01:20 Baýramhan | |
BAÝRAMHAN
Nirä düşüp, Nirelerden çykdy ol! Ahyrda-sa ýene geldi, Ýitmedi. Erkinligiñ aýdymçysy, serdary, Erkinleriñ arasyndan gitmedi. Nirä düşüp, Nirelerden çykdy ol! Tutaşdyrdy adalatyñ oduny. Ýagşy niýet ýaran boldy kalbyna. Buýsanç bilen aýdym edýäs adyny. Nirä düşüp, Nirelerden çykdy ol! Isläp eken dostluk güli gülledi. Aýdymyny äpet türkmen oglunyñ, Hindi halkam ýüreginde besledi. Nirä düşüp, Nirelerden çykdy ol! Ahyrda-da ýat bolmady, Ýitmedi. Ynsanlara ynsap dilän akyldar Öz iliniñ aýdymyndan gitmedi. Ata ATAJANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 12.08.1973 ý. | |
|
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |