11:57 Küýseýän dagy | |
KÜÝSEÝÄN DAGY
Görmedikler görsün Garrynohury, Çaýlary çeşmeli, çeşmesi dury. Täsinlikden doly soly hem sagy, Gardaşlar, şeýle bir küýseýän dagy! Dertlä derman dagyň tämiz howasy, Hut Nurynyň sazy - guşlaň owazy. Aýdymdaky ýaly, gary bar, gary, Gardaşlar, şeýle bir küýseýän dagy! Garamyk, böwürslen, hozy bar datly, Dowar bakýan çopan-çolgy gaýratly. Gaýaň ýarçygyndan çykar kerkawy, Gardaşlar, şeýle bir küýseýän dagy! Dözmerin awlara käkilik, keýgin, Görke salýar zawdyr, gaýalaň beýgin. Gözellikler gorun gorarym ýaly, Gardaşlar, şeýle bir küýseýän dagy! Oglanlygym daga-derä siňipdir, Meni indi çagyrýan dek bolup dur. Ýakyn geldik saýy gojalyk çagy, Gardaşlar, şeýle bir küýseýän dagy! 2019 ý. “Edebiýat we sungat” gazeti, 14.02.2020 ý. | |
|
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |