11:47

Kitap ýakmak däbi

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 141 | Добавил: Gökböri | Теги: Ugur Görgüli | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Балканов  
1505
Kagyz we daşbasma ýazuwy döräli bäri kitap ýakmak "dessuryny" her bir jemgyýetçilik formasiýasynda, her bir halkyň (halkyýetiň) taryhynda bolup geçýän hadysa. Eýsem diňe kitap ýakylýarmy? Kitaby döreden adamy ýakýarlar (Jordano Bruno)! Ýakamasalram dabanyndan soýýarlar. Suratkeşleriň, kompozitorlaryň we beýleki döredijilerň eserlerini ýakýarlar.

Kitaplar ýok edilensoň, kompýuterleriň, jübi telefonlaryň weradio-telewizorlaryň nobaty gelermikä?!
Goý, kitaplardan hajathana kagyzyny ýasarlar diýseň, elektronika enjamlary utilizasiýadan nämä ýararka?

Köşekli düýäniň bahasyna deň we ondan hem ýokarrak bahaly, bahasyz kitaplary ýakyp kitaplary ýakyp bilýänlere nähili baha berip bolar?
Kitap—bu döredijiniň dogrumy. Wagtynda dogsa ne ýagşy, ýagty jahana gözi düşmän, öli dogýanlar hem az däl. Täze dogan “bäbege ”ýagşy at berýänem bar ýamanlaýan hem bar--oňa her dürli at dakýanlar tapylýar: biri agzy gyşyk diýýär, ýene biri gözi çaşy diýýär. Kitaby okyjylaryň göwnüni awlap bilmedigi üçin ýakaýan bolaýmasynlar? Ýa-da bir okyja ýaramanlygy üçinmikä? Ýa adamzat gereginden artyk kitap ýygnan bolaýmasyn? Şeýdip öz-özümiz onuň gadyryny gaçyran- a däldiris-dä?!
Mark Tweniň “Tom Soýeriň we Gekklberri Finniň başdan geçirenlerini” ýakmasalaram romanyň içinde “negr” sözi (ABŞ-da kemsidiji söz) bolany üüçin ýakylmasa-da, kitaphanalarda esli wagtlap okamak gadagan edildi
N. Kopernigiň J. Brunonyň eserleri heniz-henizlerem Rim Papasynyň apokrifinde (gadagan edilen) dur. Hristianlaryň katolik şahasy geliosentrik (Ýer togalagynyň Günüň daşyndan aýlanmagy) taglymaty diňe 1992-nji ýylda ykrar etdi (!!!) we Galileýiň teoriýasyny oňlady
Bir adamyň ýa birnäçe adamyň ynjyklygy ýa nadanlygy sebäpli näçe millionlarça kitaplar ýoklanyldy
Millionlarça kitaplar ýakylsa-da, adamlaryň paýhasyndaky hakykaty Farengeýtiň 451 gradusly ýalyny hem tütedip bilmänsoň, adamzadyň kalbyny ruhlandyrýan, paýhasyny durlaýan, päk ahlaklygy ündeýän eserler halkyň dilinden nesilden-nesile geçip gelýär.
Hakykat ýanmaýar, ol baky.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]