18:48 Gündelikde galanlar -29/ dowamy | |
24.07.2018
Ýatlamalar
Günortanlar ymyzgandym. Düýş görüpdirin. Düýşümde enem Nowbahar gözüme ilipdir. Köpden bäri ol düýşüme girmändi. 25-nji iýulda Mergeniň ýedisini berdik. Köp adam gatnaşdy. Onjyk Musaýewiç ogly bilen geldi. Meredi gujaklap aglady. X X X Oraz eke Päkistanda-da bolupdyr. Eýranly Аkmuhаmmet ahun bilen Päkistanda Mübärek bilen görşüpdir. Ol oňa tarykatyny görkezipdir. Gaýdanlarynda öz goly bilen hat beripdir. Bäride organlar o haty okap, ol saňa «pir» diýip ýazypdyr diýipdirler. Oraz nohurly Gara mergeniň agtygy bolmaly. 1973-nji ýylda, 84 ýaşlarynda Nohurda aradan çykan. Gara mergen ýogaljak bolanda «Meniň bilen paltamy hem bile jaýlaň» diýýän eken. Ol şo palta bilen daglardan gelmändir. Hemişe ýetirinip bilmeýän adamlara howandarlyk edipdir. Dagdan şo paltasy bilen odun ýygyp gelip, oduny adamlara getirip berýän eken. Alkyş alýan eken. Ölemen awçy eken. Awlan awyndanam adamlara dadyrýan eken. «Pirim paltam» diýýän eken. 06.08.2018 Şu gün bankomatdan otpusknoýymyň bir bölegini (800 m.) aljak bolup, nobata duranymda öňde duran, biz ýaşlyrak bir aýal, «Siz 43-nji mekdepde okadyňyzmy?» diýip sorady. «Ýok, men obada okadym. Uniwersiteti tamamladym» diýdim. «Kakabaý diýip bir tanşymyz bardy, şonuň doganyna meňzetdim» diýdi. – 43-nji mekdepde Ruhy Alyýewiň (şahyr, tankytçy, edebiýaty öwreniji alym, f.y.d...) aýaly hem işläpdi – diýdim. – Işledi (Adynam tutdy weli, men häzir ýadymdan çykypdyr) – Jaýlaram otlandy-da. – Ruhy Alyýew öň ýogaldy. Aýaly soň. Kellesem üýtgedi. – Ot alan jaýyna perežiwat edendirler. – Ýok. Biz olar bilen goňşy ýaşadyk. Olar bir gyzy gyzlyga aldylar. Ruhy Alyýewiçiň aýalyny şo gyzlygy başyna ýetdi – diýip aýtdy. 07.08.2018 Orazgül şu gün irden Maliýe institutyna birinji giriş ekzamenini tabşyrdy.Geografiýadan. X X X Eke Öwezmyrat obamyzyň ilkinji ymamy boldy. Sowet döwründe sklada, ussahana (Süleýmanguly ussa) öwrülen babamyz Molla Ysmaýyl hajy ahunyň metjidini ol segseninji ýyllaryň ahyrlarynda remont etdi. Obanyň birtopar bulagaý adamlary onuň üstünden şikaýat etdiler. Ony žurnalist Oraz Guwanjalyýew oblast gazetinde ýazgaryp ýazdy. Köne mugallym Kaka Hallyýew hakynda-da şeýle boldy. Bir gezek işdeş ýoldaşym Myrat Sopyýew bilen Garrygala prokurorynyň öýünde bolanymyzda, kellesi sämen öý eýesi ýaňky iki adamyň garşysyna iş gozgap, olary basjakdygyny aýtdy. Men oňa muňa hiç hili esasyň ýokdugyny, eger şeýle hereket etse, menem onuň garşysyna maglumat tapjakdygymy aýtdym. Bu gürrüňi onuň goňşusy Allaberdi Nazar öýe girip-çykyp duransoň eşiden eken. Ol soň-soňlaram meniň prokurora berk gaýtawul berenligim hakda obadaşlara gürrüň edip bererdi. Arada Meret ( kakasy Eke Öwezmyrat, ol 92 ýaşap, Aşgabatda ýogaldy – A.Ç.) şeýle zady gürrüň berdi. Gürrüň Oraz kiçi hem-de Annamuhammet Dograýak hakda (olaryň ikisem biziň ýegenlerimiz bolmaly) gidensoň, şonda Meret şeýle diýdi: – Kakamyň üstünden şikaýat edenlerinde, Oraz kiçi hem hata gol çekipdir. Kakam: «Oraz, sen meniň öz garyndaşym, ikimizem çaryk tiresinden-ä» diýip aýdanda, ol «Men çaryk däl, men gökleň» diýip jogap beripdir. Olaryň kakalary gökleň, ejeleri biziň atamyz Çary Balynyň aýal dogany Annatäjiň çagalary. 1959-njy ýyllarda 37-nji ýylda «halk duşmany» diýlip tussag edilen atam oba dolanyp gelende, «Çary Baly Eýrana geçjek bolýar» diýip, serhetçilere Annamuhammet Dograýak ýamanlapdyr. Şonuň üçinem atamyzy uzak aýralykdan soň, obada birki gün bolandan soň, ýene-de yzyna Garrygala tarap iberdiler. X X X Şu gün irden süýtçi aýal: «Düýn awtobus duralgasynda bir ýaşuly özünden gidip ýykyldy. Duranlaryň birem «näme boldy?» diýip, ol ýaşulynyň ýanyna barmadylar. Men onuň ýüzüne suw sepdim. Özüne geldi. Duran bir gyza «Skora jaň et» diýdim. «Maňa näme boldy?» diýip, ýaşuly aýtdy. Ýöne onuň ýüzi gyşaran eken. «Ýaşuly, bagyşla, üstüňe men suw sepdim» diýdim. Meni geň galdyran zat, ýekeje adamam şol adama näme boldy diýip gyzyklanmady. Howa tutuş iýul gaty gyzgyn boldy – 45-50 gradus. 08.08.2018 Öten agşam şahyr Azat Rahmanow bilen telefonda gürleşenimizde, ol TKP NK-nyň öňki birinji sekretary Muhammetnazar Gapurow bilen bolan bir wakany gürrüň berdi. Azadyň inisi Aşgabat şäher GAI-siniň başlyklarynyň biri bolup işledi. Gapurowy 1985-nji ýylda işden boşatdylar. Işden boşansoň ol WDNH-da başlyk boldy. Ol ýerden boşansoň, ol şäher awtobus, trolleýbus maşynlaryna münýärdi. Hiç kimden hederi ýokdy. Günleriň bir güni Azadyň inisiniň işleýän ýerine gelip, maşyn sürmek okuwynda okap, maşyn sürmäge hukuk berýän şahadatnama aljakdygyny aýdypdyr. Oglanlar onuň sada adamlygyna geň galypdyrlar. Ol şeýle şahadatnamany wezipeli wagtlaram alyp biljekdi. Oglanlar onuň bu haýyşyny ýerine ýetiripdirler. 09.08.2018 Ýaňy goňşym Aleksandr Aleksandrowiç Ýeskowa howluda gabat geldim. «Maýa Mollaýewa ýogalypdyr, eşitdiňizmi?» diýip soradym. «Ýok, Maýa Mollaýewa diri, men onuň bilen ponedelnik telefonda gepleşdim. Telefony ilki adamsy Tekebaý Altyýewiç göterdi. Men «Maýa Mollaýewa bilen gürleşip bolarmy?» diýdim. Trubkany Maýa Mollaýewa berdi. Biz onuň bilen gepleşdik. Keýpi gowy eken» diýdi. Men oňa jaň edenimiň sebäbi, arhiwdäki oglanlar Maýa Mollaýewanyň saglygynyň erbetdigini aýdansoňlar, oňa jaň etdim. Onuň keýpi haçanda ony işden boşadanlarynda ýaramazdy. Oňa «Siz şu günden -- 13.04.2018 (12-nji aprel güni hem ol doglan gününi belläpdi) işden boş. Iş gününiň dowamynda ähli zadyňyzy ýygnaň-da kabinetem boşadyň» diýipdirler. Ýeskow maňa: «Men şu gün siziň aýdan habaryňyzy biljek bolup Maýa Mollaýewa jaň ederin. Soň muny size aýdaryn“ – diýdi. Ol ile belli bir şahyryň goşgularyny okaýandygyny , ýöne ol goşgularyň samsyklaçdygyny gynanyp aýtdy.«Azatlygyň» 5-nji awgustdaky habaryna görä (ýekşenbe) Maýa Mollaýewa ýogalan bolmaly. Emma Ýeskow 6-njy awgustda (duşenbe) onuň bilen telefonda gürleşendigini aýdýar. Meniň pikirimçe, bu zatlar ýörite gurnalýan zatlar. 12.08.2018 Düýnden başlap, ertir irden – sagat 6-da turup, 7-ä çenli ýöräp başladym. Soňky döwürlerde howanyň yssylygy üçin ýöremek ýatdan çykdy. Howa, şu gün irden salkyn boldy. Düýn beýle däldi. 23.08.2018 Aşyryň kyrkyny 20-sine geçirdik. Mergeniňkini 27-sine, duşenbe güni... Geldi Rejep, obadaşymyz şonda bir zat aýtdy: «Men ýedi gezek infarkt bolup ýatdym» diýdi. Gaty geň. 03.09.2018 Daşyna haýat çekilen Garadamak gonamçylygy gözgyny ýagdaýda. Ýandakdyr haşaldan ýaňa görer ýaly däl. Şu gün Orazgülüň doglan güni. Serdar bilen gonamçylyga bardyk. Ýegen bilen Orazgülüň başujunda aýat okadyk. Ýaşap ýörenliginde ol şu gün 69 ýaşamaly. Mazaryň içini, daşyny haşal otlardan arassalamaly. Şu gün dynç alyşda Serdar bilen geleris diýdik. Indi näçe günden bäri bokurdak mäzim (tüýkülik mäz) ulalypdyr. Agzymyň kepäp ýörmesi hem bir protogyň ýapylmagy bolmagy ahmal. Oňa sereden Magtym doktor birnäçe günden bäri protogy açyp, sanjym edýär. Sanjymyň ujy gatap, duza ýa-da daşa degýär. Ukol barmaly ýerine baranok. Şu günem 11-lerde bardyk. „Blokada ederis“ diýipdi. Ukol bilen çäklendi. Ukolyň özi şo gaty zady ownadar diýdi. Şeýle bolsun-da. Çiş yzyna gaýdýar. Bu gowulygyň alamaty. 10.09.2018 Şu gün öýlän meni sorap, Köýtendag etrap kitaphanasynyň işgäri Oral Temirow geldi. Ýany bilen «Bereket», «Ýürek ýatlamasy», «Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi», «Seniň söýdük gara gözleň» atly kitaplarymy hem alyp gelipdir. Olara awtograf ýazmagymy haýyş etdi. Ýazyp berdim. Oralyň özi özbek. 1954-nji ýylda doglan. Başga-da kitaplarymy, makalalarymy okapdyr. Ony men ilkinji gezek görşüm. X X X Azat jaň etdi. «Edebiýat we sungat» gazetiniň işgäri Akjemal Çaryýewanyň ýogalandygy hakda oňa jaň edip aýdypdyrlar. Akjemaly men «Edebiýat we sungat» gazete işe ýerleşmegine kömek edipdim – 1987-nji ýylam bolmagy ahmal. Goňşusy ýazyjy Oraz Ýagmyr haýyş edipdi. Şo döwürde Akjemalyň ýanýoldaşy awariýa düşüp ýogalan eken. Ýatan ýeri ýagty bolsun, adamkärçilikli gelindi. 22.09.2018 Gurbandurdy Çaryýew, kompozitor: Telefonda Leýla Mämmedowanyň aýtmagynda «Durnalar», «Toý aýdymy» (meniň sözlerime) eşitdirdi. Gurbannazar Ezizowyň sözlerine başga bir ýaş aýdymçy oglanyň aýdan «Seni söýüp göz ýetirdim bir zada» atly aýdymy (Gurban ony täze ýazypdyr) eşitdirdi. – Nury Halmämmet bilen köp tirkeşdim. Bir gezek onuň bilen Nusaýyň ýokarsynda oturdyk. – Daňatar Öwezow nähili kompozitor? – diýip soradym. Ol hiç zat geplemän, başyny topugyna çenli egip durdy. Soňam başyny galdyryp: – Indi onuň ýaly kompozitor döremez – diýdi. – Özüň näme? – diýsem, – Ýok, bizem ýazýas, ýöne onuň deňine ýeter ýaly däl. Durky bilen milli. Durşy bilen heň – diýdi. Şondan soň meniň oňa hormat-sylagym hasam artdy. Bir gezegem men, Nohur obada, Baba aganyň (nohurly) howlusyndaky kireýine ýaşaýan jaýyma Nury bilen geldik. Keýpimiz bäş. Ertesi irden Nury: «Näme etseň et, şumat ýarym litr tap» diýdi. Menem kellämi krowadyň aşagyna sümdüm. Nury aýagymdan çekýär. – O ýer gapy däl. Gapy başga ýerde – diýýär. Meniň gizläp goýan çüýşämi görüp, «Ýene-de sümülsene» diýip degişýär. Daşarda gowurmany gyzdyryp öýe girdim weli, Nury pianinonyň başynda oturyp, üýtgeşik bir saz çalýar. Men oňa: – Nota geçir. Bu taýyn aýdym – diýdim. Ol: – Aý, durak, men-ä elimi oýnadyp otyryn – diýdi. Kompozitor Aman Agajyk bilenem garyndaş çykdyk. Muny men Aman Agajyk ölmezinden öň üç-dört ýyl onuň özüne aýtdym. – Bi nähili beýle? – diýip sorady. Biziň agamyza Magtym Çary diýýärdiler. Suhan Babaýew döwründe ministr bolup işlän. Soňam gowy işlerde işledi. Bir gezek, sazçylyk uçilişesinde kompozitor mugallymymyz Aşyr Kulyýew sapak geçip otyrka, ýoldaşym güldi. Men güldümikä diýip, Aşyr Kulyýew meni sapakdan kowdy. Soňam arakesmede yzyna düşürip äkidip, dokumentlerimi elime berdi-de, «Okuwdan çykaryldyň» diýdi. Men elime dokumentlerimi alyp, Fontannaýa köçesinde ýaşaýan agamyz Magtym Çaryň öýüne geldim. Daşarda gyşaryp oturan eken. Saglyk-amanlykdan soň, «Näme keýpiň ýok-la? Itden gorkduňmy?» diýdi. Men bolan zady aýtdym. Şobada jaň etmäge başlady. Aşyr Kuly bilen saglyk-amanlyk soraşandan soň, «ýene ganawa düşürmejek bolsaň, sen, (meň adyny tutup) şol oglany diňle, ýanyňa barar» diýdi. Barsam, uçilişäniň derwezesiniň öňünde Aşyr Kuly garaşyp otyr. «Tanşyňmy?» diýip sorady. «Agam» diýsem, «öň aýtmaly ekeniň» diýdi. Soňam ol «Magtym Çara salam aýt» diýip, oňa menden salam gönderýärdi. Ine, şol Magtym Çaryň aýaly, biziň gelnejemiz, Aman Agajykowyň aýal dogany eken. General-leýtenant Süleýman Ýusubow hem kakamyň inilerinden. Ol häzirem aýak üstünde. Ýaşy 90-dan geçdi. Tüweleme, ylgap ýör. Haky Annamyradow diýip dostum bardy. 50 ýaşamaga bir aý galanda ýogaldy. Ine, bir gezek dost oglanlar bolup oturylyşyk etdik. Soňundan Mäti diýip bir dostumyza söz berdik, olam: – Indiki gezegem özli-özümiz bolup şeýdip oturalyň. Aramyzda narpyz bolmasyn – diýdi weli, Haky: – Bolýa, mýati! – diýdi (mýata orusça narpyz-da) hezil edip gülüşdik. Bir gezek men: – Kelläm derläp, suw akýar görsene – diýdim. Haky hem: – Iki kelle ýerlerini çalşypdyr – diýdi. Ýene bir gezegem: – Çagalaram ýetişerler, arkamyzdan dirärler-dä – diýsem, – Niräňden direjegi belli-le – diýdi. 06.10.2018 5-den 6-syna geçilen gije güýçli ýagyş ýagdy. Ýylyň başyndan bäri ilkinji ýagyş häzirem ýagmagyny şu pursatlaram dowam edýär. Şu ýylyň tomsy görlüp-eşidilmedik gazaply geldi, gaty yssy boldy. Çekip-çydardan agyr boldy. Köp adam gyryldy. Aşyram, Mergenem şonda, iýulda, bir hepdede gitdiler. Tomus ýene şunuň ýaly gelse, zaýaçylyk köp bolar. Alla görkezmesin! X X X Düýn Gurbandurdy Geldiýew (f.y.doktory, edebiýatçy alym) şeýle gürrüň berdi: – Neşirýatda bölüm nüdiridim. Allamyrat Garaýewiň golýazmasyny Tirkiş Sadykowa berdim. Olam okap, bellikler edipdir. A.Garaýew bir gün gelip, işgärimiz Şirinden «golýazmany görüp berjek» diýip, ony äkidýär. Soňam boýun alman, „golýazmany tapyň“ diýýär. Üstümden arza ýazmadyk ýeri galmady. Moskwada çykýan «Kommunist» žurnalyna-da ýazdy. Partiýa ýygnagyny geçirip, meni partiýa hataryndan çykardylar. Bir gün magaryf minisrti Nury Baýramsähedowyň ýanyna iş bilen girdim. Başymdan geçirenimi gürrüň berdim. Gynandy. «Sen daş çyk» – diýdi. Men kabinetden çykdym. Soň girdim. «Sen Otçersowyň ýanyna bar» – diýdi. (Otçersow TKP MK-nyň guramaçylyk bölüminde işleýärdi – A.Ç.). Otçersowyň ýanyna girdim. Täzeden maňa birki günüň içinde partbiledini berdiler. Azady diller institutynda işlän wagtym, bolmaýan zady aýtsaň, halamadylar. «Gowgaçy» adyny goýdular – diýip, G.Geldiýew aýtdy. Men oňa: - Rektory gowy oglan, seni goldamadymy? – diýip sorasam: – Men institutda kafedra müdiridim. Şonda Sapar Çary, o wagtlar, ýaş oglan ýanyma geldi. Ol Allamyrat Garaýew bilen bile uniwersitetde işleýän eken. Allamyrat kafedra müdirimi ýa dekan. Ol Sapara «Şu hata gol çek» diýipdir. Sapar haty okap görse, bir adamyň üstünden ýazylan eken. Gol çekmejegini aýdandan soň, Allamyrat oňa «Sen onda bu ýerde işläp bilmersiň» diýipdir. Gurbandurdy partiýa hataryna dikeldenlerinden soň, institutyň şol wagtky rektory Rejepdurdy Garaýewiň ýanyna baryp, bolan gürrüňi oňa aýdypdyr. Şondan soň R.Garaýew ony işe alypdyr. 24.10.2018 Kakabaý Gurbanyň (84 ýaş, 1935 ý.) inisiniň üçüne Annanur Çaryýar, Annamyrat Polat, Sähetmyrat dagy bolup görnüp gaýtdyk. Annanur Çaryýar şeýle gürrüň berdi: – Neşirýatda işlän döwrümde iki şahyr oňşanoklar. Komitetiň başlygy Ýomut Hoja «Bulary nätsekkäk?» diýdi. Men oňa «Komandirowka iber» diýip, maslahat berdim. Birini Moskwa, Sapar Öränem başga ýere iberdi. Şeýdip olaň kitap dawasyndan dyndyk. Ýylgaý Durdy pahyr Sapar Öräniň ýygyndysyndaky «Gyzlaryň» atly goşgusyny aýyrmaly» diýýär. Oňa-da Allaberdi Haýyt öwredýär. 27.10.2018, (şenbe) Şu gün Aman Nurmuhammet, Gurbanjemal Ylýasowa, Muhammet Emin, Sähetmyrat Kakyşow dagy bolup, Köşä, täze salnan jaýda (69-njy jaý) geçirilen sadaka göründik. Sadakany Italmaz Nuryýewiň gyzynyň ogly Kakajan öz babasynyň 80 ýyllygyny bellemek bilen geçirýän ekeni. Tanaýanlarymdan dramaturg Hudaýberdi Bäşimow, kompozitorlar Daňatar Hydyrow, Suhan Tüýliýew, himik Alty Aýdogdyýew (oňa Berdi Bäşim daýym diýdi, özem çlen-korr. bolmaly), soň Orazguly Annaýew, Nobatgily Rejebow, Gowşutgeldi Daňatarow, Atamyrat Atabaýew dagylar geldi. Aýat okadyp çykjak bolamyzda men Atamyrat bilen Orazguly, Nobat, Gowşutgeldi bilen aýak üstünde saglyk-amanlyk soraşdym. Atamyrat bilen görşüp, «Öňdebaryjy şahyr, nähili ganymatlaşýaňmy?! Gözüňe operasiýa etdiripsiň» diýdim. Olam «ýorka» diýdi. Menem «Aý, bizde-de şol başlanypdyr» diýdim. Nobatguly «Öňdebaryjy şahyr» diýenime düşünip, güldi-de. «Allaýar, nähili ýagdaýlaryň?» diýdi. «Öň görmeli zatlaryň ählisini gördüňiz, indi hökmanam däl» diýip degişdi. Öten agşam şahyr Azat Rahmanow jaň edipdi. Indi biz onuň bilen kyrk ýyla basalyk hemişe jaňlaşyp durus. Şonda ol şu gün «Edebiýat we sungatda» Nobatgulynyň Atamyrat Atabaýew hakdaky makalasynyň çykandygyny, makalada ol Atamyrada «öňdebaryjy şahyr» diýipdir» diýdi. Şahyra ussat , halypa diýilýändir weli, ýöne şahyr hakda öňdebaryjy sözüniň aýdylandygyny birinji gezek eşitdim. Men Azada Atamyrady görsem, degşip «öňdebaryjy şahyr» diýip aýdaryn diýdim. Aýdyşym ýalam, şu gün ony Italmazyň sadakasynda gördüm, aýtjak diýen zadymam aýtdym. Soň Gurbanjemala jaň etsem, «Italmazyň aýaly Gülje sizi gaty gowy görýär. Sizi görjek eken» diýdi. Ýöne soň beýlekiler «gelneje» diýip baryp görşüpdirler. Ýaňky sadakadan çykyp, teke bazaryndaky restoranda Gurban Agalyýewiň ýylyna geçirilýän sadaka hem Aman aga, Sähetmyrat dagy bilen göründik. 08.11.2018 Şu gün irden sagat 10-da institutyň alymlar geňeşi boldy. Meniň hem «Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň taryhy» atly iki ýyllyk meýilnamaly ylmy-barlag işimi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Synçylar Ahmet Mämmedow bilen Döwletmyrat Ýazkulyýew. Gowy baha berildi. Işde Hodzko, Samoýlowiç, Ostroumow, Oraz Täçnazarow, Gurban Sähedow hakda ylmy-barlag edildi. 10.11.2018, (şenbe) Şu gün «Mekan» köşgüniň arka ýüzünde ertir belleniljek hasyl baýramyna uly taýýarlyk görlüp otyr. Adam kän. Ösüp oturan daragtyň töwereginde alty-ýedi sany aýal maşgala elleri taýakly urup, şahalardaky saralan-u-saralyp ýetişmedik ýapraklary ýere gaçyrýarlar. Ýere dökülýän ýapraklaryň hasyl baýramyna, näme zyýany bar? Elbetde, töwerek-daş arassa bolmalydyr, ýöne munuň ýaly ýöntemlik nämä gerek bolduka? Gelinlere-de haýsydyr bir emeldar tabşyrandyr. 13.11.2018 Ýazgy depderçelerimiň birinde 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabr gününde eden ýazgymy tapdym. Şo döwürde men «Edebiýat we sungat» gazetiniň jogapkär sekretary wezipesinde işleýärdim. Baş redaktorymyz Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly baýragynyň laureaty Tirkiş Jumageldiýewdi. Ýazgyny, depderçämdäki ýazylyşy ýaly, hiç zadyny üýtgetmedim: «.1.IX.1988. Şu gün sagat 12-ä on minut galanda T.Jumageldi öýlerinden (baş redaktor) jaň edip, K. Gurbannepesiň ýogalanlygyny habar berdi. Şol gün gazetiň peçat edilýän günüdi. Indiki nomere bir sahypa berilmeli edildi. 2.IX.88. Politprosda 1330-dan 1500-a çenli K.G. bilen hoşlaşyk guraldy. Soň jaýlamaga äkidildi. 5-iň ýarynda gaýdyşdyk. Howa dymygrak, yssy boldy. Onuň öňki güni – 31.VIII-88 howa erbet bulaşdy. Ýyldyrym çakdy, ýagyş ýagdy. Ýürek we gipertonikler üçin erbet howa. Kerim aga-da ýürek agyrysy bilen köpden bäri azar çekýärdi. Mitingi (sekr. SK) H.Durdyýew açdy. Ilki A.Agabaýew, dosent Ýerşow, B. Jütdiýew, Gökdepe RK KP-niň I sekretary Çarygeldi Agalyýew, hudožnik Yzzat Gylyjow çykyş etdi. B. Hudaýnazarow Moskwadan, miting gidip durka geldi. Onuň guburyna köp sanly wenoklar goýuldy. Miting wagtynda TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy Roza Bazarowa, Sowminiň başlygynyň orunbasary T.Amangeldiýewa, TKP MK-nyň medeniýet bölüminiň müdiri A.Ryzaýewa, propaganda müdiri R.Garaýew boldular. Jaýlanan wagty adam azam bolmady. 300-400 töweregi. Politprosa Býuro çlenleri Žulenýow, Otçersow, Çertyşew, G.Orazow, H.Ahmedow gelip gitdiler. Nyýazow, Nesterenko, Hojamyradow gelmedi??? X X X Bu ýazgyny men geçen asyryň ellinji ýyllarynda Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary bolup işlän Suhan Babaýew bilen onuň öýünde bolan söhbetdeşligimiz wagtynda bellik edipdirin. Men onuň bilen 1989-njy ýylyň 19-njy fewralynda gürrüňdeş bolan ekenim. Men bu söhbetdeşligiň doly görnüşini makala edip «Türkmenistan» gazetinde çykyş edipdim. Aşgabat ýer titremesi döwründe S.Babaýew Ministrler Sowetiniň başlygy eken. Aşgabatda 1951-nji ýylyň başyna çenli ýer sarsgynlarynyň bolandygyny, ýer titremesiniň ilkinji günlerinde Aşgabada SSSR Goranmak ministriniň tyl işleri boýunça orunbasary goşun generaly Hrulýowyň gelendigini aýdypdy. Suhan Babaýewiç işden boşadylandan soň Moskwada bolandygyny, şonda uruş ýyllary TKP MK-nyň birinji sekretary Mihail Makarowiç Fonin bilen duşuşandygyny, ol şo wagtlar, ýalňyşmasam, Oba hojalyk ministrliginde işleýän bolmaly. Şeýle hem S.Babaýew otuzynjy ýyllarda Soltanbendiň gurluşygynda işlän döwri tanşan, soň TKP MK-nyň sekretary bolup işlän Sennikow bilen görşendigini hem aýdypdy. Suhan Babaýew bilen söhbetdeş bolnan wagty- 19.02.1989. Ol : "SSKP NK-nyň, Sowet Ministriniň kömegi türkmen halkynyň ýadyndan çykmaz“ diýdi. «... Sennikow kesel ýatan eken. Menem işden boşandan, soramaga öýüne bardym. Paraliç bolan eken. Meni görüp, kellämden gujaklap, aglady. – Sen – diýdi- ýekeje türkmen meni soramaga gelen – diýdi. Baş türkmen kanaly başlandy. 18 km. gazyldy. Stalin ölensoň, ony ýatyrdylar. "Tehnika beriň, özümiz getireris“ diýip, meseläni goýduk. 1954 ý. kanalyň ugry bilen gitdik. Ýarym aý dolduk 1958-nji ýylyň maýynda Baýramala, «Moskwa» kolhozyna suw geldi. Gazanjykda, sowhozda işlämde dowary 60 müň, düýe 1 müňe ýetdi“. *** Mämmetdurdy Annagurdow. 1.IX.89. Redaksiýada: R. Öwezow, M. Durdymämmedow, A. Çüriýew, Ç. Geldimyradow, O. Sähetgylyjow. – Meni gorkomyň sekretary Dementýew ( gürrüň 1937-nji ýyllar hakda barýar –A.