19:28

Balkanyñ

BALKANYŃ

Bahry-Hazarymdan Arkaja çenli,
Giñdir ýaýlalary, düzi Balkanyñ.
Halky mylakatly, açyk göwünli,
El-kyblaýa tarap ýüzi Balkanyñ.

Gujagynda ýatyr Bahry-Hazarym,
Huzyryna çekip hemmäñ nazaryn.
Tä ömrüm ötünçä waspyñ ýazaryn,
Sözlese şirindir sözi Balkanyñ.

Müñ magdanly Garabogaz aýlagy,
Dünýä gören däldir şeýle baýlygy.
Çekişleriñ işbil, bekre balygy,
Buýsanjydyr, görer gözi Balkanyñ.

Topragy altynly, nebitli, gazly,
Lälezar açylýan baharly ýazly.
Baýram şahyr, Nurberdi Gul owazly,
Molla Çäkli, Aşyrmämmet owazly,
Tuwakmyrat, Mähri, Leýla owazly,
Ile meşhur aýdym-sazy Balkanyñ.

Ýeri keramatly, hem sahawatly,
Injir, nar, zeýtunly, miwesi datly.
Hekim Işan deýin gujur-gaýratly,
Ýigitler ösdürýän özi Balkanyñ.

Dehistan getirer täze saýany,
Ata-babalarmyñ gadym mekany.
Beýik Magtymgulyñ dogan okany,
Bagtyýardyr ogul-gyzy Balkanyñ,
Halaldyr çöregi, duzy Balkanyñ.

Anna KOWUSOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 350 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Anna Kowusow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Jogabyny tapyp bilmedik sowalym / Goşgular - 08.02.2023
Алмаз / Goşgular - 09.02.2023
Keýpsizlik / Goşgular - 06.01.2023
Quasi una fantasia / Goşgular - 25.01.2023
Ф.Е.Коршу надпись на третьем выпуске «Вечерних огней» / Goşgular - 21.01.2023
Лира часов / Goşgular - 07.01.2023
После бала / Goşgular - 04.01.2023
Падение лилий / Goşgular - 03.02.2023
Pulsuz günüm. Duşuşykda / Goşgular - 06.01.2023
Goşgularym! / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]