03:40 Ak çäge | |
AK ÇÄGE
Ürgün ak çägeden arassa zat ýok, Ýok bolansoň, kalbym şoňa deňeler. Gadym wagtda ak çägäniň üstünde Ak bäbegin dograr eken eneler. Şobada çaganyň göbegin kesip, Ýarasyna seper ekenler çäge. Garagumuň gujagynda türkmenler Tapar eken ähli dertlere çäre. Iglän çaga gyzgyn çägäň üstünde Aýakýalaň on bäş günläp oýnasa, Ýaňky çagaň synasynda ak çäge Nädersiň, ýekeje derdem goýmasa?! Çägäniň üstünde biten ýandagyň Kökem, gülem, balam derman dertlere. Şonuň üçin gadym döwürde kän bir Tebip gerek bolmandyram türkmene. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |