23:13 Gerkules hem geými? | |
GERKULES HEM GEÝMI?
Hemjynslyga (gomoseksualizme) köplenç soñ ýüze çykan zat ýaly garalýar, emma taryhyñ dürli döwürlerinde, dürli medeniýetlerde bu ýaramazlygyñ yzlaryna gabat gelmek bolýar. Täze trend ýaly görkezilmäge synanyşylýarmy ýa-da genetiki faktorlaryñ täsiriniñ ýokdugyny öñe sürmek üçin şular ýaly gizlenýärmi, belli däl, ýöne aslynda hakykat açyk-aýdyñ ortada... Taryh döwre hökmüni ýöredýänler tarapyndan ýazylýar. Köplenç halatda-da nämäni ýatlap, nämäni ýatdan çykarmalydygyny-da saýlap alýanlar şolar bolýar. Taryh kitaplarynyñ gatyny açanyñyzda, okuw jaýlarynda okadylýan okuw gollanmalarynda hiç bir jemgyýetde hemjynslygyñ ýa-da hemjyns suratkeşiñ şahyryñ öz jynsdaşyna aşyk bolandygy baradaky maglumata gabat gelmersiñiz. Emma heniz üsti örg çeşmeler munuñ düýbünden tersini görkezýär: hemjynslyk ähli jemgyýetlerde bolandygyna garamazdan diñe wagtdan wagta ýa-da jemgyýetden jemgyýete hemjynslyga bolan garşylyk üýtgäp durupdyr. Taryhyñ dürli döwürlerinde jemgyýetleriñ umuman köpüsu bu ýaramazlygy ýazgaranam bolsa, käbir jemgyýetleriñ muny bolaýmaly zat ýaly garaýany-da bolupdyr. • Meselem, Gadymy Gresiýada erkekleriñ az sanly-da bolsa, özi ýaly erkekler bilen är-aýal ýaly ýaşaşandyklaryny bilýän barmy? Kämillik ýaşyna ýeten iki erkegiñ arasyndaky gatnaşyk gönüden-göni kabul edilmese-de, är-aýallygyñ berýän artykmaçlyklaryndan hemjyns jübütleriñem peýdalanmagyny üpjün edýärdi, emma şol döwürlerde "hemjynslyk" düşünjesi heniz orta çykmandy). Gadymy Gresiýada ýaş tapawudynyñ bolan ýagdaýlarynda bolsa üýtgeşik ýagdaý bardy. Meselem, ýokary gatlagyñ 30-40 ýaşdan geçen erkegi kämillik ýaşyna ýetmedik gyzjagazlara arkaýyn öýlenip bilýärdi, şol sanda munuñ geñsi ýerine geleliñ: olar kämillik ýaşyna ýetmedik oglanjyklary hem özüne alyp bilýärdiler! Bir tapawudy: gyzjagazyñ kakasynyñ razylygy alynýan bolsa, oglanjyklaryñ öz pikiri soralypdyr. • Şeýle-de, gadymy greklerde demokratiýanyñ häzirki simwollarynyñ hemjyns iki aşyk-magşuk bolandygyny bilýärsiñizmi? Garmodiý we Aristogiton, ikisi bileleşip döwrüniñ Tiranyny agdaryp, demokratiýanyñ simwolyna öwrülipdiler, emma taryhyñ gatyna başga göz bilen seretseñem, olar biri-birlerine aşyk iki jübütdi! • Ýogsa-da, Aleksandr Makedonskiý bilen örän ýakyn dostlugy bolan Gefestionyñ arasynda näme bardy? Gefestion Aleksandryñ iñ ýakyn dosty bolmak bilen birlikde iñ ýakyn syrdaşy we ömrüniñ köp bölegini bile geçiren adamydy. Gynansak-da, taryh bize hemme zady ähli ýalañaçlygy bilen açyp görkezenok, emma dünýäniñ iñ jedelli myş-myşy, şek-şübhesiz, kimler üçin hakykatdygy bireýýäm subut edilen zat, kimler üçin bolsa häzirem ýeterlik subutnamasy ýok bu iki jübütiñ dillerden düşmän gelýän gatnaşygydyr! Gürrüñ, gadymy greklerden Osmanla geçip gidende bolsa, hemmämiziñ ýeke-ýekeden göz öñünden kino lentasy ýaly geçip giden iki tema bar: erkek haremler, Nedimiñ we başga-da birnäçe şahyryñ erkekleri wasp edip ýazan şygyrlary, gomoseksual temaly miniatýuralar we ş.m.-ler... Soñky asyrlara gelenimizde garşymyza çykýan hasam köp adam bar. Watikanyñ Sikstin kapellasyny ajaýyp freskalar bilen bezän Mikelanjelo, sonetlerinde göwni giden erkegine serenadalar düzen Şekspir, Da Winçi, Bleýk, Uitmen, Prust, Baden-Pauell, Çaýkowskiý, Britten, Oden, Işerwud, Baýron, Waýld... Bularyñ hemmesiniñ ady gomoseksual gatnaşyklar bilen bile tutulýar, hemmesi-de ýa diñe erkek bilen ýa-da ömrüniñ bir böleginde aýallar bilen gatnaşygyñ arasynda erkege-de ýer beren şahslardyr... • Indi bolsa sözbaşydaky soragyñ üstünde durup geçeliñ. Eýsem Gerkules hem geý bolupmy? Taryh kitaplaryna, hekaýatlara we miflere siñe üns berseñ, onuñ hemjyns bolmasa-da biseksual bolandygyny bilip bolýar. Yzynda 500 perzent galdyrandygy bilen meşhurlyga eýe bolan Gerkulesiñ erkek ýassykdaşlaryndan biziñ günlerimize çenli ady saklanyp galanlary şulardyr: Admet, Ifit, Ýewfem, Elakat, Abder, Iolaý. Osmanly döwründen hemjynslygy şekillendirýän suratlar saklanyp galypdyr, şahyrlar kofehanalardyr çaýhanalarda hemjynslygy aç-açan suratlandyrýan şygyrlary aýdyp bilipdir, şeýle-de goşunyñ ýany bilen jynsy islegleri kanagatlandyrar ýaly ýörite saklanýan erkekleri äkidipdirler.... Hatda Angliýadyr ABŞ-dan ýüz ýyla golaý wagt öñ (1858-nji ýylda) gomoseksual gatnaşyga rugsat berýän kanuny kabul edenem Osmanly döwletidir. Gynansak-da, taryh elmydama biziñ orta atýan soraglarymyza jogap berip bilmeýär... Fatih TAŞPYNAR. 30.03.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |