20:40 Durmuş atly derýada | |
DURMUŞ ATLY DERÝADA
Ýüzüp ýörkäň durmuş atly derýada Kenarynyň bardygyny unutsaň, Per bermeseň, gussa, ahy-perýada, Şatlyk bolup ýagyp dursa bulutlar. Gulagňy gandyryp elwan gülleriň Ýuwaşja hiňlenýän aýdymlaryndan, Depäňde göterip asman gümmezin, Ýitseň sähralaryň ýaşyl ýolunda. Gökde ganat ýaýsa guşlaň aýdymy, Ömre bezeg berse ygşyldan baglar, Kalbyňy dörseler pyşyrdan baglar, Bolmasa hiç ýaşaýyşdan doýdumyň. Güýzler garrar. Baglaň ömri soňlanmaz – Dökülýän ýapraklar däl ölme sebäp. Ömür bolup ýazlar ýene doglanda, Tebigata dirilik suw sepeläp, Ýok, güller däl, sen gül bolup açylsaň, Dideleriň nury galsa her ýazda. Ak gyşlaryň ruhy bolup saçylsaň - Gark bolmasaň durmuş atly derýada… Dõwlet ANNAMYRADOW. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |