18:29 Goltugy daşly adam | |
GOLTUGY DAŞLY ADAM
Men gorkamok mert duşmandan, Kimdir biriniň adyndan. Gorkýaryn ýüzi ýylgyrýan, Goltugy daşly adamdan. Goltugynda daş bar onuň, Ellerinde ýazyň güli. Şol daş bilen bermekçi ol Ýazzymaňlaýyňdan göni. Ýyllar geçer, eli gülli Şol adam çykmaz ýadyňdan. Men her zada garaşýaryn Goltugy daşly adamdan. Ýöne welin ulus iller Ýaşamaz ondan gorkup-da. Her näme bolsa-da, kişi, Daşy gizleme goltukda. Durdymuhammet GURBANOW. | |
|
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |