20:25 Annahal Baýhandan | |
WATAN
«Watan diňe halky bilen Watandyr», Dünýä şandyr milli Lideri bilen. Halky jebis bolsa, agzybir bolsa, Ony gaýra biler, Ileri biler. Onsoň dünýäň çar künjüne aýan bor, Sylag-sarpa artar gider ýaňadan. Ata-babalardan gelýän dowam bar, Bu türkmeni arşa götär Ýaradan. Baky nazar salar ata ýurduma, Dilegde perişde — pirdary bilen. «Watan diňe halky bilen Watandyr!», Hemem Arkadagly Serdary bilen. HAKA BARÝAN ÝOL Haka barýan ýollaň hemmesi dogry, Menzilleri aýlaw, Keman deý egri, Ähli adam hakykatyň yşkynda, Kyblagäh döredip köňül köşgünde. Ýaýnap, ýaýrap Biribaryň mülkünde, Seýil-seýran kylyp onuň dünýesin, Danasy, akmagy, ümsüm düňlesi, Gözi bilen görmek isläp Rebbin, Ýola düşýär, biri din bilen barýar, biri ýagşylykda hil bilen barýar, birisi mal döküp, jomartlyk kylyp, gazanjyny paýlap hakyň ýolunda, Şaýolda ýa ýoda, Çil bilen barýar. Kimse kalby bilen, ýüregi bilen, Uýup alym, aryf, ulamalara, Ynanjy, ygrary, messebi bilen, Gadym ata-baba mekdebi bilen, Ygtykady — uly il bilen barýar. Şahyr bolsa öňem görüp gelen deý, Ap-arkaýyn tarhan haty bar ýaly, Ak pata alan deý pirden-melekden, Arkaýyn ol Allasyna bil baglap, Hemme syrlar aýan, hemdem - ýar ýaly Gümra bolup goşgularna,şygyrna, Söýüp köňüldäki ylahy keşbi. Hakyň beren sözlerini paýlap ýör, Juda ýöntem ýaly barlygyň yşky. Ýalawaçlyk kylyp hyrka-donunda, Aşyklyk eýleýär hakyň ýolunda... TURAN GYJAGY Kirşini däl, syhap meniň jigermi, hemem gozgap könelişen ýarany. Ýogyn sesli gyjak, gadym kobuz deý, Adamzadyň duýgularnyň ýa:rany. Barbat sazanda deý goja dünýäni, Ylahy saz bilen etmeseň melul. Eýgerdiberenok, kämil söz içre, Demir deý mantykdan ýetmese delil. Okunyň daşyndan pyrlanyp ýören, Çal seri aýlanan gojaman dünýä. Näzik duýgularňy piňine alman, Gadymy ýolundan mytdyldap gelýä... Kirşiňi däl, syha meniň ýüregmi, syha, duýgularmy gozgasyn gitsin. Dünýäni ylahy sazlardan doldur, Zeminiň gamlary bozlasyn gitsin... ÝELLER ÖÝMÄŇE MEŇZEÝÄR Hol bir günki bahar ýeli, Başdan sypyrdy elwany. Şonda aşyk boldum weli, Duýmadyň hiç perwanany. Indi ýatlaýan geçeni, Söýenimi kir-kimirsiz. Örim aýagy Tejeniň, Derýaň gujagy ümürsiz. Ýakasy jeňňele dönüp, Ýylgyn, toraňňy basypdyr. Gökde guşlar berýär dönüm, Ganatlarny ýel asypdyr. Menem öňki nowjuwan däl, Işden soň hemra çekenäm. Öýümde-de garry aýal, Gün yrman ömri «çekelän». Ýöne köne çopanlar deý, Dilli tüýdük saýradamok. Ýürekleri gopanlar deý, «Ýarowjany» paýradamok. Öwüsýär ýazyň şemaly, Köňlüň taryn daraklaýar. Söýdürip sähraň jemaly, Meni kemsiz elekleýär. Ýeller öýmäňe meňzeýär, Özem ýumşak göwün ýaly. Ýaşlyk geçmişde dyňzaýar, Şahyr diýip öwünmäli. OGUZ - TÜRKMEN ÝOLY Guşagyndan hanjar asan, Ogzuň ýaşy soralmandyr. Il başyna düşen işden, Goç ýigitler goranmandyr. Gaýa kimin döşlerini, Polat sowut, galkan ýapan. Bitirip il işlerini, At üstünde bagtyn tapan. Heňňamlardan parran geçen, Tanalypdy ähli zaman. Oguz-türkmen ýolun açan, Gazanmandyr müňkür-güman. Beg ýaşap asyrma-asyr, Saýylyp dünýäň töresi. Ýazylyp şanyna eser, Nusga görüm-göreldesi. Yz goýup taryh gatynda, Beýik döwletleri guran. Gardaşy bedew atynda, Ynsan goragynda duran. Hak iş üçin ýola çykan, Ýigdiň ýaşy soralmandyr. Ýow gününde ýokdur bukan, Türkmen solup-saralmandyr. POEZIÝA Eý, gözel gyz, owadan gyz, näzli gyz, Saňa aşyk boldum doglan günümden. Gadym ertekileň üç şaha ýoly, Keserip-keserip çykdy öňümden. Eý, söýgülim, perisypat jenanym, Wadalaryň haçan ýetir myrada. Sözlerim ok, Kalbym buýnuz kemanym, Döndüm tükeniksiz hasap-mysala. Eý, Meýzana! Melekleriň melegi, Jilwe-näziň kemsiz eýlejek meni. Goşgulam doldurdy Ýeri-Pelegi, Beýle ryswa edip, neýlejek meni?! SARI GEÝ! (hindi äheňinde) Sari geý, dilberim, sari geýsene, Häzir meniň bar islegim, höwesim. Maňlaýa bagt haly basyp gelsene, Goşgy bilen dolaryn men öwezin. Owadan bolsa-da elwan köýnegiň, Gelşikli bolsa-da ýeňi, ýakasy. Bu durmuşda sentimental söýmegiň, Kinodaky hindi gyzlar sakasy. Şirin aýdymlary... çeýeje göwre, Näzli garaýşynda bar kämil söýgi. Meni şahyra hem mejnuna öwre, ýuguryp-ýuguryp ýetirdi eými. Sari geý, ezizim, sari geý, serwim, Gadymy duýgulaň tözlendi göwsi. Uzyn köýnegiň-de gelişýär hergiz, Ýöne şu gün hökman sari geý, gowsy. *** Maňa sygar iki jahan, Men bu jahana sygmazam. Seýit Nesimi. Nämä sygar meniň bu şahyr göwnüm? Asmanda-Zeminde edip ýör öwrüm. Nirde telwasyna rahatlyk tapar? Muňa misli ýüwrük iberilen çapar. Basganç-basganç bolup ylmy-hal içre, Mesti-şeýda bolup ahwallar içre. Çyrpynyp ýör dünýäň giňişliginde, Miwesi poeziýaň iýmişlerinden. Hümmeti asmandan, gudraty arşdan, Duýgy damarlary dartylan kirişden, Mekany köňlümde, meýli ýokarda, Ösüp baryp ýetdi soňky nokada. Indi uzyn gije şonuň yşgynda, Bolsun ýaz, tomus, güýz, hala gyş günde. Karar tapar lirikada sülmürär, Onsoň güllär, duýgularym düldürär. | |
|
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |