13:37 Köne bag | |
KÖNE BAG
Köne bag. Günortan. Düşledik ine, Gelipdiris munda ýolumyz düşüp. Bu ýerde artyk söz gelenok dile, Bolanok hiç zady özüñden goşup. Egni gysyk agaç, agymtyl asman, Bezeg ýok. Hemme zat öz bolşy ýaly. Agaçlar miwe-de getirmändir kän, Özlerine mähir az bolşy ýaly. Ozal şaglap çykanyñda öñünden, Sendiñ syrdaş diýen, miwesin dadan. Bu gün bolsa geçip gidýäñ deñinden, Seniñ şu bolşuñ dürsmüdir, Adam! Baharlarda bulut deýin möwç urup, Guşlar owaz goşan hoşwagt sesine. Bag bu gün yranýar boýnuny burup, Ýumruk deý tüñçäniñ hiñlenmesine. Diñe şat bolupdyr guran şahalar, Olar ot içinde alyp dur beleñ. Bir zat göwni dilýär, köne bag galar, Biz ýene gideris ýolumyz bilen. Mämmetnazar BABANAZAROW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |