17:14 Eşege ot beriñ | |
EŞEGE OT BERIÑ!
Garrapdyr arkasy ýagyr bolupdyr, Mejaly ýok ýaly aññyrmaga-da. Janawaryñ taby agyr bolupdyr, Gidip bilenok añyrraga-da. Dogry, eşet at däl, owadan kişñäp, Jylawyny çeýnäp, toprak peşemez. Emma göz öñümde, kiçiräjikkäk, Gaty kän ot ýüklärdik biz eşege. Indi birje gysym ot beriñ oña, Garny dagy meñzäp barýar hepbige. "Peýdasy ýok" diýip, harlamañ ony, Başdan sowmañ, bolar-bolmaz gep bile. Utanman diýýäñiz "Bize-hä şonuñ, asyl ugruna-da garamzok" diýip. Eşegem Allanyñ döreden zady, Mojuk gep tapýañyz haram zat diýip. Atlaryñ et üçin soýulýan döwri, Bu eşegi "çüw" diýip kän çapdyg-a. Gysganmañ ahyry bir gysym oty, Janawaryñ garny meñzeş gapjyga. Çary ÝEGENMYRADOW. | |
|
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |