08:03 "Kakam gül sährany düşenip ýatyr" | |
***
Kakam gül sährany düşenip ýatyr, Zemin – ýumşak düşek, asman – ýorgany. Dünýäň ýüregine düşünip ýatyr, Golaýynda Ata Köpek Mergeniň. Olaryň täleýem meňzeşdi, ýöne Kakam derdin söze öwürip bilmän, Öwrüldi-de gumdan çitilen göle, Dyndy azabyndan eşretli dünýäň. Ömür tüňçesiniň gaýnagy syndy, Umytlary ýyldyz ýaly üzüldi. Oňa dertler içire ýaşamak kyndy, Bize bolsa kakam barka hezildi. Kakam gül sährany düşenip ýatyr, Batyp gül-çeçekli lälezarlyga. Dirilerden gowy düşünip ýatyr, Ölümden aňyrda näme barlygna. Gurbandurdy ORAZOW #«Hijran Halkasy» kitabyndan 5-nji goşgy. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |