01:03 Durmuş | |
DURMUŞ
Dostum Agabaý Çaryýewe - Hoş gal, balam, ýagşy niýet ýar bolsun, Razy... diýip, ýetişmedi soñuna... Jan berdi ejesi ogluñ elinde, Gör ajal nirede saldy çemine. Gör ykbal gurady niçiksi oýun, Perzendiñ elinde jan berdi ene. Otyr ogly balkyldadyp gözlerin, Hamana jan girjek sowaşan tene. Naýynjar garaýar, isleýär haraý, Ah, emma çäre ýok, äkitdi ajal. Ysgynsyz dodaklar çala gymyldap, Zordan pyşyrdady - "Nädäýdiñ, eje!" Ynha indi öz perzendiñ elleri, Oña bakan gözleriñi ýapmaly. Eýsem bu hasrata, syndyrman başyn, Dözer ýaly güýji nirden tapmaly. Wah, sen çarhy betpäl, ne güne goýduñ Garabagyr gara ýeri öpmeli... Gaýta hemmeden öñ, enäñ üstüne, Ogul ilki gysym gumy sepmeli! 1982. Gurban REJEBOW. | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||