01:05

Galsyn

GALSYN

Ömri ölçemesin geçýän wagtlar,
Oñ ölçegi edýän işiñde galsyn.
Gerek paýyñ aljak bolgul bagtdan,
Oñ şuglasy akyl-huşuñda galsyn.

Ynsan erkin bolsun, nebis - jylawly,
Her bir ýapyşgyl sen gylawly,
Ot ýakdyñmy hözirli hem alawly -
Oñ şöwkedi ýaşan ýaşyñda galsyn.

Bu durmuşda boş geçmesin her demiñ,
Seni mydam küýsäp gezsin hemdemiñ,
Dowamyña nusga bolsun mekdebiñ,
Gujuryñ, gurbatyñ döşüñde galsyn.

Ata Watanyña bolsun hyzmatyñ,
Duýup ýaşa oñ eçilýän lezzetin,
Büdremesin ykbal atlt gyratyñ,
Şöhrat-şanyñ agras başyñda galsyn.

Göwnüm, durmuş synagynda eýikdiñ,
Göze-başa düşüp ýörmek aýypdyr,
Ar-namyssyz ýaşan ömrüñ haýypdyr,
Edep-haýañ gözüñ-gaşyñda galsyn.

Näzik ANNATYÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 356 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Näzik Annatyýewa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
1
1 Şahymerdan  
81
Gowy goşgy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]