15:05

Adam gaýtalanmaýar

ADAM GAÝTALANMAÝAR

Men ölemsoñ,
Ýagyş bolup,
Ýel bolup
Ýa-da sonar sähramyzda gül bolup,
Dolanyp gelerin ýene bu dünýä -
Diýen şahyr örän nähak öwünýä.
Ölensoñ,
Adamyñ çeşme-çaý bolup
Ýa-da güle gonan bilbile dönüp,
Ýazda ýyldyrym dek asmanda süýnüp,
Gaýdyp gelmejegne men güwä geçýän!
Men meteor kimin ömürlik öçýän...
Galat aýdypdyrlar gadym Grekler,
Dünýäde hiç bir zat gaýtalanmaýar.
Dolanyp gelmeýär
Hiç haçan
Hiç kim!
Her kimiñ öz durky,
Öz dünýäsi bar.
Meniñ ýazman giden setirlerimi
Menden soñ hiç kimse ýazyp bilmeýär.
Dünýäde hiç bir zat gaýtalanmaýar.
Dünýä täzelenýär!
Dünýä ölmeýär!

Ata ATAJANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 306 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ata Atajanow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Unutdym / Goşgular - 08.01.2023
«Пошутила я – и другу слово молвила…» / Goşgular - 19.01.2023
«Когда читала ты мучительные строки…» / Goşgular - 15.02.2023
"Ölen wagtym ymykly öldüriň meni..." / Goşgular - 01.01.2023
Боятся / Goşgular - 12.01.2023
"Gara syýa bilen ýazyldy..." / Goşgular - 03.01.2023
«В последний раз зову Тебя: явись…» / Goşgular - 13.02.2023
Мона Лиза / Goşgular - 09.02.2023
Şygyr ekeni / Goşgular - 06.01.2023
«Муза, погибаю!.. Глупо и безбожно…» / Goşgular - 19.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]