10:09 Kasym Nurbadowdan üç goşgy | |
GARAGUMDA ÝAGYŞ ÝAGÝAR
Dürtük, dürtük, Nagyş, nagyş, Göýä petir çägeler, Ýagýar ýagyş, Ýagýar ýagyş, Sorup ýatyr çägeler. Siňibersin damjalar, Sorubersin çägeler. Ýaz gelende her damja - Ýylak bolup gögerer. *** BAHAR NIREDE GIZLENÝÄR? Bahar nirde gizlendikä - Gitdikä ol haýsy ýana? Siňdimikä gür tokaýa? Uçdumyka giň asmana? Deňizleriň çuň ýerine Dynç almaga gitdimikä? Ýa daglaryň gowagyna Bukup dagy etdimikä? Hiç bilmedik. Aýlar ötdi. Gar eredi - gyş sowuldy. Ak bulutlar göçüp geldi, Uçup geldi guşlar indi. Ösýän mymyk şemalyňam Lezzeti bar - diýseň aýra. Ine, bir gün topar tutup, Gezelenje gitdik baýra. Görsek baýyr durşy bilen Ýaşyl reňke boýalypdyr. Gandym, çerkez çetiräpdir, Ýylajyklar boý alypdyr. Gyşdan galan gatlaklaryň Ýygyrtlary düzelipdir... Indi bildik: Bahar gyşda Şu baýyrda gizlenipdir. *** TORGAÝ Al-asmanda pel-pelläp, Aýdym aýdýar, saýraýar. Gonar ýaly ýer peýläp, Amatly ýer saýlaýar. Ganatyn gere-gere, Gonar ýerde gonmaýar. Syn edip ene ýere, Meger, mähri ganmaýar. Göterilip höwesi, Pel-pelläp ýör ýokarda. Has durlanýar owazy, Döndügüçe nokada. Saýrap şadyýan sesli, Torgaý, ine, şeý diýýär: "Uzaklaşsaň has eziz Görünýär dogduk Diýar! " Dil we edebiýat ylymlarynyň kandidanty Kasym Nurbadow; Aşgabat-1980. | |
|
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |