmek üçin ýazylan arzanyň garalamasyny meniň öňüme süýşürdi.
Nägilelik bilen ýüzümi galdyrdym. Muny aňan kakamyň eýýäm jyny üýşüp ugrady. Ol eginlerini taýly gezek silkişdirdi-de, petekesini gaýşartdy. Megerem, fransuz göreşiniň bir emeli maňa taýýarlanýandyr diýip, düşündim-de, derrew onuň bilen razylaşdym.
Şondan soň men-ä ýokary okuw jaýyna ýerleşip, okap başladym, kakam bolsa ätiýaçdan sambo seksiýasyna gatnap ugrady.
Okuwyň aňsat däldigini öňem-ä bilýärdim welin, üçünji kursa baranymda muňa has hem oňat göz ýetirdim, şonuň üçin hem ýene kakam bilen ýüzbe-ýüz boldum:
– Üçünji kursy tamamlap çykaýsam bolmazmyka? Gutarylmadyk ýokary bilimli diýip dokument-ä berjekler.
Ol bu gezek maňa barmagynam görkezmedi, ýumrugynam. Ýöne şolary görkezen bolsa, oňat bolardy. Sebäbi sambonyň bir emeli bilen pyrlandyryp goýberdi welin, jyrryk zyňlan ýaly bolup honda düşdüm.
– Nätjek? – diýdi.
– Okajak – diýip, biragyz jogap berdim.
Şondan soň, islesem-islemesem, dördünji kursda okuwymy dowam etdirdim, kakam bolsa ätiýaçdan erkin göreşe ulaşyp gitdi.
Diplom alan günüm ony getirip, stoluň üstüne patlatdym.
– Ýeri, nähili, indi boldumy?
Her biri alty kiolgramlyk gantelleri elinde pyrladyp duran kakam ýüzüme-de seretmän:
– Ýok – diýip, jogap gaýtardy.
– Bolandyr – diýip, menem öz eňegime tutdum.
Ol elindäki daşlaryny gapdala oklady-da, şir ýörişi bilen maňa tarap ýöneldi. Heniz ýanyma ýetmänkä men eýýäm aspirantura girmek üçin minimumlarymy tabşyryp ýördim.
Kakam bolsa şondan soň boksa gatnaşyp başlan eken. Ynha, şeýde-şeýde men-ä häzir doktorlyk işimi ýazyp ýörin. Kakam bolsa karateniň emellerini özleşdirip ýör. Soňy nähili boljak – görmeli-dä. Ýöne kakamyň dek ýatmajagy-ha belli. Sebäbi karate sportuň eýmenç görnüşleriniň biri. Garaz, ol özüniň ýeke dikraryny hor etjek däl.
Wiý, ýogsa-da, bir zady aýtmagy tas unudan ekenim. Soň, görüp otursam, okan ýerlerime kakamyň özi hem az gatnamaýan ekeni. Şoňa-da nähili düşünesiňiz gelse düşüniberiň. Çakym, mugallymlar bilen hem ol meniň bilen çemeleşişi ýaly çemeleşipdir öýdýän! Ýogsa, bu gömükligim bilen men nire, alymlyk derejesi nire?!


Annageldi NURGELDIÝEW.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 486 | Добавил: Mahperi | Теги: Annageldi Nurgeldiýew | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Bagabat  
43
Ýaşlary nähili terbiýelemelidigini öwredýän hekaýa ekeni dont

0
2 Mahriiii  
265
tongue haladym

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]