08:47

Ýaman söz we ýagşy söz

ÝAMAN SÖZ WE ÝAGŞY SÖZ

I.

Bir ýaman söz çykdy zybandan,
Ýagşa degdi, ot oklandy kalbyna.
Entiredi, köz basyldy dabanna,
Gitdi, ýaman sözem gitdi oň bile.

Beýlekem öz ýolun eýledi dowam,
Hiç zat diýmedik deý, keýpi çag örän.
Megerem, görmändir hiç hili zowal,
Hiç haçan, hiç kimden, dogulyp-döräp.

Hemme ýerde ol ýaman söz ýagşyny
Ýanap gezdi, kölgesi deý galmady.
Wah, neresse, gujaklan deý wagşyny,
Şol söz bilen ýatdy, turdy, bolmady.

Dalak deý ýapyşyp, ornan ýüregne,
Ahyr baryp bile girdi mazara...
Söz eýesi çepbe çeýnäp çöregni,.
Ýaşap ýör, hiç bir zat däl oň azarna.

Gursagyňda ýaman sözleň köki bar,
Ol kökdenem ýaman tohum köpelýär.

II.

Bir ýagşy söz çykdy ýagşy zybandan,
Dertlä degdi, melhem düşdi kalbyna.
Gurbatlanyp, ýeňläp gitdi dabany,
Ýagşy sözem bile gitdi oň bile.

Beýlekem öz ýolun eýledi dowam,
O dertliň halyna gynanyp soňam,
Ol özüne berdi şeýle bir sowal:
“Heý, nepiň, degmezmi birine seniň?!”.

Ol ýagşy söz boldy dertliň söýdügi,
Göwnün galkyndyrdy, ýeňletdi ýükün.
Bile ýatdy, bile turdy, şeýdibem,
Soguryp taşlady derdiniň kökün.

Ýagşy sözüň, eýesini soraglap,
Gözleginde gezýär dertden saban.
Ynsan kalbyn, adam göwnün goraglap,
Hemişe hoş sözler eçilsin zyban.

Näzik ANNATYÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 370 | Добавил: Türkana | Теги: Näzik Annatyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şol gün diýsene!.. / Goşgular - 07.01.2023
Элегия / Goşgular - 02.01.2023
Эмигрант / Goşgular - 09.02.2023
К богу / Goşgular - 31.01.2023
«Как богат я в безумных стихах!..» / Goşgular - 01.02.2023
«Я никогда не понимал…» / Goşgular - 18.01.2023
,,Ak gar ýagyp..." / Goşgular - 17.01.2023
«Плещут в море волны…» / Goşgular - 22.01.2023
Великому князю Константину Константиновичу и великой княгине Елисавете Маврикиевне / Goşgular - 30.01.2023
«Не говори мне, что ты любишь меня!..» / Goşgular - 12.02.2023

Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Akjemal  
243
Gowy goşgy

0
2 Gulruh Aganazarowa  
Gowu ekkeni
haladym smile

0
3 Мylayym  
83
"Bir söz töre elter, bir söz göre" diýilýämi?! )

0
4 ahallydan  
6
Hakykat

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]