Ç.) çagyryp, üstümden arza düşendigini aýtdy. Hamana meniň aýalym Töre ahunyň gyzymyşyn. Men oýlanyp durdum-da, Töre ahunyň sowatly adamdygyny aýtdym. Eger gerek bolsa wezipämi berjekdigimi aýtdym --şo wagtlar men neşirýatyň baş redaktorydym. – Aýalym Töre ahunyň gyzy däl. Ýöne obadaş bolmagynyň mümkindigini aýtdym («Zarpçy» kolhozyndan). X X X Bu ýazgymyz 1989-njy ýylyň 1-nji sentýabryna degişli. Şo gün redaksiýamyza («Edebiýat we sungat» gazeti) hormatly alymymyz Mämmetdurdy Annagurdow gelipdir. Şo gürrüňdeşlikde gazetiň orunbasary Rahman Öwezow, Annameret Durdymämmedow, Allaýar Çüriýew (jogapkär sekretar), Çary Geldimyradow, fotoçy Omar Sähetgylyjow gatnaşypdyr. Gürrüňdeşlik meniň kabinetimde bolan bolmaly. Mämmetdurdy aga şonda 37-nji ýylyň haýhatly günlerinde öz başyndan geçen wakany gürrüň beripdir (Şo gün Kerim Gurbannepesiň ýogalan günüdi). --Şo döwürde Şaja Batyrowam «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaktorydy. Onam kakaň çaýhanasy bar diýip işinden boşatdylar. Şaja «Başyň dik, janyň sag. Alada etme» diýdim. Oňa: “ Bibkollektorda müdirlik iş bar. Şonda işläber» diýdim. Ol ýedi-sekiz aý şo ýerde işledi. Häzirki «Watan» kinoteatrynyň ýanynda ýerzemin bardy. Şo ýerde işledi. 5-6 aýal işgäri bardy. Berdi Soltannyýazy ölmezinden 3-4 ýyl öň uniwermagyň ýanynda gördüm. Meni tanamady. Akly üýtgän ekeni. Soň aýaly Bibini görsem, «ýagdaýy şeýle» diýdi. Nahar berseňem, iýip bolansoň, «Meň garnym aç» diýýär. Ýa öýe gelip maňa «Sen kim?» diýip soraýar. Aýaly özünden bir ýyl öň öldi. Agasy Esen Soltannyýazy tutdurdy. Eseniň aýaly Berdä gargaýardy. «Görüňde dik oturanyňy bir görsedim» diýip aglaýardy. Ol diri. Ony men Marydan awtobusly gelende, giýewsinden eşitdim. Ol «Men Eseniň gyzynyň äri. Tejende ýaşaýan. Gelnejeň sowhozda ýaşaýar» diýdi. Özüňizden kiçi wezipedäki adamyň göwnüne degmäň. Ýöne depgilemäň. Mämmetdurdy aganyň ýatkeşligi gaty gowy. Pylanynyň pylan wagty, ýyly diýip toçna aýdyp dur. „ Gylyç Berdi (artist) kakasy Jepbarberdi, Marydan. 37-de teatrdan birtopar adamlary kowdular. Pomma Gylyç Berdä töhmet atyp çykyş etdi. «Kakasy pylan wagt ispolkom bolup işledi. Ikimiz obadaş» diýdi. Şondan soň Gylyç Berdi ýarym ýyldan gowrak işsiz gezdi“. 13.11.2018 MITT-iň 2-nji kitabynyň 253-nji sahypasynda Saragtyň kethudalary hökmünde Oraz hanyň, Gowşut hanyň, Rahmanguly hanyň, Sopy hanyň atlary agzalypdyr. 255-nji sahypasynda Aşgabadyň ady agzalýar. 262-nji sahypasynda söweşde (Saragt söweşi – A.Ç.) Gowşut hanyň atynyň öldürilenligi, 264-nji sahypada Muhammet Emin hanyň öldürilenligi aýdylýar. Ony türkmen Gurban keliň ýaralanlygy, Oraz hanyň ogly Nyýaz hanyň hem onuň kellesini çapandygy hakda ýazylypdyr. 268-nji sahypasynda Oraz han, 407, 409-njy sahypalarda Hojamşükür han hakda maglumatlar bar. Türkmen taryhyna degişli käbir maglumatlar: 1564-nji ýylda Nogaý ordasynyň hany Dinahmet Iwan Groznä ýazan hatynda «Türkmen ulusy meniň adamlarym» diýip ýazypdyr. Soň ol hatyny dowam etdirip, «Olar miras düşen» diýýär. Asly Maňgyşlakdan bolan 1665 sany maşgala Stawropol guberniýasynda mesgen tutunypdyr. Olar ýedisanlar (nogaýlar) hem-de galmyklar bilen bilelikde 1661–1674-nji ýyllaryň Krym hanlygyna garşy bolan söweşlere-de gatnaşypdyrlar. Pýotr I ýörite perman çykaryp, jemboýluklar, ýedişkullar, garanogaýlar bilen bilelikde türkmenlere-de Stawropoliýanyň demirgazyk böleginde çarwaçylyk etmäge rugsat beripdir. Ýöne türkmenleriň bu meselede diňe nogaýlardan soň hereket etmelidigi permanda görkezilipdir. Patyşa Ýekaterina Alekseýewnanyň döwründe türkmenler Astrahan gubernatory Beketowyň görkezmesi boýunça türkmenleriň bir bölegi Kizlýara göçürilipdir. Ýöne soň olaryň köpüsi yzlaryna, Wolga sähralyklaryna dolanypdyrlar. Maňňyşlakda ýaşan çowdur Bekdurdy işanyň ogly Nurmuhammet işan (ýörgünli ady Sary işan, doglan wagty 1806 ý. – A.Ç.) öz iliniň tanymal adamy hökmünde Aleksandr II-iň huzurynda-da bolupdyr. Günbatar Türkmenistanda ýaşan asly igdir türkmenlerinden bolan Mämmetsapa Kulyýew Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň çinownigi M.N.Galkin, 1869-njy ýylda Krasnowodskide ýerleşen rus harby otrýadynyň ýolbaşçysy Stoletow bilen hyzmatdaşlyk edipdir. Pýotr I-iň huzurynda bolan Hojanepes hakynda kimler bilmeýär?! 31.12.2018 Gündiz sagat onikilerde Tirkiş Jumaleldiýewe jaň etdim. Trubkany aýaly Bibi gelneje aldy. Tirkiş Jumageldiýewiçi Täze --2019- njiy ýyly bilen gutladym. Saglyk-amanlykdan soň ol maňa iki sany anekdot aýdyp berdi: - Maryda, sazanda Ýazgeldi Kuwwadowy bir toýa çagyrypdyrlar. Gelnalja gidiljek wagty her kim başagaý. Howa-da gaty yssy diýýä. Bir adam myhmanlary jaýa salyp, „Häzir geljek“ diýip, çykyp gidipdir. Ol adam geler ýerde gelmeýär. Ýazgeldem gaty suwsaýar diýýä. Näme etjegini bilenok.Bir wagtdan soň biri jaýa girýär. Şonda Ýazgeldi ondan: - Hüjri adyna meňzeş biri bizi şu jaýa salyp, "geljek“ diýdi welin, şoň ady nämed-ä?—diýip sorady diýýä. Ýazgeldi Kuwwadow bilen Amannazar Ataýew Moskwa gidipdirler.“Moskwa baryp gelen "Lenini gördük“ diýip gelýärler. Bizem ýaşulyny göräýsek nädýär, belkem, zaslužennyý almagymyza kömegi deger“ diýip, nobata duranlarynda başdan geçirenleri hakda-da aýdyp gülüşdirdi.. 19.01.2019 (şenbe) Birki günlükde oglanlaryň biriniň rowaýatlar hakynda ýazan ylmy işini "okamaly“ diýseler okadym. Onuň Türkiýede okap, şo ýerde on bäş ýyllap işläp gelensoň, Aşgabada gelip, institutda iki ýyla golaý işläp ýazan işi. Sekiz aýlap golýazmalar fondundaky rowaýatlaryň tas hemmesini göçürip alyp, (bir müň sahypalyk iş!), indem alymlar geňeşine hödürleýär. Onuň öz aýtmagyna görä, ugur ýene Türkiýä tarap. Meniň aňlyşyma görä, ol bu işini, türk alymlarynyň birini ýanyna alyp, Milli golýazmalar fondundaky gyzylyň gyryndysy ýaly edip toplanan türkmen rowaýatlaryny özi ýygnan hökmünde özbaşyna türk dilinde kitap edip çykarar. Mekir oglan ekeni! Munuň şeýle boljakdygy gümürtiksiz. Işde köp sözler türkiçe aňladylypdyr. Rowaýata derek legenda, efsana düşünjeleriniň hem ulanylýandygyny belläp geçipdir. Aslynda bular bir many aňladýar—rowaýat. Muny men bilsem-de, türklerde işläp gelen, stil terminini uslyp sözi bilen çalşyp ýören filologiýa ylymlarynyň kaniddaty Gurbandurdy Geldiýewiň pikirini bilmek isledim. (Ol indi ýarym ýyldan gowrak wagt bäri biziň iş kabinetimizde oturýar. Oňa oturýar sözi artyk gelýär. Ony esasy işiniň daşyndan ýarym stawkalyk işe aldylar. Her gün işe gelenok. Hepdäniň ikinji we dördünji günleriniň birinji ýarymy kabinete girip, zatlaryny goýup-goýmanka, çykyp gidýär. Bir sagat-bir ýarym sagatdan soňam gelýär-de, hoşlaşyp gidýär. Geň galmaly, her gezegem şeýle. Otagdaş işgärler filologiýa ylymlarynyň kandidaty ýaşuly folklorçy alym Gurbanjemal Ylýasowa-da, Ogulgerek Ussaýewa-da muňa akyllary haýran! Gapydan çykyp barýarka men: "Aga, legenda bilen rowaýatyň näme tapawudy bar?“ diýip, soramaga ýetişdim. Ol "Rowaýat durmuşda bolup biläýjek bir hakykata ýakyn. Legenda bolsa hyýaly zat“ diýip jogap berdi. Men "Rowaýata "efsan“ diýilmegine nähili garaýarsyňyz?“ diýip sorasam, ol "Menem öz işlerimde efsan diýip ulanýan“ diýdi. Men onuň yzyndan eşidibräk, "wah, wah, wah, wah...“ diýip, gaýtalap aýtdym. Öýkeledi öýdýän. Bir sagat töweregi bölüm müdiriniň kabinetinde kofeden keýpini kökläp gelip, sowuklyk bilen hoşlaşyp, zatlaryny alyp, çykyp gitdi. 25.01.2019. Şu çün öýlän Şewçenko köçesiniň ugrunda ýerleşýän keselhana baryp, tanşymyzy sorap gaýtdym. Ikinji gatdan aşak düşenimizde , çykalgada oturan bir garry adama gözüm düşdi. Ýazyjy Rahym Esendigini tanap, ýanyna baryp salamlaşdym. Eli hasaly. Keselhanada özüni bejerdýär. Ol ýalňyşmasam, 1927-nji ýylda doglan bolmaly. Diýmek, ol häzir 92 ýaşynyň içinde bolmaly. Meni tanadymy, tanamadymy, bilemok, özem soramady, menem aýtmadym. Çaty garrapdyr. Diýýäniň näme, 92 ýaşap gör, gözüň nämeleri görer. Ol ýeke özi ýaşaýan bolmaly. Göňşy bolup ýaşaýan adwokat Çaryýar Durdymyradowy bir gezek görenimde "Ýaşulyň ýagdaýyndan habar tutup durun“ diýipdi. *** Şu aýyň 23-ine, agşam sagat 12-lerde oýanyp, ýerimden turjak bolsam, başym aýlanan ýaly bir erbet zat boldy. Soň zordan kreslo geçip, dawleniýämi ölçedim: 160-da 90. Şu ölçegde munuň ýaly gorkunç zat bolmaly däl ýaly. Öňem birki gezek şeýle ýagdaý bolup geçipdi. 31.01.2019 Mylly aga, Pürli Sary, Sahy Jepbar, Amansaçly we başga-da köp sanly bagşy-sazandalar bilen duz-emek bolan, olar hakynda gowy ýatlamalar ýazyp, okyjylara hödürlän medeniýet işgäri bolup işlän hem žurnalist Halykberdi aga Gurbansähedow Marydan gelipdir. Düýn öýe jaň etdi. Öňinçäsi filologiýa ylymlarynyň kandidaty işdeş ýoldaşym Gurbanjemal Ylýasowa maňa, öýe jaň edip, Aşgabada, agtygynyň durmuş toýuna gatnaşmak üçin gelen Halykberdi aganyň gyzlarynyň özüne jaň edip, meni ýaşulynyň görmekçi bolýandygynyi, razylygymy alyp telefonymy olara berjegini aýtdy. Soň ara salym salmanam, Halykberdi aganyň özi jaň etdi. Men Halykberdi agany ilkinji gezek 1979-njiy ýylda görüpdim. O wagtlar men "Edebiýat we sungat“ gazetiniň baş redaktorynyň orunbasarydym. Geçen ýyl G.Ylýasowa iş sapary bilen Mara gidende oňa meniň salamymy hem gowşuran eken. Şonda ýaşuly meniň haýyşymy bitirip, özüniň "Sungat äleminde gaýnap joşanlar“ atly kitabyny-da gol çekip iberipdi. Halykberdi aga bu gezek bizi gyzy Aýbölegiň öýüne myhmançylyga çagyrýardy. Şo gün işden soň, Gurbanjemal Ylýasowa, Amangül Durdyýewa, Sähetmyrat Kakyşow dagylarymyz Halykberdi agany görmäge bardyk. Halykberdi aga garrapdyr. Häzir ol 83 ýaşynda diýdiler.Ol maňa:“Köçede görsem, seni tanamazdym“ diýdi. Elbetde, tanamajagy belli zat. Biz onuň bilen ilki görşemizde men otuz ýaşymda ekenim. Nesip bolsa şu ýyl ýene bäş aýdan 70 ýaşamaly! Halykberdi aganyň ýatkeşligi gowy. Iki sagatdan gowrak oturyp, ýaşuly bilen hoşlaşyp gaýtdyk. Bile surata düşdük. Gaýtjak bolanymyzda "Mämmet barmy?“ diýip sorady. "Ýogaldy. Ýogalanyna birki ýyl boldy“ diýdim.Gynandy. “Bile okanlarymyzdan diňe Maýa bar onda“ diýdi. Maýa-da Maýa Mollaýewady. Onuň Mämmet diýýäni ýaşuly žurnalist Mämmet Orusdy. Halykberdi aga Döwletgeldi Ökdirow, Nazar Gullaýew... dagy bilenem bir döwürräkde okan.Ol 1957-nji ýylda uniwersiteti tamamlapdyr. Aýdym-saz kružogyna-da ýolbaşçylyk edipdir. "Okuwy tamamlamda, kružogy Nazar Gulla tabşyrdym. Döwletgeldem aýdym aýdýardy. Men oňa iki dutardan bir gowy dutar ýasap beripdim“ diýdi. "Rejep Gylyç daýaw adamdy.Ony men diňledim. Burnundan torba asybermelidi“ diýdi. Halykberdi aga maňa öň ýazan makalalarynyň birnäçesini berip goýberdi. “Orazguly Annaýewe Atajan Annaberdi, Amannazar Aşyr hakda ýazan makalalarymy beripdim. Yzy ýitdi. Ýogsam bulary onuň öz haýyşy bilen ýazypdym. Gaýtam bir gezek meni görübem tanaman geçip gitdi“ diýdi.... *** Şu gün ejemiň ýogalan güni. Ýedi ýyl geçipdir. 02.02.2019. Telefonda Gurbanjemal Ylýasowa bilen gepleşdim. Ol menden Nartäjiň telefonyny sorady. "Mendäki telefon işde galypdyr“ diýdi. Men "häzir“ diýip, onuň telefonyny aýtsam, "Ýok, ol Nartäç däl, telewideniýede işleýäniň telefony gerek“ diýdi. O Nartäjiň telefonynyň men işde galandygyny aýtdym.“Şu gün oňa jaň edip, ýatladaýjakdym“ diýdi. Biz kompozitor Gurbandurdy Çaryýew hakda TW-de, "Mirasda“ gepleşik gurajak bolup, onuň redaktory Nartäje jaň edipdik. Ohdan bäri 5-6 aý geçdi. Ikimiziňem ol gelin bilen tanyşlygymyz ýok. "Bolýar. Ertir men oňa jaň ederin“ diýip, Gurbanjemala aýtdy. Ýöne ol Gurbandurdydan ertesem, birigünem habar tutmady. Bizem garaşyp ýörüs. Kompozitoram habarly. Gözleri görmänsoň, kompozitor işden galmaga mejbur boldy. Bizem onuň göwnüni götereli dýdik. Ýene bir gynandyran ýeri, aýdym-saz ugrundan gepleşik edýänem bolsa, onuň ýurdumyzda belli kompozitor, meşhur aýdymlaryň awtory Gurbandurdy Çaryýewiň adyny eşitmezligidi. Aradan näçe wagty geçirip, Gurbanjemal: "Mirasyň“ başlygy Bäşim Ataýewe jaň edip, haýyşyny aýtdy. "Bolýar. Men Nartäje aýdaryn“ diýip, Nartäje jaň etse, "Ol zähmet rugsadynda“ diýipdirler.3-4 günlükde Ylýasowa o gyza jaň etse, "Bolýar. Men habarly, başlyk aýtdy“ diýdi. Muny Gurbandurdyň özüne-de aýtdyk. Şondan soňam ol gyz ondan habarlaşmandyr. Ýaňy Gurbanjemalyň menden telefon sorap, maňa jaň edeni hem şonuň üçindi. *** 3-4 ýyllykda Milli golýazmalar institutyndan Gurbanjemal Ylýasowa, Şirinjemal Geldiýewa, Amangül Durdyýewa, Nabat Meläýewa, Akgül Jumaýewa dagy Daşhowuza, Magtymguly konferengiýasyna gatnaşypdyrlar.Gurbanjemal Ylýasowa konferensiýada şowly çykyş eden bolmaly.Çünki gowy çykyşy üçin adamlar ony gutlapdyrlar.Agşam ol ýaramandyr.Joralary Amangül Durdyýewa-da, Şirin Geldiýewa-da ertire genli görünmändirler. Ertesi ir bilen bir otagda ýaşaýan Amangül Durdyýewa gelip, "Myhmanhananyň direktory Nury janyň dosty (Nury Amangülüň dogany) eken. Meni görüp, aşaky gatdan bir adamlyk otag berdi. Şo ýerde boldum“ diýipdir. Toba tagsyr, eger şeýle bolaýanda-da otagdaşlaryňa habar ýetirmelidir-ä! Şo gije nähoşuň ýanynda diňe Nabat Meläýewa galyp, oňa seredipdir. Nähoş gaty erbet ýaramandyr.Ýöne daňa golaý gaýtarypdyr. Bulam Nabat Meläýewanyň uzak gije okan dogalarynyň netijesi bolmaly diýip, Gurmanjemal gürrüň berdi. Ögänden soň nähoşuň ýagdaýy birneme gowulaşypdyr.Ýoldaşyň ýaramasa, halyndan habar tutup durmak adamkärçilikden hyşan.Ýöne weli telim ýylyň jorasy men diýip ýörenleriň şo gezek özlerini görkezişlerine telpek goýaýmaly!.. *** Gurbanjemal Ylýasowa bagşy Hangeldi Annamyrat diri wagty aýdym diňlemek üçin "öz joralary“ Şirinjemal Geldiýewany, Amangül Durdyýewany hem ýanyna alyp barýan ekeni. Hangeldi aga Şirini maň goýuna, Amangüli tilkileriň şasyna meňzedýän eken. Amangüle «paýapyl» hem diýýän eken. Gurbanjemalyň özüne bolsa «çekirtgeleriň şasy» diýýän eken. «Muny ol meniň ýüzüme aýdypdy, ýöne olar hakdakylary olaryň özüne aýtmaýardy» diýip aýtdy. *** Arada Aşgabada gelen 83 ýaşly Halykberdi Gurbansähedowyň ýanyna görme-görşe barypdyk. Şonda «Allaýaryň ýazan aýdymlary kän» diýen ýaly gürrüň boldy. Halykberdi aganyň obadan gelen gyzy, ýalňyşmasam, ady Aýgözeldi. Gurbanjemala meniň «Gel, obamyň lälesi» atly aýdymym bilen özi bilen bagly bir wakany gürrüň beripdir. Mekdep ýyllary öz klasdaş oglany oňa «Gel, obamyň lälesi» atly aýdymyň goşgusyny hat üsti bilen beripdir. Muňa Aýgözel gaharlanypdyr. Jogaba derek ol oglany masgaralaýjy sözler bilen hat ýazypdyr. «Şol haty häzirem saklaýan» diýip, Aýgözel aýdypdyr. 15.02.2019. Şu gün Aşgabadyň 32-nji mekdebinde Liliýa Aleksandrownanyň klasynda açyk sapak geçirilipdir. Ol menden birküç sany goşgymy öz okamagymda haýyş eden eken. Men ony el telefonyma ýazdyrdym. Muny işgärimiz Sähetmyrat Kakaşow ýazyp aldy. Men «Woin», «Çerez dwadçat let» atly rusça goşgularymy okadym. Bu goşgulary geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başlarynda moskwaly şahyr hem ýazyjy, şo wagtlar «Literaturnaýa gazetanyň» baş redaktorynyň orunbasary Ýuriý Poroýkow terjime edipdi. Bu goşgular «Smena» žurnalynda-da Ýeňiş baýramy mynasybetli çap edilipdi. Açyk sapaga şäheriň mekdeplerinden 10-15 mugallym gatnaşypdyr. Açyk sapak gowy geçdi diýip aýtdylar. Sapak meniň döredijiligime bagyşlanan bolmaly. 20.02.2019. Jora bilen Sapar Öräniň aýaly Arzygülüň belli gününe – 7-sine göründik.Çadyrda aýat okadyp, Sapar Örä – yzy ýarasyn diýmäge, öýüne girdik. Krowatda uzyn düşüp ýatan eken. «Yzy ýarasyn» diýdik. Aýaly 84 ýaşynda eken. «Özüm 88 ýaşymda» diýdi. Nury Baýramsähedi ýatlady, moskwaly myhmany bilen. «Il-gün sylady» – diýdi. «Allaýaryň gelenine geň galdym» diýdi. «Deňiz guşum» aýdymyny diňleýändigini aýtdy. Jora onuň gyzlar hakdaky käbir goşgularyndan aýtdy. Muňa-da şahyryň keýpi kökeldi. «Gelip duruň. Oglum gowy palaw bişirýär. Häzir ol 58 ýaşynda. Könäni ýatlaşyp oturarys» diýip galdy. Aýalynyň kyrky 26-njy mart töweregi bolmaly. «Elmydam ýadygärlikleriň ýanynda durup goşgy okaýan oglana halk ýazyjysy berlipdir» – diýdi. Adyny ýadyna salyp bilmedi. Jora onuň kimdigini aýtdy. «Şol oglan Pylanynyň maşynyndan düşmeýärmiş» – diýip gürrüň eşitdim» diýdi. 24.02.2019. Ýaňy Serdar jaň edip, Saparyň düýn ýogalanyny habar berdi. Dawleniýesi galyp, Garrygalanyň keselhanasynda birküç gün ýatyp, infarkdan ýogalypdyr. Sapar meniň obadaşym, garyndaşym, mekdep ýyllarymda iň ýakyn dostumdy. Ýatan ýeriň ýagty, jaýyň jennetden bolsun, dostum. 01.03.2019 (05:45) Düýşümde oba baran ekenik. Ýanymdaky pulumy gapjykdan tapmadym. «Nirede goýdumkam?» diýip, gynandym. Köne öý, köne mellek. Gurbanjemalam, Meredem, Saparberdem... bar ekeni. Ilki bilen pulumyň ýokdugyny lokga eneme ýuwaşlyk bilen aýdýan. 7-8 million manat. Oýansam, düýşüm eken. Işleýän institutymyz Dil-edebiýat instituty bilen birleşdi. Birki günden onuň işgärleriniň iş düzümi belli bolmaly. Arada ýygnak bolup, işgärleriň sanynyň azaljakdygynyň, tehniki işgärleriň hemem pensioner işgärleriň käbiriniň işden çykaryljakdygynyň ähtimallygyny aýdyldy. Munuň üçin işgärleriň ählisine gol çekdirildi. Puluň ýitirim bolmagyny men işden gitmek bilen bagladym. *** Düýn işde Döwlet bir alym ýoldaşymyzyň Diller institutynda hytaý dilinden talyplara sapak öwredendigini (6 aýlap) aýdyp gülüşdirdi. 02.03.2019. 15:20 Şumat Batyr Aga ýaşulynyň ogly (Garajaýew) jaň edip, «kakam 5 minut mundan öň ýogaldy» – diýdi. Aga Garajaýew bilen biz weteranlar guramasynda bile işleşdik. (2003-2006 ý.). Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Aga ýaşuly. Aga ýaşuly uruş weteranydy. Ýalňyşmasam, 1922-nji ýylda doglan bolmaly. Baýramaly raýonyndan. Özi müjewürlerden. Aga ýaşuly bilen hoşlaşmak üçin merhumyň öýlerine baryp gaýtdym. Ertesi sagat 10-larda ony çykarýarlar. Meniň bilýänimden Aga Garajaýew Aşgabatda iň soňky uruş weterany bolmaly – eger Geldi Bäşimow ýogalmadyk bolsa. Geldi aga-da 1922-nji ýylda doglan. Ol Stalingrad söweşi hakynda weteranlar guramasynda işlänimizde gürrüň berýärdi. Käbir «Men urşa gatnaşdym» diýip ýörenleriň urşy görmediklerini-de aýdyp bilýän adamdy. Batyryň aýtmagyna görä, Aga ýaşuly öýken näsazlygyndan ýogalypdyr. Şu gün – 03.03.2019-njy ýyl, Aga ýaşulyny iň soňky ýoluna ugratdyk. Ogly Batyr şeýle gürrüň berdi: – Weteranlar guramasynyň başlygy podpolkownik Tokaýew, – haramzada, edara maşyny awariýa edipdir. Şopuryny kakamyň ýanyna iberipdir. Ol maşynda oturanyň özi däl-de, orunbasary – meniň kakam «Men otyrdym» diýmeli eken. Kakam ýakasyny tutdy. Haýran galdy. Nämäň-nämedigine düşündi. Şopury gaýtaryp goýberdi». Ine, şu wakadan hem Watan goragçysy Tokaýew ýalylaryň kimdigini anyk bilip bolmaýar. Gynansak-da, Tokaýew ýalylar az däl. Aga ýaşulyny bir gezek göremde şeýle diýdi. – Pena Rejebow ýogalanda bardyk. Şonda ol (Tokaýew) maňa içmesemem sowuk içgini içirdi. Şondan bärem men ýaramok – diýipdi. Öýkeni sowuklan bolmaly. Batyr «Kakam soňky günlerde dem alyp bilmedi. Öýken zaýa bolan bolmaly» diýdi. 06.03.2019 (üçünji gün) Şu gün Beýik Watançylyk urşunyň iň soňky weteranlarynyň biri Aga Garajaýewiň ýogalanynyň üçi güni. 12-lerde ýaşaýan ýerine bardym. Hiç kim ýok. Gapysy ýapyk. Adam-gara ýok. Yzyma gaýtdym. 08.03.2019. Şu gün goňşy oglanlaryň biri, Begli atly 8-nji klas okuwçysy menden «Allaýar aga, siz duran ýeriňizden goşgy aýdyp bilýäňizmi?» diiýp sorady. Men «ýok» diýdim. Ol ýene «Siz Magtymgulyny gördüňizmi?» diýip sorady. «Ýok. Ol irräk ýogalypdyr» diýip jogap berdim. 10.03.2019. Uzakly gije diýen ýaly döşümde agyry peýda boldy. Aşgazanmy ýa ýürek bilip bilmedim. Düýn Çaryýary Moskwa ugratdyk. Aşgazanda çiş bar. Ýany bilen Baýmuhammet, Serdar, Gülaýym gitdiler. Düýn – 9.03.2019. Çaryýaryň doglan günüdi, 61 ýaşy doldy. 18.03.2019. (Duşenbe) Merede jaň etdim. Moskwadan habar ýok. Şumat – ýaňky jaňdan 10-15 minutdan soň Meret jaň etdi. Baýjan Moskwadan jaň edipdir. Çaryny operasiýa edipdirler. Açyp görüp, ýene-de ýapypdylar. «Bir hepdeden soň çykararys» diýipdirler. Sag-aman gelseler bolýar. Düýn Eneçeper bilen Pirnazar hem Moskwa uçdular. 19.03.2019. (Sişenbe) 30 ýyllap ýurduň baştutany bolan Nursoltan Nazarbaýew şu gün özüniň işden çykýandygyny yglan etdi. Häzir ol 78 ýaşynda. Gazagystanda bir aýa golaý wagt mundan öň tolkunyşyklar başlanypdy. Onuň sebäbi Astananyň gyrak-bujagynda ýaşaýan maşgalanyň öýünde ýarygije ot tutaşyp. Hossarsyz çagalar oduň içinde galypdyrlar. Şondan soň aýallar durmuşlarynyň agyrdygy hakda aýaga galdylar. 21.03.2019 Gurbandurdy Çaryýew, kompozitor: – Gurbandurdy Gurbansähedow Weli Muhat bilen öýlerine barýarkak, öňümizden çykdy. Maýa Pürliýewa bilen jorasy Gurbangylyjowa ikisi ýanyna gelip “Magtymgulynyň gowy goşgularyny saýlap beriň. Aýdym ýazjak” diýişlerini gürrüň berip, hezil edip güldi. 23.03.2019. Şu gün düýşüme Orazgül giripdir. Amerikada ekenik diýýän. Münjek awtobusymyzam, Orazgülem tapman gynanyp oýanypdyryn. 30.03.2019. Öten agşam Kiprden gelen çykanym akademik, professor Allaberen Aşyralyýew bilen Serdarlaryň öýünde boldum. Agşam 7-lerden 12-ä çenli gürleşip oturdyk. Ol esasan özi, öz durmuşyndan geçen wakalary, ylmy halypasy woronežli matematik alym Pýotr Alekseýewiç Sobolewskiý, onuň aýaly, şo ýerde aspirantura kabul edilişindäki kynçylyklar, aý, garaz, köp zatlaryň başyny agyrtdy. Ýatkeşligi gowy. Bir aýdan zady ýadymda galdy: Onuň ejesi biziň daýzamyz, nohurça aýdaňda – hälämiz, kakasy mugallymymyz – Orazmuhammet Aşyralyýew, oba arasynda tutulýan ýörgünli ady – Oruçjy. Gowy adamlardy. Ýaşynyň soňunda mugallymymyz obamyzyň Dere diýlip atlandyrylýan ýere göçüp, şo ýerde hem ýaşaýardy, metjit gurmagy niýet edinipdir. Çünki o ýerde ýaşaýanlara obanyň merkezindäki Molla Ysmaýyl ahunyň (ol biziň babamyz, Goçmyrat ahunyň uly gardaşy. Ahun babamyz ysmaz keseline duçar bolup, 1930-njy ýylda ýogalan bolmaly) gatnamaklyk daşdy. Soň Allaberdiniň tagallasy bilen dine gözegçilik edýän Myrat Garryýewiň maslahat bermegi netijesinde «Namaz okalýan ýer» diýip, jaý gurmaga rugsat alypdyr. Metjit diýseň bolanok, namaz okalýan ýer diýseň, bolýan eken. Dini baýramlary geçirýäň, dini ygtykatlara uýýaň diýip, ony 3-4 gezek howpsuzlygyň adamlary gelip gürleşip gidipdirler. Soňky gezek öz garyndaşlarym, hiç ýerde gürrüň etmezler diýip on sany adamy gurbanlykda öýüne çagyryp, nahar beripdir. Aradan salym geçirmän degişli guramadan wekili gelip, onuň bilen gürrüň geçiripdir, munuň mekdep mugallymy üçin hiç hili bolmaýandygyny aýdypdyr. Mugallym boýun almajak bolupdyr weli, wekil «Seniň şol goýny nirede öldürip, soýandygyňy hem görkezip biljek» diýipdir. «Görkez» diýlensoň, ol mugallym bilen gan çykarylan agylyň içine giripdir we goýnuň ganyny görkezipdir. Şol on adamyň içinde şo wagtlar mekdepde mugallym bolup işleýän iki sany mugallym hem garyndaş diýlip çagyrylan eken. Allabereniň aýtmagyna görä, iki mugallymam ateist eken.Şondan soň Oruçjy mugallym mekdepde bile mugallym bolup işleýän halypa mugallyma «Ogluň şeýtdi» diýip aýdypdyr. Halypa bu gabahat işi üçin ogluna gaty käýýäpdir we «obadan çyk» diýip, kesgitli aýdypdyr. Şeýdibem, ýaş mugallym işleýän mekdebini taşlap, şähere geldi. Şähere gelibem meniň ýanyma, «obada saglygynyň ugry bolmandygyny» aýdyp, menden iş sorady. Eger-de ol başda maňa ýaňky hakykaty boýun alyp, gürrüň beren bolsady, belki, men oňa hemaýat hem etmezdim. Agşam men Allaberene ejesi Annajemal daýzamyň biziň babamyz Hudaýberen serdar Babasadyk ogly hakda beren gürrüňiniň ses ýazgysyny diňletdim. Men muny oba baramda, 1990-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda, öýümize gelende magnitofona ýazyp alypdym. Ýazgy 30 ýyla geçenligine garamazdan, saklanyp galypdyr. Meniň arhiwimde mundan başga-da gaty köp şahsyýetleriň ses ýazgylary bar, olary şu günki güne çenli saklaýan *** Düýn kompozitor Gurbandurdy Çaryýew bilen şahyr Hudaýguly Allamyradowy ýatladyk. – Aýdymçy Myrat Diwanaýewe bir gezek gabat geldim. Ol «Men Hudaýguly bilen goňşurak ýaşaýan. «Üç-dört günlükde onuň öýleriniň deňinden geçip barýarkam, birtopar üýşmek bolup duran kitaplary görüp gyzyklansam, şo ýerdäki çagalar kitabyň eýesiniň ýogalandygyny, kitaplary öýi täze satyn alan adamyň otlaýandygyny aýtdylar» diýipdir. Gurbandurdy muny eşidip barsa, ol Hudaýgulynyň ölende hiç kimiň bilmändigini, megerem iki-üç günläp öli ýatandygyny, «Tiz kömegiň» äkidendigini, nirede we haçan jaýlananyny bilmändigini aýdýar. «Belki, onuň jesedi anatom kabinete tabşyrylandyr. Okuw sapagynda ölen adamyň içki goşlary öwrenilýän ýer» diýdi. Gurbandurdy täze göçen adamy – 45-50 ýaşlarynda, türkmen adamy görendigini, näme üçin kitaplary ýakandygyny, ýakmaly däldigini aýdypdyr. Onda ol adam «Maňa-ha ol kitaplar gerek däl. Men kitap okamok» diýipdir. Şonda Gurbandurdy oňa jany ýanyp: – Ýigit, sen bihudaý adam ekeniň – diýip gaýdypdyr. Gurbandurdy Çaryýew: – Praýanygy Türkmenistana getiren Çary Baýmyratdyr – diýdi. Ol Baýramalynyň pekarnýasynda direktor bolup işläpdir. Ellinji ýyllarda Kiýewe gidende pekarnýada bişirilýän prýanigi iýip görüpdir. – Ony bişirýän oglan bilen gürleşip, Baýramala getiripdir. Raýkomyň sekretary dýadýa Mişa (M.Mnasakan) bilen gürleşip, oňa üç otagly jaý alyp beripdir. Çary Baýmyrat Türkmenistanyň halk hudožnigi, ilkinji türkmen multiplikatory Möjek Çaryýewiň kakasy. Möjek bilen Durdygözel ikisi dogan. Ýetimçilikde ösenler. Çary Durdygözele öýlenipdir. Çagalary bolmansoň, Çary aýalyna «Çagalarymyz-a bolanok. Möjegi ogullyk edeli» diýipdir. Oňa öz familiýasyny beripdir. Çary aga ýaş gitdi. Onuň Aşgabatda köriçegesini aýrypdyrlar. Öýüne gelensoň beterleşipdir. Mary sebitinde ökde bir orus doktory bardy. Ol Çaryny täzeden açyp görse, onuň içinde operasion gaýçy galdyran ekenler. Gaýçy ýürege dürtülip dur. Çary 50 ýaş töwereklerinde şondanam öldi – diýdi. Möjegiň öňki aýalyndan bir ogly häzir Bostonda ýaşaýar. O ýerde onuň ogly bolanda kakasyna jaň edip «Adyna näme goýaly?» diýýär. Möjegem haýwan adyndan ýadadyk. Adam adyny goýaly. Oňa «Adam» diýip at goýaý» diýýär. Olam ogluna Adam diýip at goýupdyr. «Bostonyň ýarysy Adam adyny göterýär» diýip, ogly kakasyna jaň edýär diýýär. Möjek Çaryýew häzir 76 ýaşynda. Toýlarda bir gyrada oturyp, adamlaryň suratyny çekip, pul gazanýar. Günde birki ýüz manat gazanýan bolmaly. 31.03.2019. Çaryýary soramaga Çoganla gidip geldim. Gidişin M. bilen gitdik. Gaýdyşyn Amansähet ýegen bilen gaýtdym. Öýe geldim. Çaryýar ýatan ýerinden maňa jaň edip, M-niň hereketleriniň geňdigini aýdyp, «gowusy onuň bilen tirkeşme» diýdi. 01.04.2019. «Institutda işlemeli adamlaryň sanawy tassyk bolup gelipdir. Bizden bir tam süpüriji işden boşadylypdyr» diýdiler. Ol pensiýada, ýöne iň oňat tam süpürijidi. *** Şahyr Italmaz Nurynyň ogly 90-njy ýyllarda uly bergidar bolupdyr. Italmazyň özi ölen. 4 otagly atasynyň jaýyny 24 müň manada (şo döwrüň puly bilen) algydaryna satypdyr. Ejesi Güljan mundan bihabar. Nätmeli? Gurbanjemal Ylýasowa öz ýoldaşy bilen oňa şahyr-ýazyjylardan pul ýygnamaly edipdirler. Ýöne şol aralykda Güljanyň obada özüne miras galan – ol maryly belli halyçy Ajap ejäniň agtygy eken, onuň öýi, dokan haly-palaslary galan eken. Ogly şol palaslary alyp, ýoldaşy bilen Moskwa gidýärler. O halylary 25 müň manada muzeýe tabşyrýarlar. Jaý aljak adam öý eýesini gyssaýar. Üýşüp, her kim güýjüniň ýetdiginden pul berip biljekdigi hakda maslahatlaşyp otyrkalar, şo wagtlar Moskwa gidenler gapydan giripdir. Palaslary 25 müňe satandyklaryny habar berýärler. Ogulgerek Ussaýewa bir müň manat goýup gidipdir. «Pulumyzam bolmasa, biz üç müň manat tapjakdygymyzy aýtdyk» – diýip, Gurbanjemal aýtdy. Şonda Italmazyň jan ýaly dosty Atamyrat Atabaýew sesini çykarman oturdy. Jumadurdy Nepesow hem aýaly bilen şeýtdi. Ýogsam onuň aýaly Güljanyň ýakyn garyndaşydy. 03.04.2019 Şumat Döwlet Ýazkulyýew jaň edip, Аmanmуrat Вugаýewiň Balkan tarapda maşyn heläkçiliginde 5 sagat mundan öň ýogalandygyny habar berdi. Düýe kakypdyr. Bugaýew «Аzаtlуgуň» habarçysy bolup işleýärdi. Özem aradaky silde, Etrekde, Gazanjykda harabaçylyklar bolandygy hakda habarlary ýaýradypdy. 04.04.2019 Agşamky «Watan» habarlar gepleşiginde köçede maşyn sürüjileriň düzgüni bozýandyklaryny, şeýle hem maşynyň taksi edip sürýänleriň düzgüni gödek bozýandyklary üçin içeri işler ministrine iň soňky gezek berk käýinç-duýduryş berildi. *** Birki günlükde institutda işlän wagty filologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Nepesowyň ylmy işini ara alnyp maslahatlaşylanda, işde Aşgabatda geçirilen Aziýa olimpiýa oýunlarynda türkmen sporsmenleriniň 2100 sany altyn medala, 1905 sanam kümüş medala eýe bolandyklaryny ýazypdyr – diýip, Döwlet Ýazkulyýew gürrüň berdi. Şol ýaryşlarda şonça medal däl-de, altyn medalyň 130-my, kümüş medalyň 80-mi, alandygyny aýtsalar, Öwezdurdy: «Näme, gowulyga ýanamak bolmaýarmy?» – diýip, müýnsüz aýdypdyr. Bölüm müdiri hem muňa garşy çykyp durmandir. Beýleki ýolbaşçy-da munuň gödek ýalňyşdygyny çürt-kesik aýtmandyr. *** 2-nji aprelde meniň edebiýat teoriýasy we edebi gatnaşyklar bölümine geçirilýändigim anyk boldy. 3-nji aprelde bölüme bardym. Işe başladym. Mundan bir gün öň kabinetde bile oturýan ýoldaşymyz Gurbanjemal Ylýasowa goroskopa seretdi. Goroskopda men hakda şeýle ýazylypdyr: 4. SERETAN (LEŇŇEÇ 22.06 – 22.07) Aprel aýynda seretanlar adaty ýaşaýyş-durmuşlaryndan az-kem gyra çekilmekden gorkmaly däldirler. Häzir seretanlara täze tanyşlyklar, gyzyklanmalar, eger kalbyny gowy diňleseler, olara täze iş hem gerek. Ýyldyzlar seretanlara mümkinçilikleriň boljakdygyny we uzak möhletli meýilnamalaryny hiç kime öňünden habar bermezligini duýdurýarlar. Wezipe, iş orunlarynda ýagdaýyny berkitmek üçin seretanlara aprel aýynda gerekli adamlar bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak gerek. Geljekde siziň täze tanyşlaryňyzyň durmuşyňyzda uly orun tutmagy ahmal, ol siziň iş berijiňiz ýa-da hemaýatkäriňiz bolup biler. Aprel aýynda käbir seretanlar maliýe we mal-mülk meseleleri bilen gyzyklanmaly bolarlar. Şowly günler: 1, 7, 12, 17, 24, 30. Gabat gelşine haýran galaýmaly. 06.04.2019. Ýarygije sagat 2-lerde goňşymyz Nadýa (70 ýaşlarynda) ýogalypdyr. Ony «Tiz kömek» äkidipdir. Öýlän sagat dörtlerde Serdaryň öýüne bardym. Çaryýary soramak üçin Çoganla, ogly Jeýhunyň öýlerine baraly diýipdik. Barsam Serdar «Şu wagt kardiolog wraç Galina Mihaýlownanyň ýogalandygyny, äri jaň edip, «Tiz kömegi» çagyrdym-diýipdir. Men ýeke özüm Çoganla gitdim. Eneçeper bilen Gurbanjemal oturan ekenler. Çaryýaryň şumat agyrýan ýeri ýok. Agşam sagat 8-den işlände ýagyş ýagyp başlady. Soň 10-15 minutlap güýçli çagba dowam etdi.. Sil gelmese-de biri. Häzirem ýagyş dowam edýär. Azajyk gowşady, ýyldyrym çakdy, gök gürledi. 07.04.2019. (Ýekşenbe) Irden turdum. Düýnki ýagyş häzirem çisňäp ýagyp otyr. Şu gün kakamyň ýogalan güni. Ir bilen obadan Çaryýar jaň edip, ýaňyja kakamyň ýogalandygyny telefon arkaly habar beripdi. Indi bu gün Çaryýaryň özi agyr ýatyr. Rak. Kakam 1927-nji ýylda doglan. 1992-nji ýylda-da – 65 ýaşyň içinde-de aradan çykdy. 10.04.2019. Hydyr Geldiýew: – Internetde, biri geçirimli bolmagy ündeýär diýýär.:– Geçirimli bolaýyň. Bu gün göreniň, ertir türkde. (Çärýek asyrdan gowrak döwri bir sözlemde häsiýetlendirýän tymsal). Çaryýar Garajaýew Dil-edebiýat institutynda işledi. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty. 2010 – 2012-nji ýyllar bolmagy mümkin. Pensiýa çykansoň, arzasyny berip, işden çykyp gitdi. Bagyrda ýaşaýardy. Bilemok, häzir barmy, ýok, bir ýerde öý telefonyny ýazyp alypdym. Öwezdurdy Nepesow bir gezek Annameret Durdymämmedowa maslahat berip, «Kandidatskini gora» diýipdir. Annameredem: «Näme gerek?» diýse, «Aýlygyň üstüne ýene million manat goşulýar» diýdi diýýär. Ine, onuň ylma garaýşy? 12.04.2019. Düýn edara Annaberdi Goçamanow geldi. Dört bent rubagymy orus diline terjime edipdir. Öňem «Şygrym bilen ikiçäk» goşgymy «Edebiýat we sungatda» (1.03.2019) çap bolanda, okap bada-bat orus diline geçiripdir. Bu rubagylar hem şol toplumda çap edilen goşgulardan. Atamyrat Atabaýewden zeýrendi: Onuň işleýän «Güneş» žurnalyna beren ýazgylarynyň 3-4 ýyldan bäri ýatandygyny aýtdy. Redaktor gelne-de aýtsa hiç hili netije çykarman, ýüzüni alyp goýberipdir. Öňki güni Azat Rahman hem Atabaýewiň öz goşgularyny bir ýarym ýyldan bäri redaksiýanyň papkasynda saklaýandygyny jaňlaşanymyzda aýtdy. Nähili içigara adamlar aramyzda ýaşap ýörler?! Bolmaýan bolsa «bolanok» diýip, jogap bermek bolanokmy? 13.04.2019. Megerem, 1880-nji ýylda Peterburgda çykan kitap bolmaly, awtory hem 1879-njy ýylyň Gökdepe harby ekspedisiýasyna gatnaşan Baranowskiý, ýalňyşmasam. Irden «Woýennaýa literatura» tapgyrda çykan şo kitaby (kitabyň sahabynda awtoram, ýylam, kitabyň adam ýok, ýöne fleşkamda) nazar aýladym. Ony men okap çykmagy makul bildim. Ýöne oňa sähelçe göz gezdirenimde özüm üçin gyzykly maglumatlara duşdum: Dykma serdar ylalaşalyň diýip, ýanynda Sopy han (awtor ony Dykma serdaryň ogly ýaly edip görkezýär, belki, men ýalňyş okaýandyryn hemem 8 adam bilen olary yzlaryna goýbermän saklaýarlar. Gözegçilik güýçli bolsa-da, olar ýarygije gaçypdyrlar. 104-nji sahypasynda rus goşunlary yzlaryna gaýdyp barýarkalar, 19-njy sentýabrda Çatda, gökleňlerden birtopat ýaşulular gelip, otrýadyň başlygy general Tergukasowyň huzurynda bolýarlar. Topara gökleň aýaly ýolbaşçylyk edipdir. Ol adamlar Etrek derýasynyň pars kenarynda ýaşaýanlar eken. Olar täze serdary gutlamak üçin gelipdirler. Awtor atyň üstünde oturan toparyň ýolbaşçysy garry aýaly suratlandyrýar (sah. 104). Ol atdan düşüp, generalyň ýanyna gelip, onuň bilen elleşýär we gysgaça türkmen dilinde ony täze wezipesi bilen gutlapdyr. Kitabyň soňunda awtor ekspedisiýanyň şowsuzlygyny üç sany zatda görýär: goşunyň az sanlylygy, ýagny gury ýer we deňiz ýollarynda ýük çekýän ulaglaryň ýeterlik däldigi, şo sebäpli adamlar we atlar üçin azygyň, iýmiň gutarmagy, şeýle hem garşydaşlaryny doly öwrenmän, olara göwnüýetmezçilik edendikleri bilen ýeňlişiň sebäbini görkezýär. Kitapda Ahal-teke we Merwiň kartasynyň, Gökdepe we gyrak-bujaklarynyň ýerleşişi, rus goşunynyň podrazdeleniýeleriniň o ýerdäki pozisiýalaryna çenli oňat kartalar ýerleşdirilen. 92-nji sahypada 750 adamdan ybarat teke şaýkasynyň öz yzlaryndan kowgy edendiklerini, bulara Arçman bilen Nohur obalarynyň hem adamlarynyň goşulandygy hakda-da maglumat bar. Ýesir alnan 4 adamyň birini ruslar tekeleriň üstüne boýun bolmaklary üçin hat ýazyp iberýärler. iberilen adam 4 günden soň, tekeleriň jogabyny getirýär. Olar ruslara boýun synmajakdyklaryny aýdypdyrlar. Belki-de, boýun synmazlygyň ýene bir sebäbi, oruslaryň tekeleri düýp-teýkary bilen ýok etjekdikleri hakda ýaýran ýalan habar hem az rol oýnan däldir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |