19:53

Ata we ogul / hekaýa

ATA WE OGUL

Meret aga, aýaly Jemal eje üç gyzy, iki ogly ösdürip-ulaltdylar. Olary öýli-işikli etdiler. Indi özleri körpe ogullary Döwran hem-de gelinleri Sona bilen bile ýaşaýardylar.
Bir gün Meret aga goýry bagyň kölegesinde çaý içip otyrka, aýalyny ýanyna çagyrdy. Ol jaýlaşykly oturanyndan soň:
— Keýwany, dört-bäş gün bäri pikir edip ýörün weli, körpeleri özbaşlaryna öýli-işikli edäýsek, gowy bolarmyka diýýän. Goý, özleri arkaýyn ýaşasynlar. Nähili görýäň? — diýdi. Jemal eje:
— Kakasy, men körpeleriň häsiýetlerine belet. Senem şeýlesiň. Göwnemezler — diýip, adamsynyň ýüzüne seretdi. — «Haýyr işi jäht tut» diýipdirler. Dynç güni. Ikisem öýde. Çagyr ikisini-de ýanyma.
— «Haýyr işi jäht tut» diýipdirler. Dynç güni. Ikisem öýde. Çagyr ikisini-de ýanyma.
Ogul bilen gelin şobada ýaşulynyň ýanyna geldiler. Meret aga:
— Balalarym, Jemal ikimiz maslahat etdik — diýip, aýaly bilen edilen gürrüňi bolşy ýaly aýdyp berdi.
— Ýok, kaka, eje, beýtmäliň. Siz bilen arkaýyn ýaşaýarys. Köp otagly jaýymyz bar. Gürrüň jaýda-da däl. «Göwün sygsa, göwre sygar» diýýäň-ä özüň — diýip, ogly kakasynyň, ejesiniň ýüzüne mähir bilen seretdi. Gelin hem adamsynyň aýdanlaryny makullaýandygyny mälim edip, baş atdy.
Wagt geçdi. Ýaş çatynjalaryň bir ogly, bir gyzy dünýä indi. Özüne sala salanlarynda, Meret aga gyz agtygyna Şamar, ogul agtygyna bolsa Emir diýip at dakdy.
Agtyklar ösýärdiler, ulalýardylar. Ýeke ogullary bolansoň, ata-enesi Emiri läliksiredýärdi. Bu bolsa oglana ýaramaz täsir edýärdi. Oýnamaga gitse, deň-duşlary bilen tersleşýärdi, ata-enesiniň-de diýenini etmejek bolýardy. Bu ýagdaý ýaşulynyň gözünden sypmady. «Çagany ýaşdan...» diýlişi ýaly, ony irgözinden terbiýelemeseň, soň kyn boljagy bellidi. Ol bir gün ogluny, gelnini ýanyna çagyryp: — Balalarym, Emir kejirje, edepsizje çaga bolup ösüp barýar. Muny özüňizem aňýansyňyz — diýdi.
Ogly: «Hawa, kaka, şeýleräk öz-ä» diýip ylalaşdy. Gelin bolsa baş atdy.
— Ýürekden önen çaga gowy görülýär. Muňa söz ýok. Ol ýeke bolsa hasam. Ýöne söýgiňizi içiňizde saklap, läliksiretmejek boluň. Soňunam görübereris.
Şundan soň Meret aga Emire edep-terbiýe bermegi öz üstüne aldy. Onuň bilen öz deň-duşy bilen gürleşýän ýaly gürleşdi. Gujagynda göterip, ak süýt beren, islän zadyňy iýdirýän, tämizje geýindirýän, ösüp barýan boýuňa guwanýan ejäni, ekläp-saklaýan, ilhalar ogul bolup ýetişmegiňi tüýs ýürekden arzuw edýän kakany gowy görmelidigini, sylamalydygyny, hormatlamalydygyny gulagyna guýýardy. Bileje oýnaýan dostlary bilen hem agzybirje bolmagy öwredýärdi.
Çaga çaga bolýar. Bu aýdylanlaryň ählisini etmezligi ýa-da unutmagy mümkin. Şeýle bolansoň, Meret aga çaga terbiýesinde öňki tejribelerini gaýtadan aňynda janlandyrdy. «Dutar çalanymda, diňläp oturmasy bar. Gel, muňa dutar çalmagy öwredeýin» diýip pikirlendi. Soňam agtyjagyny ýanyna çagyryp:
— Emir jan, oglum, dutar öwrenesiň gelýärmi? — diýip sorady.
— Öwrenesim gelýär, ata!—diýende, çaganyň gözlerinde şatlygyň uçguny lowurdap gitdi.
Şeýle öwüt-ündewleri diňläninden, dutar çalmagy öwreneninden soň, Emir mähirlije, edeplije oglanjyga öwrüldi. Munda Jemal eje-de, Döwran-da, Sona-da çetde durmadylar.
Wagt geçdi. Emir asylly, edepli ýigit bolup ýetişdi. Ýokary okuw mekdebini tamamlap, öz hünäri boýunça işläp başlady.
Meret aga-da, Jemal eje-de ýetmiş ýaşdan geçdiler. Soňky günler Meret aganyň keýpi ýokdy, susty pesdi. Jemal ejäniň-de ýagdaýy öwerlik däldi. Bu ýagdaýlar Döwranyň-da, Emiriň-de gözlerinden sypmady. Olar wagt ýitirmän, bularyň ýanyna bardylar. Döwran:
— Kaka, soňky günler dutar çalaňok, hiňleneňok... Eje, seniň-de öňküligiň ýok. Näme bolýar size? — diýdi.
— Ogullarym, ysgynsyzlyk duýýan bedenimde. Garrylykdyr-da. Her zadyň wagty, mütdeti bar. Hökümini ýöredýändir-dä. Ejeňiziň-de ýagdaýy şeýleräk — diýdi.
— Onuň ýaly bolsa, ikiňiz-de lukmana görünmeli. Bir näsaglyk bardyr — diýip, Emir mähribanlarynyň ýüzlerine mähir bilen seretdi.
Meret aga:
— Bolýar, oglum, barsak, baraýaly — diýdi.
Ertesi Emir atasyny, enesini lukmanyň ýanyna alyp bardy. Lukman bulary birlaý gözden geçireninden soň:
— Ýaşulular, ikiňizde-de görnüp duran näsaglyk ýok. Süňňüňiz biraz gowşapdyr. Bu, elbetde, ýaşyňyzyň ululygynyň alamaty, täsiri. Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şypahanalar gurup berdi. Şolarda dynç alyň, saglygyňyzy berkidiň — diýdi.
Öýe gelenlerinden soň, Emir lukmanyň aýdanlaryny kakasyna gürrüň berdi. Soň olar çaý-nahar edinip, dynç alyp oturan Meret aganyň ýanyna bardylar.
— Geliň, geliň, ogullarym — diýip, Meret aga bulary gadyr bilen garşylady.
— Kaka, agtygyň hemme zady gürrüň berdi. Şaýyňyzy tutuň. Haýsy şypahana gidesiňiz gelse, Emir eltip gaýdar. Indiden beýläk, nesip bolsa, her ýyl iki-üç gezek şypahanalarda bolarsyňyz, dynç alarsyňyz, bedeniňizi berkidersiňiz — diýdi.
— Weý-weý, oglum, örän tizleşdirdiň-le — diýip, Meret aga loh-loh güldi.
— Ata, özüň aýdýarsyň-a «Haýyr işi jäht tut» diýip. Şonuň üçin wagt ýitirmeli däl — diýip, Emir hem gürrüňe goşuldy.
Şeýlelik bilen, Meret agadyr Jemal eje her ýylda iki-üç gezek «Mollagara», «Arçman», «Ýyly suw» ýaly şypahanalarda dynç aldylar.
Şondan soň gojaman göwrelere kuwwat geldi. Meret aga mal-gara seredýär, dynç alanda dutar çalýar, aýdyma hiňlenýär. Jemal eje-de gelnine öý işlerinde kömek edýär.
Ýaşulular adamlara şeýle eşretli günleri bagyş edýän Gahryman Arkadagymyza müň keren alkyş aýdýarlar, ýaşynyň uzak bolmagyny dileg edýärler.

Amanmyrat MAÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 511 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amanmyrat Maýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 genamoldabekov  
353
Саг бол агам

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]