00:35

Kutbeddin Muhammet

KUTBEDDIN MUHAMMET

Kutbeddin Muhammet kämil çykan wagtynda oguzlaryň begdili boýundan bolan Anuşteginler neberesiniň esaslandyran Beýik Horezmşalar döwletini 31 ýyllap dolandyrypdyr (hökümdarlyk ýyllary 1097–1128).
Seljuk soltany Berkýaryk tarapyndan oňa «Horezmşa» derejesi berlipdir. Merwde oňat bilim alan, alymlara we din wekillerine goldaw beren Kutbeddin Muhammet seljuk türkmenleriniň hökümdary Soltan Sanjara (1118–1157 ý.) wepaly gulluk edipdir.
Kutbeddin Muhammet meşhur diplomat hem bolupdyr. Ol ganybir garyndaş türkmen nebereleriniň arasynda agzybirligiň, parahatçylygyň saklanmagy hakda alada edipdir. Muňa onuň Soltan Sanjara töwella edip, ony Garahanly hökümdary, Samarkandyň häkimi Muhammet Arslan hanyň (1102–1130) garşysyna ýöriş etmekden saklamagy hem mysaldyr. Bu ýagdaý Köneürgenç soltanynyň Beýik seljuk soltany Sanjaryň ýanynda mertebesiniň, ygtybarynyň uludygynyň alamatydyr. Soltan Sanjar hem Kutbeddiniň at-abraýyny ýokary galdyrypdyr. Emir Muezziniň oňa bagyşlanan bir eserinde Kutbeddiniň Jemaleddin lakamyny göterendigi, Soltan Sanjaryň ýanynda ygtybarly döwlet hadymydygy nygtalýar. Ol hakda Ibn Esir:

«Ol wagtyny biderek geçirmeýärdi, ilat bähbitli işleri edýärdi, alymlara we dindarlara golaý durdy. Ady ýagşylykda ýaýrady, at-abraýy artdy» diýen ýazgylary galdyrypdyr.

Kutbeddin Muhammediň döwründe Gürgenç ylym mesgeni bolupdyr. Kutbeddin Muhammet meşhur tebip Seýit Ysmaýyl Gürgenlini Gürgenje çagyrypdyr. Agzalan alym 1110-njy ýylda «Zahyraýy Horezmşahy» («Horezmşalaryň hazynasy») atly işini ýazypdyr. Ibn Sinanyň «Kanunlaryna» daýanýan bu 10 jiltlik kitapda lukmançylygyň peýdalanylýan ugurlary, anatomiýa, keselleriň alamatlary we olaryň ýüze çykmagynyň sebäpleri, arassaçylyk, keselleri anyklamak we bejermek, zäherler we olara garşy serişdeler, farmakologiýa barada giňişleýin gürrüň edilýär. Bu eser gadymy iwrit, türk we urdu dillerine hem terjime edilipdir.
Kutbeddin aradan çykansoň, Horezmşalaryň tagtyna ogly Atsyz geçipdir.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 408 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Jumamyrat Gurbangeldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]