09:02 Artygyñ harmany | |
ARTYGYŇ HARMANY
Artygyň harmany— Artyk armany. Bu hakda oýlansaň, Bardyr köp many. “Bergiň” diýip, üýşüp geldi mähelle, Alan-aldy boldy birdem sähelde. Dag ýaly harmandan galmady däne, Çünki algydarlar däl ýöne-möne. Pökgi Wala, Halnazar baý, Babahan, Mämmetweli hoja, ýene Gully han... Ýatdan çykarmady guşuň paýyny, Artyk turdy kakyp donuň synyny. Ýöne açlygyndan ölmedi Artyk, Bolmady sürtük, Bolmady mürtük, Bu-da bir mertlik. Artyk harmanyny getirip sere, Muny ýatlamadym men ýöne ýere. Uly harmanlaryň köpelýän wagty, “Algydarlaň” ýene getirdi bagty. Pökgi Wala, Halnazar baý... Artyk bolsa otyr ýene gyrada, Bu gezegem oýum harman barada!.. 1984. | |
|
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |