20:59 Iberilmedik hat | |
IBERILMEDIK HAT
Tanadyňmy?! Tanansyň-la, elbetde. Saňa aýan ahyr düýnüň syrlary. Agyr zat ýok eken özüň ýeňmekden, Has ir düşse günleriň pasyllary. Çünki söýgiň köňle çöken dürlerin Asla tapyp bilmez ýyllaryň meýli. Günler geçýär duýgularmy gürledip, Ýaşlygym – söýgümiň asmana seýli. Düşnüksiz küýsegiň dodagy kepäp, Delmuryp garaýar gözýetim sary. Agaçlary ýekän-ýekän gürledip Barýan ýeller meniň umydym ýaly. Ak güller mesawy gürrüňe gümra, Guşlar hem saýraýar kalbymy ezip. Ýürek ýene öňki heňini çalýar Sen diýip gezip. Laura MAKSYMOWA. | |
|
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |