00:15 Bir çarlagy agladypsyñ... | |
BIR ÇARLAGY AGLADYPSYÑ...
Soñ bir jeren öler ir-säher çagy... Ýangyç beketlerne giden ulagdan Akyp barýan ýaşylröwüş gözýaşlar Sarkýar haýsydyr bir yşkyñ gözünden... Suwuñ ukysy ýok! Suw düýşi bilmez! Düşürsinler meni seniñ ýüzüñden. Arzanja peýnirdir porsy meý bilen Gaýgy-gam, ýakymsyz ýatlama bilen Öýlänçi deý geçip gitdi ömrümiz. Ýogsa, kesip taşlaýsammy goşarmy, Arzan päki bilen, Ger oñlasañyz?... Şol wagt iñlärin çaga mysaly Arzan düşen söýgülere bulaşyp Poha batyp galan hokgabaz ýaly Yşkbazlañ iriñli ýaralaryndan Jerhet akar, şöhwet akar pörsüldäp Jerhet garym-gatym bolar şöhwete Ikiýüzli hyýanata ulaşyp... Aýrylşan aşyklar tapar gijäni Garpyşaryn ýene köçeme-köçe. Dyrnaklarmy böwse-böwse çykarlar Meniñ aýgyrlygym ýene, gör, nije... Sen ýüregme batan aýna gyýçagy Barha çümüp barýañ ynjy paýradyp. Ne bar bolup bar biz, ne ýok bolup ýok. Ne salama duşýas, ne ýitip gidýäs, Ýagyş ýagdy, ikimizem duýmadyk! Sen-ä maña tarap, Men saña tarap, gaçaýmasak. Irde-giçde barybir Garyşarys seniñ bilen durmuşa. Señ aýañda mahmal tutyñ külkesi Meñ saçyma güýz şapagy garyşa... Bir nätanyş zenan aýdym aýdanda, Biziñ adymyzy ýat eder geçer Kimler şanymyza içer, lül bolar. Soñra... soñra bir gün ýatdan çykarys Ornumyzda agyr argynlyk galar... Bir çarlagy agladypsyñ, dur, indi... Bu bolşumyz çagañkydan gowy däl, Olam öz janyna eder kast indi. Küçük ISGENDER. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||
| ||||||