10:44 Aýalyma | |
AÝALYMA
Goşgular
Ujypsyzja zady göwnüňe alyp, Neçün menden kine edýäň kämahal? Kese-kese bakýaň öýkelän bolup, Perizadym, biraz geçirimli bol. Hawa-da özümem biraz gyzmarak, Sähel zada gaharlanyp goýberýän. Bagrym ezmesene gussaly garap, Ähli gözellerden seni eý görýän. Keýwany,alada,ünji köpelip, Özümizi garratmaly biderek. Iýjek-geýjek zatlarymyzyň tapylyp Duranyna, şükür etmegmiz gerek. Keýwany,bir hili ýaşlar ötüşip, Ikimizem biraz garrap barýasmy? Tüweleme, çagalarmyz ýetişip, Olarda öz ýaşlygmyzy görýäsmi? Ýeri bolýar ýüzüň turşatmasana, Men ýöne degişen bolýaryn, häli. Kalbyňy gam-gussa gurşatmasana, Sen häzir juwan-la, şol öňkiň ýaly. Durmuşda şatlygam,gaýgam bar,garaz, Gürrüň ýaşlykda ýa garrylykda däl. Hany,çaý demlede, orta saçak ýaz, Özüňem öňki deý şadyýanja bol. Hany agtygyňy eliňe alda, Lak at,onuň ýylgyrşyny synlaly. Şulardan süýji zat barmyka ,walla? Goý,hemmeler bagtly bolsun sen ýaly. Goý,hemmeler bagtly bolsun men ýaly. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |