06:55 Diňe sen hakda | |
DIÑE SEN HAKDA
Äpişgäni açyp ýagynly günde, Jahana ümsümlik giräýen çakda Otyryn saýlanyp, ýagyşy synlap Diňe sen hakda. Geläý, mähribanym, al-elwan geýnip, Goşa ýüzügmiziň taýyny dakda. Düýşüm, huşum boldy ençe ýyl bäri Diňe sen hakda. Toýda, märekede ýa-da ekranda, Goşa juwan göze ilen pursatda, Oýlanýan şolarda görüp gözüňi Diňe sen hakda. Käte gussalamdan sowulmak üçin, Gidýän başga ýurda, bolýan uzakda. Alyslarda barha artýar oýlarym Diňe sen hakda. Sebäp ömrüm, durkum bir saňa bagly, Bir-birekden näçe aýra bolsak-da. Galdy mende hemişelik bu oýlar Ýalňyz özüň hakda, Diňe sen hakda. 1979 ý. “Türkmenistan” gazeti, 15.04.1998 ý. | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |