19:41 Düýnki ýagan ak ýagyşlar / romandan bölek | |
DÜÝNKI ÝAGAN AK ÝAGYŞLAR
Hoşlaşyk pursadam gelip ýetdi. Men gelnim Aksona bilen edil gapymyzyň öňünde iki deňemik, boý deňeşdirişip gujaklaşyp durun. Biz ýene sanlyja sekuntdan aňyrsy görünmeýän üç ýylyň aýralygyna berilmeli. Wagt geçip dur, gelnimiň hamala bir gujagyndan goýberse soň gaýdyp gelmez öýäýäne meňzäp meni goýberesi gelmän dur. Marynyň ortasynda ýerleşýän bu iki otaglyja jaýy biz ýaşamak üçin geçen ýylyň ortalaryna kireýne alypdyk. Biz häzir şol jaýyň bosagasynyň öňünde durduk. Meniň goşun gullugyna alynýanymy eşidip obadan ugratmaga gelen kakam bilen ýigdekçe inim Baba bizi arkaýynçylykda hoşlaşmaga ikuçäk galdyryp, ýas-ýaňyja, meniň ýanym bilen almaly goşhaltamy göterip daş işige çykypdylar. Uzakly agşam hoşlaşykda aýdylmaly sözleri hemmesi aýdylypdy. Şol pyşyrdaşyp, gujaklaşyp ýatyşymyza biz gijäniň bir wagty uka gidipdik. Şonuň üçin bolsa gerek, häzir biz geplemän diýen ýaly bir-birimiziň ýüzümize hyrydar gözleşip hoşlaşyp durdyk. Daş işikde meni yzyna düşürip, näbelli bir ýerlere alyp gitjek ýol ýatyrdy. Şol wagt meniň Aksonanyň gulagynda entegem durasym geldi. Emma gitmelidi... Şeýdibem meniň watana bolan gullyk borjum şu pursatdan başlandy. ...Ýaňy çatynjalaryň näme bir-birlerinden aýrylasy gelýärmi. Aksona ikimizem ýaňyçatynjadyk. men onuň bilen mundan bir ýyla golaý ozal, Marydaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap gelenimden soň, şol ýylyň tomsunda öýlenipdim. Ýogsam öňümde üstünden ätläp bolmajak, gitmek-goýmak, aýralyk bilen bagly borjuň barlygyny, özge deň-duşlaryma degişli bolşy ýaly onuň özüme hem degişlidigini bilýärdim. Ýöne şol wagt enem-atamyň ogul öýerip agtyk söýmek islegi boldymy, ýa-da deň-duşlarymyň öýli-işikli bolşup, özümi kem galyp barýan ýaly, duýdurmmy nämemi, nähili öýlenenimi hem duýman galdym... ...Gelnim öňdenem meniň tanamaýan maşgalam-a däldi. Ol öz obadaşymyz Juma şofýoryň gyzydy. Özi-de menden iki sany dagy pesde, meniň gyz jigim bilen okaýan gyzlaryň biridi. Hat-da ol soň eşidip otursam birki gezek dagy biziň öýmüze jigimiň eden boýdaş çakylyklaryna-da gelen ekeni. Şol gezekleriň birinde bolsa ol biziň öýmüze gelende onuň täze geýen köwşüniň bir taýpynyň ökjesi gopanmyş. Şu ýagdaýdan yrym tutanda soňra biziň öýüň adamsy boljagy hem belli bir derejede ünsliräk adam üçin belli bolan ekeni. Ýöne Aksona mekdepde okap ýörkäm, meniň synym düşüp, göwün ýüwürtmäme sebäp bolan gyzlaryň arasynda şol wagt ýokdy. Ol meniň üçin Juma şofýoryň tosunja gyzydy, menem onuň üçin göwni Kap dagynyň garyny basgylap ýören, Gaplaň traktorçynyň hyýalbentje ogludym. Belki men Aksona bilen ol Mara meniň okaýan ýerime okuwa gelmedik bolsa hiç wagt duşmasagam duşmazdyk. Şondan iki-üç aý öň kanikulda oba baranymda goňşulykda ýaşaýan agamyň öýünde men onuň kakasy Juma aga duşup, bir saçak başynda oturypdym. Agam Ýazy Juma aga bilen kärdeş bolup onuň bilen ýakyndan gatnaşýan baryş-gelişli adamlaryň biridi. Dogrusy şol döwür gyzlaryň gidip bir ýerlerde okamagy halanylýan zadam däldi. Ýöne Juma aga, okanlary gowy görşi ýaly öz çagalarynam okadanyny kem görmeýärdi. mekdepde gowy okaýan adamlara-da, olaryň geljekde okuw-bilimli boljagyna buýsanyp bilýän adamdy. Şol döwürler goňşy, obalarda on ýyllyk mekdep ýok bolansoň olaryň oglan-gyzlary gatnap biziň obada okaýardylar. Juma aga şeýle oglan-gyzlaryň Juma ýolda duranyny görse olary ertip gaýtmany-da kyn görmezdi. Gyzynyň okamak niýetiniň barlygyny hem ol şol gezek maňa aýdypdy. ...Ine bir görsem Juma aganyň gyzy, boýdaş gyzlary bilen pasyrdap okuwa gatnap ýör. Özi-de bir orta boýly, kakasyna çalym berip duran tegelekden boldumly ýüzli, ýaşlyk hyjuwy bilen darsyldap duran bir maşgala... Ine şeýdibem obadan ýüzlerçe menzil uzakda meniň obadaş gyza synymyň düşenligi belli boldy. Bu söýgi ekeni. Şeýdibem men söýgi jadysyna özümiň nähili düşenimi duýmanam galdym. Soň ol gyz pasyrdap meniň ýüregimiň üstünde gezip ugrady. Özi-de günbe-günden gözelleşip, öňküsinden has mähirli has owadan many mazmuna eýe boldy. Birki ýyl hyrydar gatnaşykda bolanymdan soň, onuň bilen hemişe bile bolaýmasam köşeşmejegime ynandym. Köpden bäri ogul öýlendirmegi arzuw edip ýören ejemdir kakam toýa gezek ýetende ony uzaklaşdyrýarmy eýsem. Öýlenenime on alty gün diýlende men, okuwy gutaryp işe ugradylan ýeime Mara gaýtdym. men bu ýeri ýene bir ýyl okamaly Aksonanyň ýanynda bolmak üçin bu ýeri özüm saýlap alypdym. Sentýabrda okuw başlanyp başlanmanka Aksona hem paty-putusyny alyp meniň yzymdan gelmelidi. Men gelnimiň golaýynda işlemek niýetimiň barlygyny aýdanymda, şäherde işe galmaga maňa edebiýat mugallymamyz Olga Myradowna kömek edipdi. «Beýle bolsa Ýegerdurdy men Ata aýdaýaryn» diýipdi. Onuň adamsy, biziň öňki okuw jaýymyzyň direktory Ata Hojageldiýew şol wagt Mary şäheriniň okuw bölüminiň başlygy bolup işläp ýördi. Şeýdibem sentýabrda Aksona bilen biziň durmuşymyzyň ýene bir täze sahypasy başlandy. ...Men ugrap gidenimden soň Aksona ýene-de okuw jaýynyň umumy ýatakhanasyna geçmelidi, hem okuwy gutaryp eline diplomyny alýança, şol öňki bile ýaşan gyzlarynyň arasyna gaýdyp barmalydy. Bu zatlar öňünden gepleşilipdi. kakam bilen inim men ugrap gidemsoň, gelnimi ýatakhana ýerleşdirip, kireýne alnan jaýy eýesine tabşyryp gitmelidiler. ...El ýaglyklaryň, jorabyň... haltanyň düýbürägine, maýka tursyň gapdalyna salandyryn... Sakgal maşynyň aýnadyr daragyň, sabynyň olaram aýry bir düwünçekdedir. Uzak ýol sökmeli bolmagyňyz mümkin, ejeň ep-esli edip ýollan gowurmasy ýolda gözüňe deger, onam ertir hojaýynyň holodilniginden alyp, külçeler bilen haltaňa salaryn... wi diş çotgaň bilen... galyp barýara... Ol şeýdip uzakly gije, unudan zatlaryny özüne ýatladyp, meni ýola salmagyň aladasynda boldy. Maňa gerek boljak zatlary ýekeme-ýeke ýadyna salyp, gerek bolsa olary turup gidip getirip öz göwnüne jaýlady. Turup gidip, gelibem ýene-de meniň gujagyma dolýardy. Esasanam öňde keserip ýatan üç ýylyň aýralygy, özüniň näbelli häsiýeti bilen biziň ikimizem eýmendirýärdi. Ol içerde gerek-ýarak zatlary jemlemegiň aladasynda bolup ýörkä men oňa: – Ol ýerde gerek boljak zatlardan bir özüň bolmasaň özge zatlara jemlediň. Bolmasa senem giräý halta! – diýip, aýtan ýerimden ony ýanyma çagyryp deginýärdim. ol şonda: – Wah, girmeli bolsam höwes bilen girerdim-le welin, ýöne hakym ýok-da... – diýip, gitjegime gynanýanlygyny mälim edip, gyýylýardy... Aksona, boýnuma gol salyp, goýberesi gelmän hoşlaşyp öýde galdy. meni fokzaldan kakam bilen inim ugratdylar. Syr bermezlige çalyşsam-da gitmek maňa kyn düşdi. Ýüregim üzülen ýaly boldy. * * * Meniň harby gulluga gitmegim bilen bagly ilki başdaky alagümanlyk, howa meniň belki ýene bir alty aýjyk galyp bolar diýen pikirimem ýok däldi. Onuňam sanasam gelim bir bir-biri bilen bagly sebäpleri bar. Birinjiden-ä men ýaňrak, Merwiň peduçigilişesini tamamlap şu ýerde özümden pes kursda okaýan obadaş gyza öýlenipdim. Meniň başga ýere gitmän şäheriň özünde başlangyç klas mugallymy bolup galmagymyň sebäbem gelnim bile ol okuwny gutarýança bile bolmak pikirimdi. Bu meselede meniňki ugruna bolupdy, sebäbi biziň öňki direktorymyz ýakynda şäher magaryf bölüminiň başlygy bolup işe başlandy. Onuň aýaly bolsa meniň gowy görýän mugallymlarymyň biri. Ilki meniň ýagdaýyma aýaly düşünensoň, şäher bilim bölüminiň başlygy bilen düşünişmek şeýle bir kyn hem bolup barmady. Onsoňam edebiýat mugallymym şoňa düşünmese kim düşünsin. Ýagdaýy düşündiren mahalym ol Ýegendurdy gelniň bilen bileräk baolaýyn diýýän bolsaň dogry edýäň, gürrüňiň soňunam ol gegişmä sapdy. – Umuman gelniň ýanyny boş goýmaly däldir – diýibem köpmanyly ýylgyrybam goýberdi. Men şonda onuň maňa belli bolmadyk ýöne bir pynhan hezillik bilen bagly bolan gelin günlerini ýatlanyny aňdym. Meniý gulluga gitmek bilen bagly aladalarym ol hem ýene-de gelnim bilen baglydy. Hemişe esger bolmagy, onuň gelşikli geýimde nyzam bilen barýanlaň biri bolmagyny arzuw edimde, özümiň şolaryň arasynda görüp gezemde bolsam indi meniň ondan bolmanda gelnim okuwyny gutarýança bolsa-da, galasym gitsemem ony oba ejem-kakamyň ýanyna ugradamsoň gidäýenim kem göremokdym. Hany ýöne göni baryp aüdanyňda harby komissarlykda seniň göwnäňi görjek barmy. Bu ýagda diňe ugruny ýoluny tapanyňda mümkin, üogsam meniň islegim edilmeüňn bir zadam dňl. üöne onuň äçinem tanyş-biliş gerek. Men mekdepde bir gezek, gulluga gitmeli boljagymy aüdyp, üagdaüy ýatlamsoň garaşyp Maryň bir duýgurdaş hem tapyldy duruberdi. Meniň bilen bir salkynda, başlangyç klas okadüan bir gelin tapyldy. Ol adamsynyň şäher harby komissaryny gowy tanaüanlygyny we onuň öýlerinde wagtal-wagtal myhmançylykda bolup adamsy bilen piwolaşüňnyny üatlap, men şoňa aütdyraüyn adamyma diüdi. Mende baradam bolsa bu sen ekezlendirdi, bu gürrüň özümiň wagtlaüyn galmaga bolan tamamy tamşyndyrdy. Hatda ol gelin meni öülerinyň üanynda çagyryp adamsy bilen hem duşuryp sözleşdirdi. Üanymdan ugruma çykyljagyna, ol telefonda kömissar bilen «Duşuşaly» diýip jaň edensoň işiň bitjegine hem ynandym. Onsoňam uzak etekli çyny bilen ugruňa çykanda eýsem bitmän iş galmalymydyr. Ýöne beýle-de bolýan ekeni. Men soňra nämüçin, beýle tanyşlykda işiň bitmänligi hakynda pikir öwrüp: «Ýanymda jaň etse-de, meniý kärdeşimiň adamsynyň şu meň aýalym bilen joradyr diýip pikir edenligim çak etdim. Men-ä boý syratly bir ýigit, meniň kärdeşimem adamsyndan has ýaş görünýän syçyrap duran bir näzenin gelin. Özi-de öýünde gürleşemde hem maňa hyrydar seredip, owsunyp gärleüäri, şelaýyn. Göwnüme bir güman alan bolmaly zalywat tama etsemem meniň işim bitmedi. Kärdeş gelinden şol günler «Adam ýetenokmyş harby gulluga» diýlene meňzeş bir gümmi-sümmi gürrüň eşidemsoň başga aslyşara ýeriňem ýoklugyny özümiň häzir durmuşda suwa gaçan gorkynja ýaly gabat gelen çöpe ýapyşjak bolup dert-azar bolýar garynja meňzeşnimi pikir etdim. * * * Men gulluga gidýänime bir hiliräk bolýanymy aňýaryn. Elbetde telim ýyllap uýgunlaşan dünýäňi goýup gidibermegi aňsadam göremok. Il-gün bilen gelen zat, erkek bolup doguldyňmy, gulluk etmegem senip borjuňdyr. Onsoňam ýaşlykda hem esgerlikden gelen ýakyn adamlaryň papagyny geýip, esger bolmagy arzuw edip ýörenem özüm dälmidim. Şeýle-de bolsa kalbymda biraz ünjimem ýok däl. Mundan ýarym ýyl ozal bolanam bolsa men munuň ýaly gitmäni kynrak görmesemem görmezdim. Ýöne ondan bäri men öýlenipdim. Olam men ýaly peduçilişede okap ýördi. Menden pes kursda bolansoň bir ýylam soň utarmaly. men hut onuň ýanynda bolmak üçin Mary şäheriniň birinde özümi galdyrylmagymy haýyş edipdim. Oba dolansamam soň gelnim gutaransoň onuň bilen dolanmakçydym. Men onuň söýgüsiniň serhoşudym,bir-birege degişli bolşumyz ýaly indi biziň ykbalymyz hem bir-birege degişlidi. Ol maňa ýakyn adama öwrülipdi, indi säherler onuň gujagyndan örýärdim. Bu maňa ýarapdy hem hemişe-de şeýle bolmagyny isleýärdim. Belki şonuň üçindir häzir men ol gujakdan sogrulyp gidibermegi kynrak görýärdim. Hemişe-de adam diňe özüne degişli bolmadyk ýagdaýda, oňa anyk netijä gelme kyn bolýar. Maňa netijä gelmegiň asla geregi-de ýok, meniň nähili görýänim soraýan-da ýok. Onsoňam kanun boňunça meni nirik äkideýin diýse döwletiň haky bar. Demirgazyga ibereýin diýse ak aýylaň ýanyna, daşary ýurtdaky SSSR goşun bölümlerine zyňaýmagy hem mümkin. Ýöne meni matroslyga hem-de gurluşyk bölýmlerine almajaklaärynam bilýärin. Sebäbi meni Mary aýyrda harby komissar çagyryp, Aşgabat dosafynda desantçy taýynlaýan (bir aý) paraşýut öwredip soňam üç gezek şäheriň eteginde samolýotdan bökdüripdiler. Şonuň üçinem men ugradyljagymy bilsemem, özümiň desantçy goşunyň esgerligine seçilenimi bilýärdim. Gelnim gynanmaýan ýalam bolsa men onuň gynanýanyny, telim ýyllap ýekesiremegiň ony hopukdyrýanyny duýýan, käte duýdansyz ýzýni bulut bürän ýaly bolýardy. Soňundan gözleri çygjarýar. Ol muny maňa görkezmejek bolýar, şeýle bolanda ol ýa menden bir bahana bilen ýüzünisowdy, ýa-da bir zady ýadyna düşüren ýaly bolup aşhana geçýär. Meniň bolsa gitsemem hamyrdan gyl sogrulan ýaly bolup öz gitmegim bilen özgeler oňaýsyzlyga düşürmän gidesim gelýär. Entek bolsa, men öýde. Gowlugyň soňky günlerini başdan geçirip hezil edýärin. Gidemsoň ilkä oňa men işe gidenim ýaly duýular, soň iki-üç günlük oba gidene meňzärin, görse-hä bir hepdedenem men gaýdyp gelýän däldirin, ýürek ýene bir salym ynanmaz, men gapydan giräýjek ýalydyryn. Ýogsam bu wagta sen gör men nirelerden çykaryn ahyryn. Oňa ýekelige näçe tiz öwrenişse şonça gowy bolar. Alty aýdanam okuwyny gutaryp oba gider. Ol ýerde biziň hemişe ornumyz bolşy ýaly jaýymyzam bar, ýetişip gelýänem ýedi-sekiz doganymam bar. Men iň ulusy, olar Gelneje-de, gelneje bolşup tukatlanmaga wagt bolar öýdemok. Yzymda onuň ýol gözläp, hatlar ýazyp, ynjydar boljagyny kimdir geňminde göz öäýne getiripmi etmek maňa hoş ýakýar. Görsün-dä akgaňlaň nähili esger bolanlygyny. Görsündä aýralygyň nämeligini. Aýallar köplenç şeýle zatlary görenlerinsoä hakyky öý eýesi, edermen,m dogumly bolup döreýärler. Soňra olaryň öz ýarlarynyň gadryny bilmek has üýtgeşik bormuş. Şeýdibem men heniz gitmedik gullugymda ha samolýotda, ha otluda telim bir dolanybam gelýärdim. Biziň iki gün mundan öň Marydan gulluga barýan oglanlary alyp Aşgabada giden otlymyz, has takygy ýolagçy otlusyna tirkelen ýeke wagonymyz şondan iki gün geçensoň, günortanlar ýene öňki ýerine, başga bir sostawa tirkelip yzyna dolanyp geldi. Aşgabada bizi ýurt boýunça gulluga biziň bölümimize gidýänleri jemläp ýene bir gezek bölüşdirmek üçin çagyrylan ekeni. Bu ýerde biziň ýanymyza ýötire barmaly ýerimizden bizi äkitmäge gelen kapitan bilen iki sany seržant hem goýuldy. Men perronsa duran gelnimi otly aňyrdan badyny gowşadyp, durma höwes bilen gelýärkä gördüm. Ol başyna şol gyrasy keşdeli ak ýaglygyny atynypdyr. Onuň gapdalynda obşejitde bile ýaşaýan jorasy ýoldaş bolup gelipdi. Ol meni görjek bolup boýurganyp gapdalyndan geçip duran wagonlary synlaýar. Biz bir ýyla golaý mundan öň toý edip çatynja bolupdyk. Olda meniň gutaran eçilişämde okardy. Şu tomus olam eçilişe diplomyny almalydy. Men Marynyň mekdepleriniň birinde hut, aýalym ýeke bir ýyl okamaly bolansoň oňa ýoldaş bolmak üçin bu ýerde ýörite alada edip galypdym. Bir kireýne alan jaýymyzda ýaşaýardyk. meň gulluga alynjagym belli bolansoň ol ýene-de, obşejite, durmuşa çykmazyndan öň bile ýaşan deň-duşlarynyň arasyna göçüpdi. Biz onuň bilen mundan 4 gün öň hoşlaşyk agşamymyny geçiripdik. Aýralasy gelmän ol gyýylýardy, häli-şindi gözüne gözýaş inýärdi. Men hemişelik gitmeýänimi aýdyp, oňa göwünlik bermäge çalyşýardym. Dogrymdan gelsem welin özümiňem halym onuňkydan gowy däldi. Men gitsem bu aýralygy nähili başdan geçirkä? – diýip, onuň mensiz ýagdaýynyň aladasyny edýärdim. Heý bolmanda, ol okuwyny gutarýança ýarym ýylan bolsa men gullukdan galmaga hem bir synanyşdym. Bile işleýän mekdebimizden bir aýalyň adamsy şäher harby komissaryny tanaýan adamyň dosty bolup şonuyň üsti bilen haýyş edildi. Ýöne haňyş edilşi çalarak boldumy, ýa-da dostunyň abraýy ýabygorlurak boldumy nümemi, maňa delalaty degmedi. Şeýdibem maňa gulluk borjumy ýerine ýetirmäge didibermekden başga alaç galmady.. Biz bir pursadam bolsa söýşüp duşuşyp ýören günlerimizdäki ýaly bir biregiň ýüzüne teşne bakyşyp boý deňleşdirip durdyk. Onuň süääýnden iki galanmyzda gaýy tutýan jadylaýjy ýakymly ys göterilýärdi. Bu müşge, gaýtarma geliniň, sary gawunyň, mazynyň ysy ýaly ys bolmaz diýeniň müň kerem mamladygyny nygtaýardy. Bu mähir garylan müşge men şeýdip ýene bir gezek serhoş boldum. Diňe otly ýerinden gozganyp ugranyny görensoň men biraz özüme geldim. Gelnimiň tutup duran ellerini kükregime goňduryp töweregimden uýalyp ak ýeke bir ýola gujagyma alyp öpdüm. Soňam yzyma gözlemän, ugrap gidip barýan otlynyň yzyndan ýetmäge howlukdym. – Sag gidip, sag-aman gel, - Gidip barşyma ugrafýan onlarça sesiniň içinden men ony sesini tanadym. Biziň aramyzda şol eçilişede okaýan gyzlaryň arasynda bir ýigidiň tanaýan – halaşýan gyzy bolup ol Aşgabatdan, Marynyň üsti bilen geçip barňas – diýip jaň eden ekeni. Şondanam meniň gelnimiň ýoldaşlary eşidip, ýene bir gezek görüp galaly diýip bu ýere çykan ekenler. Ol şol pursatda «Sensiz men nähili ýaşaryn?» diýendir. Belki ol bu sözi aýtsa-da aýdandyr, ýöne damagy dolup duransoň aýdyp bilmändi. Ugramak Ol wagtlar men ýaňrak är-aýallyk halyny gelişen gelnim bilen iki sany boş diýen ýaly otagly jaýda kireýne ýaşaýardym. Öýlenmänkämmen Marynyň, demir ýoldan ses ýetimlik öýleriň biri bolan bu ýerde, peduçilişede özüm bilen başlangyü klas mugallymy bolmagyň ugruna çykan oglanlaryň dördüsi bilen iki ýyl dagam ýaşap, öý eýesi jöhit Ýusup bilenem ylalaşykly, bir-biregi darykdyrmazdan ýaşaýardym. Ýoldaşlaryma okuwyny gutaryp iberlen ýerlerne, köpüsi obalaryna işlemäge gitmelidiler. Meniň gelnim, bizden bir kurs pese okaýardy. Şonuňüçinemmen, ol gutarýança ýanynda bolmak üçin, şäher mekdepleriniň birinde wagtlaýyn işe galypdym. Şäherde galmaga maňa edebiýan mugallymymyz Olga Myradowna kömek edipdi. Onuň adamsy Ata Hojageldiýew öň biziň tamamlan peduüilişämuzde mugallym direktor, häzir bolsa şäher bilim bölüminiň baaşlygy bolup işleýärdi. Meni şüheriň atly 6-njy orta mekdebiniň başlangyç klas mugallymlygyna bellediler. Gelnim bolsa okuwyna gatnaşardy. Uly jaňlar düşek bilen hem düşelen, ýarym ýalaňaç, ýorgan, ýassygymyz-da bar. Iki baş bolsaň, ýeri başga näme gerek, esasy gerek zadam bir-biriň galan zatlar kimiň piňine ýanyňda höwes edip ýeten gyzyň gelin bolup ýörkä, biriň okap, biriň işläp, ýörkäň, üstesine arzuw eden çolalygyň ol hem töwerekde ýaňy öýlenenlere ýene näme gerekmiş başga. Uly baýlygmyzyň birem kitaplar, olaryňam köpüsi meniňki, şol günlerde kitap magazinlerinden A. Gorkiniň 16 tomuny, L. N. Tolstoýyň 12 tomlougyny, Çehowyň 2 tom ýeneki türkmen dilne geçirilen kitaplary arzan bahasyna alsaň bolýardy. Men olaryň hemmesini şol mahal desmi-dähel okamasam-da öz stipendiýamdyr, käte, Un kombinatda, wagondan bugdaý düşürnime berilýän 7 manatdan süýşürip alyşdyrýardym, bir wagt öz ýakyn tanyşlarma gelşim ýaly olaryň dünýäsine gaňdyp geljegime göwün ýüwürdeni ynanýardym. Bu kitaplar şol öz gerek pursadyna garaşýardylar. Hemişekim ýaly bu günem men gelnimden ir oýandym. Aýalym meniň gapdalymdan turup gidenimi hem duňmady. Ol süýji uka berlip ýatyr. Onuň boldumly seçelenen saçlary, öwrüm edip ýüzüni ýapypdyr. Elini ýaňagnyň aşagyna goýup, ýatmak oňa diýseň gelişýär, nämänidir bir zady diňşirgenýän ýaly bolup pyşylap ýuwaşja dem alyşy eşidilýär. Häzir ol meniň ýene iki günden öz gujagyndan sogrulyp, gulluga gidýänim, arada iki ýyllyk aýralygyň omzap çökjegi, meniň ýat ülkelerde, depemä gözläp özüni «Senem aýa bak, menem mundan, goý, gözlermiz bir duşsun şol ýerde diýip küýsäp goşgy düzjegimi hem ol pikir edýän däldir. Meniň gulluga gitmeli bolanym bäri onuň ýüzünde, juda duňdurmasa-da garaşylmadyk pursatda ýüzine kölgelenip gidýärdi. Onuň aýralyk, olo aýralygyň nähili boljaklygy muny ugradyp men nähili ýaşarkam, gaýtarma döwrümdäki bir gepde on günüň aýralygam dül. Tutuş iki ýyl diýip endişe bilen oýlanýanlygyna aäýaryn. Men bu är-heleý bolanmyza bir ýyl bolupň barýan mahalynda onuň bilen gaýtarmada bolan gününden köp aýrylyp görmändim. Onda-da duşsam duşardym.Men Mara kakamyň ugruna gaýdypdym, o-da obada öýlerinde bolmaly bolupdy. Ýogsam menmi ol duşuşman oňjak. Ýöne az wagtam bolsa irginsiz söýgi oýunlarynmy, mümkin bolan wagty, gije, gündiz oýnan biz birek-biregi ýadadypdygam, gelniň ýüzüne sary ýöräp, ýaňrak dogran geline meňzäpdi, birek-birekden dynç alma gerekdi. Gaýtarma diýen däbi hem ata-baba, şu biraz bolsa-da, gyzgyn döwri sowatmak üçin döreden bolmaly. Özüňi zjha tutmagyň hany peňda getiren ýeri barmy? Şonda-da adamda, çen çakyny bilýärmi. Häzir onuň ýatyşyny gowy görüp synlasam-da, ýanyna barmadym, ýogsam göwnümde gitdi oňa barsam bilýän, onuň burnundan çykýan ýakymly demi ýene meni gozgalaňa salar, menem nirä barýanymy unudaryn. Men öwrüldim-de, penjiräň öäüne bardym. Maý başlanypdy. Asman arassady. Ol ýerde üzlem-saplam hereket edýäni juda bir duýulmaýan ak bulut adalary Kuril adalarna meňzäp üzlem-saplam ak meýdan boluşyp, uzalyp gidýärdiler. Men penjiräni biraz açyp ýola seretdim, ondan ertiriň hoşboý ysly howasynyň yzy süri hol beýleden gürleşip ir gözünden işe barýan borly, iki sany gürleşip gelýän aýalyň köwüşleriniň tyrkyldysy geldi. Gelinleriň ikisi-de ýaşdy, biri başyny gelinlerçe ýaglyk bilen büräp, onuň öňünem, kükreginde gümmezekläp duran göwüslerniň üstüni gawun biýarasynyň torly ternäniň üstüni örtüp gizleýşi ýaly gizläp, ony täsirli gelne öwrüpdir. Men köçä ol ýerde ugratmaga gelmeli kakamy görerin diýen tama bilen seredipdim. Guşgyň otlusynyň geler wagty bolup ýördi. Gelse ol şu ýerden gelmelidi. Mary fokzalyndan göni gaýdýan kölläň ugrunda otyrdy. Öň gören adam üçin otludan düşensoň goşlaryny alyp göni geläýmelidi. Men onuň şu soňky iki-üç günüň dowamynda geljegini bilsem-de anyk haçan geljegini bilmeýärdim, ýogsam özüm wokzlda öäýnden çykanymda hem bolmanam durmaýardy. Çagalygymda, ýigdekçeligimde gulluk etmäni öte arzuw eden hem bolsam, ýogsam mekdepde serhetçileriň ýaş dostlarynyň mekdep boýunça komandiri bolup, serhetçi esgerlere, arzuw edip ýören men dälmidim näme. Häzir bolsa dogrudanam men şol adam däälem ýaly, Munuňam sebäbi gelniň onuň ýanynda arylmagy kyn görýädim. Bu höwesim häzir meniň öňki esger bolma höwesimi, itiň pişigiň düýrläp basyşy ýaly basypdy. Sogrulyp gidibermegi asla göz öňüne getirip göwnüme jaý edip bilemokdym. Gumrularam höwürtgä bir çokensoňlar köwejekleşip wagty bilen uçup bilmeýärler. Menem häzir şeýle pursady başdan geçirýärin. Bu gidişlikden-ä men Gözeliň kömegi bilen tasdan galypdymam. Ol täsirli wezipeli adamsynyň üsti bilen, şäher harby komissarynyň ugruny taparman bolupdy. Onuň adamsy Gözeliň aýtmagyna görä, ýörite komissar bilen meniň üçin piweleşipdi. Onuä «Bir zatlar ederis» diýenini hemn aýdypdy. Meniň pikirimçe hem barly boldy öz baryndan komissara hem biraz süýşüren adamyň sözi ýer tutman galmaly däldi. Gözel näzirgemäni halaýan görmegeý gelin, ol hem meniň işleýän mekdebimde başlangyç klas mugallymy bolup öňden işläp ýören ekeni. Üç-dört çaga dogrupdyr. Men 8-9 ýaş uly. Her bir ýerde bar bolsa, türkmeniň gözeldigňi bilein, iki çagaň bolansoň diýen synyndaky gözel bolmaly. Ol beslenip dagy gelende ähli gelinlere gaýra dur diýýär. Bu gelin bilen meniň dostlugym onuň sapagynda geçirilen taryh sapak boýunça açyk sapakdan başlandy. Sapakdan soň, oňa mekdebiň hökmirowan zawujy, beýlekiler bilen menem onuň sapak geçişi barada öz belligimi aýtdym. Onuň taryh sapagyny, edebiýat sapaklary adaty sapak hökmünde, oňa saldam syýasata ýugurman geçýänligini, taryh sapagy hamala şol döwre baran ýaly geçmelidigini aýtdym. Gözele meniň belligimiň hemmäňkiden beter ýaramadygy belli boldy. Şol gün sapak gidip durka, onuň ýollan poçtalýony hat getirdi. Onda «Sen, Gadkiý, utýonok» ertekini okadyämy. Geň galaňmaly ähli gadkiý zatlar bir-birine meňzeş bolýar. Oka, okamadyk bolsaň, düşünersiň... Okansyňam-la. Sen bizde gazetde goşgusy çykan şahyr hökmünde hem tanalýaňmy. Menem onuň hatynyň jogabyna gijikdirmän, dessine ýazyp bir okuwçyň elne tutdurdym. «Bar, Gözel mugallyma ber. Meniň Gadkiý ördek bolmagym mümkin. Ýöne bary bir men siziň taryh sapagyny geçişiňiz barada öňküje öz pikirimde hem galýan». Biziň aramyzda birki hepde şeýle bir-biregi göwniýetmezini aýdýan hatlar gatnady. Bir gezek bolsa sapakdan soň klasda ol bi işlerime güýmenip otyrkam onuň özi sürünip üstüme geldi, elinde bir petde ýazylan hatlar, göwniýetmezlik bilen ýaňsyly ýylgyrybam goýberýär. Men ony görüp, tutmaga ýetişmänkäm, onuň hatlary gütüläp öňüme düşdi. «Sen oglan gowja bol, kim bilen gidişýäniňi bilýämiň» diýip buruljabrak durdy. Şol arada biziň nazarymyz sataşdy. Onuň owadan ala gözlerinde diliniň diýýän närazylygy bardy, ýene-de hüjüme geçerli okgunlylyk ol gözler mähirli gözleri bolup maňa gaýta hyrydar gözleýäridi. Ol maňa näme diýse-de diýseň hyrydar gözleýärdi. Men onuň sähel uzan elini elime alanymy hem duýman galdym. Ol eller sähel saňňyldaýardy hem mylaýymdy. Meniň ýüzüme ot çabran ýaly bolup gitdi. Biz birnäçe sekunt bir-birimiziň ýüzümize dünýäni unudyşyp elleri ellere berşip bir-birege hyrydar seredişip sessiz öňküsinden has batly urýan göwünleň gürsüldigini eşidişip sessiz durduk. Biziň bir-birege göwünlidigimizi aňdymy nämemi onuň adamsy soňra meni: «Kyn görýäler, eýýäm komonda hem bölünipdir» biraz öňräk aýtmaly ekeniň diýdi diýipdi. Men düşündim. Gözele galsa-ha ol meni beýle tiz öz dünýäsinden ýitirmekçi däldi. Soňky günler ol ýylgyranam bolsa sus gezýärdi. Meniň üçin öýde-de äri bilen çaknyşyp alan bolmaly. Şeýle çaknyşykdan soň ol tasanyp günortanlygam iňmän gaýdýan bolmaly. Bir gezek onuň yzyndan naharny orus mekdebinde okaýan garagözelejik ogly getirdi. Ejesiniňem bir gezek eli nahar tarelkaly, onuň klasyna girip barýanyny gördüm. Ol maňa tarap gözastyndan syrly seredip geçdi. Şol günüň ertesi obadan gelerine garaşylýan kakam 8 klasda okaýan inim bilen meni ugratmaga Mara geldi. Är-heleň bolup, öýe gerek zatlary almaga irräkden bazara gitmek üçin geýnip durkak, olar tirkeşip, aňyrdan ýetip geläýdiler. Men indi bireýýämden bäri ýola özümçe taýynlanýardym. Gazetlerde bolsa ol günler G. Ezizowyň I. Nuryýewiň, A. Agabaýewiň, H. Kulynyň kowçum-kowçum goşgulary alysda-da küýsejegim belli zat. Şol döwür olaň bir ikisiniň kitaby çykmandy. Men ol goşgulary gazetden kesip alyp, özüm üçin depdere ýelmäp kitap döredipdim we meniň halaýan gogularymyň şeýdibem birentek döräpdi. Ýöne men bu günler Gara şahyry, onuň ykbalyny ýatlap, bu goşgyny ýazmaga sebäp bolan zatlary kitap boýunça ýatlap, onuň indi telim masyr bäri gojaman Merwiň gimni bolup ýaňlanyp gelýän «Maru-Şahu Jahan» goşgusyny ýatlaýardym. Ol aýralyk gimnidi. Şahyr ony öz töweregi bilen Marydan gitmäge mejbur bolandaky hoşlaşyk aýdymydy. Ol äpet bir guş göterlip ugran ýaly, bolup başlaýardy, hem bagşylaryň, wysal bolmadyk arzuwlaň sesi bolup eşidilýärdi. Maru Şahu Jahan eý asly mekanym, Köp döwranlar sürdüm seniň üstüňde, Hangeçende guran bazar dükanym Köp söwdalar gurdum seniň üstüňde. Bu hakykat belki şonup üçindir, ol juda ýürekden syzylyp ýaňlanýar, ýürege täsir edýär. Mary bilen aýrylanyna kalbyna, onuň bilen özüň arylan mahalyň has ngowy düşünýän ekeni. Indi birnäçe günden bäri öz ýanymdan bu aýdyma, matiwine görä hiňlenip gezmek indi maňa endik bolupdy. Gara şahyryň goşgusy bilen men, bu ýerdäki durmuşymy ýatlap onuň bilen hoşlaşýardym. Marydan äkiden otly Mata getirer bizi – diýip ýazýanda bolsam, indi haçan geljegime welin ynanam ýokdy. * * * Mary stansiýasy. Marydan äkiden otly bizi yzymyza Mara öz çak edişimizdenem has ir dolap getirdi. Biz aýyň 9-yna, ýeňiş güni bu ýerden Aşgabada ugrap gidipdik. Emma Aşgabatdanam biz eýýäm şondan iki gün geçensoň ýene yzymyza golanyp geldik. Biziň münen wagonymyzy Aşgabat Mary otlusyna tirkäpdiler. Bizi bäri-bärde goýmajaklary düşnükli bolupdy, indi biz bir bir wagonda däl-de iki wagony, gulluga alnanlar bolup dolduryp barýardyk, Aşgabatda bizip üstümiz Ahaldan alnan adamlar bilen ýetirilipdi. Şeýle-de bolsa bir-iki aý mundan öň Aşgabat dosafynda samolýot bolan towusmanmyň köp hepdelik gysga kurunda bile n okanymyz üçin köpüsi tanyşdy. bulardanam başga biziň ýanymyza ýene-de uzyn boýly bir kapitan bilen bizi alyp bölümlerde jemlemäge gelen iki seržant goşulypdy. Oläaryň geýnişindenem biziň aýtmasalar-da haýsuydyr bir desantçy bölýmiň esgeri bolmalydygymyz bilinýärdi. Ýoluň başlanan ýaly özümizi esgerligiäem eşeginden girip ugran hasaplaýardyk. Otly hamala gelmeli ýerine gelen indem aňyrlygyna gitmäýjege meňzäp Maryda saklandy. Ine ýene tanyş wokzal, tanyş doly töwerek, bary ýogy on minutda biziň öýe degip gaýtsa-da boljak ylgawňy ýazdyrman diýip pikir edýärin, onýança-da ine saňa görsem gelnim perronda kursdaş gyz bilen meni gözläp dur. Egnine meniň gelişýä diýen gökkepder köýnegimi geýip başyna ak ýaglyk atynypdyr. Men habar etmändim. Ýöne biziň uçilişe bilen göwnýni baglan başga-da bir ýigit bolup şol «Ötüp barýas» diýip telegramma eden bolsa näme. Men ony görüp, gapyň öňündäki oglanlary bölüpräk wagondan düşdüm. Ýüregimiň gaty urup ugranyny duýdum. Syrylan gawun kellämi sypalap bolup: – Siz nireden çykdyňyz - diýdim. Gelnim gözüni giňden açyp maňa hyrydar seredip dur. Biraz uňalybam dur. Men onuň ýoldaşy bilen gepleşip, soňra oňa tarap öwrüldim. Jorasam özüniň artykmaçlygyny duýup biraz bahana bilen yza tesdi. – Nirä alyp barýalar? – diýip gelnim meň geýen köýnegimiň iligini oýnady. Onuň ýaňagy biraz gyzarypdyr. – Bilmedim? – Sowuk ýurda äkitseler gerek. – Ony näme üçin diýdiň? – Düýşümde sen kelläň bilen gara çümüp ýatyrmyşyň... – Haý, seňem görýän düýşüňi. Itiň düýşi ýaly diýleni. Men gören düşi ony oýlandyranlygyny, biraz howpurganandygy6ny duýdum, hem onuň men barada sowuk ýurda düşse gerek diýen pikiriniň, gije özboluşly düýşe öwrüleninligini pikir etdim. Azmu näme gündiz pikiriň gije düýşe öwrülýämi. Töwerekden biraz uýalanam bolsa soňra ol meniň küregime başyny goýdy. – Gör, indi iki ýyl haçan gutar. Iki ýyldan – diýip, men gelnimiň aladasyny ýeňletmek üçin, oýunlyga salyp gepledim. Ugramak üçin, otly gozganan wagty men ony ýene bir gezek berk bagtyma basdym-da: – Sen, şu ýerde duryber, men iki ýyldan gelerin. – Bolýa – diýip, ol zordanrak ýylgyrdy. Otly indi Gazagystany söküp barýar. Gelnim bolsa hola henizem şol Mary wokzalynda galan ýerinde dur. Başynda-da atynan ak gelin ýaglygy. | |
|
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |