07:53 Güýz | |
GÜÝZ
Ýene güýz dolandy dogduk diýara, Tebigatam gelen ýaly görküne. Boýady baglary, otdur çöpleri Sary goýazylyk siñen görküne. Güýzüñ pelsepeden paýly şemaly Gozganynda gursakdaky oýlarym, Ýatlamalar kitabyny agtaryp, Ýada düşýär unudan deñ-duşlarym. Düýnde galan çagalygym balkyldap, Gol bulaýan ýaly bagdan añyrda. Meñ ýanymda bolsa tereñ ýaşlygym, Ýüzläp pikir at salyp ýör añymda. Bu güýz araçäk deý çagalygyma, Howa çigräp alyp barýar ýaşlyga. Arzuwlaýan ähli günlem şat bolsun, Bu şat güýzem bolup galsyn ýatlama. Jemal ATAKOWA. | |
|
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |