08:04 Adamlar we guşlar | |
ADAMLAR we GUŞLAR
Guşlar geçýär, göçýär gökde bulutlar, Men bolsam şu ýerleň içerin suwun. Tebigata ýakyn, örän tebigy Adamlaň arasy – meniň arzuwym. Maňa şu ýerleriň daglary besdir Hem besdir şu ýerleň kümüň çeşmesi. Diňe şu ýerlerde ýüregim mesdir, Meň ýüregim öz ilimiň teşnesi. Guş bolmak arzuwam bolupdy mende, Çagalyk arzuwym guş deý uçmakdy. Göwnüme al şapak, asman, ýyldyzlar... Depämdäki bir elýetmez uçmahdy. Dagyň gujagyndan derýa akýardy, Meniň bosa bar höwesim Asmanda. Çaga köňlüm göge ümzük atýardy, Guwlar uçup – ýerde ýaprak poslanda. Indi bolsa ähli zatlar tersine, Gökdäki guşlara gidenok gözüm. Indi guş dilinden edýän terjime, Käte guşlar bilen oturyp özüm. Maňa öz ýurdumyň ýazyny beriň, Bu guşlara bolsa onuň Asmanyn. Guşlaň nagmasyny diňlesem-de men, Mydam adamlara gulak asýaryn. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |