17:25 Bes! - diýýär | |
BES! - DIÝÝÄR
Ýer şarynyň ähli sada ynsany, Jellat, çek eliňi, indi bes! - diýýär. Gul etmek başartmaz saňa Liwany, Eglenme-de öz ýurduňa ös! - diýýär. Aýagyna gandal uraýar ýaly, Yzladyp mal kimin süräýer ýaly, Öz erkini saňa beräýer ýaly, Araplaryň senden nirsi pes! - diýýär. Näme üçin men ýagty dünýä geldim - diýp, Açylmadyk gunça ýaly soldum - diýp, Eý waý, eje, waý, ejejan, öldüm - diýp, Eşdilmesin dat-perýatly ses - diýýär. Bet hyýally, jellat, her ýan urunýaň, Ýaragyňy gezäp nirä sürünýäň? Näme özgäň mekanynda görünýäň? Baýlygyň aşygy sen näkes! - diýýär. Zemzen ýaly haýbat atyp çişme-de, Agzyňdan ot sowup öňe süýşme-de, Beýdip, jenap, oda-köze düşmede, Ganly ädigiňi yza bas! - diýýär. Baýram JÜTDIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |