11:28 Garry däli | |
GARRY DÄLI
Garry däli ejemiň atasy, babam Meret däliň kakasy bolmaly. Onuň haçan dünýä inip, haçan ýogalanyny bilemok, ýöne bolşewigi, kolhozy görüpdir. Bolup geçen waka bolsa şeýle. Muny maňa ejem gürrüň beripdi. Garry däli garrandan soň oňa kolhozyň üzümli haýatyny goramagy tabşyrypdyrlar. Garawulçylygy üçin az-owlak zähmet günem ýazylypdyr. Garry babam gününiň köpüsini üzümli haýatlarda üzümleri guşdan beýlekiden gorap geçirer eken. Günortanam öýüne gelip nahar edinýär eken. Bir gün günortan öýde-de kän karary ýetmän ýaşuly üzümçilige gidýär. Barsa obaň oglanlary üzüme giripdirler, iýenlerini iýip, iýmediklerini basalaşyp, çybygyny döwüp ýörler. Ol döwürler üzümler dalbara galdyrylmazdy, olaryň düýbi ýognap, içinde bukuldym oýnabermeli bolardy. Şahalarynyň arasynda arkaýyn 10-12 ýaşly oglan gizlenip bilerdi. Garry atam çagalary görüp bärden barşyna gygyryp ugraýar. Garawulyň gelýänini duýan çagalaram, gurgy gören serçe ýaly, dyr-pytrak bolýarlar. Şonda Garry babam çagalary gorkuzmak üçin ýerden bir kesek alyp olara tarap zyňmak isleýär. Ýaşuly egileni bilen kesek böküp onuň eline gelen ýaly bolýar. Garry aga mundan tisginýär-de, eline gelen kesegi zyňman üzümiň düýbünde goýýar. Çagalaram oňa çenli dargaýar. Emma, garry babamyň ýüregine howsala düşýär. Ahyry näderini bilmän öýüne gaýdýar. Öýüne gelen badyna-da, yzyndan obaň adamlaryndan biri ony sorap gelýär. Ol “Ýaňy oglum kolhozyň üzümine giripdir. Üstüne-de siz barypsyňyz. Gaçyp öýe geldi-de, indem çabalanyp ýatyr. Niresiniň agyrýanynam düşündirip bilenok. Näme boldy Garry aga?” diýýär. Garry babam sesini çykarman turýar-da ýene üzümçiligine gelýär. Hälki goýan kesegini alybam oglanyň öýüne gelýär. Gelişeine ýaňky kesegi çaganyň maňlaýyna degirýär welin, onuň demi sogrulyp gidýär. Ejem pahyr “Ojagazyň ajaly şol kesekde eken. Eger atam ony zyňaýan bolsa, kolhozyň üzümi diýip çagaň ganyna galdy adyny aljak eken…” diýerdi. Men bu wakany “Gören kim, görünen kim” diýen zadymda ulanypdym. Muňa ynanmak kyn, başga birinden eşden bolsam, belki menem ikirjiňlenerdim. Belki, ýaşulynyň göwnüne kesek böken ýaly görnendir, ýöne onda çaganyň ajalynyň bardygyny duýmak, biziň ýaly SSSR terbiýesini alyp ulalan adamlara kyn. Emma dogrujamy aýtsam, men bu hadysanyň çyndygyna çalaja-da şübhe etmeýärin. Etsedim, muny gürrüň bermezdim. Aslynda her döwrüň öz adamlary bar. Häzirki tarelka antennalary, internetleri… görüp ulalýan çagalar biziň çagalygymyza meňzemeýär. Haýsy gowy, haýsy erbet - bu biderek boş gürrüň. Sen häzirki çagalar erbet diýeniň bilenem saňa başga çagany getirip berjek ýok. Biz barymyz bilen şükür etmeli, atalarymyzdan, babalarymyzdan bir zatlar ýokdurjak bolmaly. Olara “Täzäň könesini ýürekden ýigrenmegi” öwretjek bolmaly. Şu wagta çenli hersi hakynda azajyk gürrüň beren adamlarym - garry atam Çaryýar, Hangeldi atam, babam Meret aga, garry babam Garry däli, kakam, ejem… hemmesi birhili rowaýaty adamlar ýaly. Olaryň ruhy başga, dünýeleri başga. Olaryň ak diýýäni başga, gara diýýäni başga… Şonuň üçin olaryň içine gelip-gidýän duýgularam başga. Biz kesege elimizi uzadamyzda kesek hakykatdanam elimize böküp gelse-de, biz muny duýmarys. Soň ol çaganyň şol zyňylmadyk kesek sebäpli demi sogrulman ýatanynam bilmeris. Emma, bir zat hakykat, häzirki ösen ýaşaýşymyz bizi munuň hakykatdanam bolup biljekdigine ynanmaga has ýakynlaşdyrýar. Haýran galdyrýan hadysalary häli-şindi görýäs. Biz bolşewige ynandyk, ateistiňkini dogry hasapladyk, birdenem onuň ähli aýdanlarynyň ýalan ekendigini gözümiz bilen gördük. Bu nähili uly hadysa. Ýok, öňki tutuş obadaky ýekeje magaziniň ýerine her ädimde biri dörän komerçiskiler hadysa däl, biziň indi arkaýyn dünýäň dört künjüne gidip bilýändigimiz hadysa däl - ateistiň aýdanlarynyň ýalan ekendigine “Gelnim bir gowy zat alandyryn” diýip atamyň goltugyndan begene-begene çykaran Kur'anynyň aýdanlarynyň hakykat ekendigine göz ýetirmek - hadysa. Bizden soňkular bu hadysany başlaryndan geçirmez. Belki, bu akyl eden adam üçin, Garry babamyň eline böküp gelen kesekdenem beter haýran galdyryjy hadysadyr?! Bu ýazgymyň aşagyna-da bir surat goýasym gelýär. Ylýas ikimiziň 4-5 ýaşymyzdakak alynan suratymyz. Üns berseňiz, Ylýasyň bir eli meniň dyzymyň üstünde, meň elimem Ylýasyň dyzynda. Gowy ünsli seretmeseň bilibem bolanok. Munuňam hadysadygyny Ylýas ikimiz bilýäs. Ekizlik, onuň täsinligi, biziň meňzeşligimz, aslynda kimiň Ylýas, kimiň Hydyrdygynyňam näbellidigi barada indiki gezekde ýazaýyn. Hydyr AMANGELDI. # ekizler2.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |