22:23 Magtymguly Pyragy | |
MAGTYMGULY PYRAGY Eý, akyldar adyñ tutsam, Ýürek joşýar, dynmaýar hiç. Göwün guşum göge galkyp, Asla aşak inmeýär hiç. Set-müñ sapar aýtsam adyñ, Ýene mährim ganmaýar hiç, Müñläp-müñläp ýazsam, galam Bir saparça sanmaýar hiç. Seniñkiden alyp ylham, Gyşda, ýazda synmaýar hiç. Çünki, hemmäñ ýürek ýagy, Garagöznüñ garasy sen. Jana deñdeş mähribanlañ Iñ saýyrdyñ, seresi sen. Añ-paýhasyñ, merdem sesiñ Mesgen tutan deresi sen. Tüm dünýäde zähmetkeşiñ Gözün diken çyrasy sen. Saña bolan sarsmaz söýgi Döwülmeýär, tänmeýär hiç. Joşýar indi nesillerñe, Arzuw eden toýuñ seniñ. Dolup-daşýar Türkmenistan - Uç-gyraksyz öýüñ seniñ. At-owazañ galyp arşa, Göge ýetdi boýuñ seniñ. Gitse-gelmez ýola gitdi Gören tupan-gaýyñ seniñ, Türkmen Altyn asyrynda, Ýeñiş sazy dynmaýar hiç. Hudaýguly ALLAMYRADOW. | |
|
√ On bäş ýara / Goşgular - 20.01.2023 |
√ «Буду всегда я по-прежнему молод нетленной душою…» / Goşgular - 15.01.2023 |
√ Эры / Goşgular - 28.01.2023 |
√ Ýazylmady dile görä / Goşgular - 31.01.2023 |
√ Eje, maňa erteki aýdyp bersene! / Goşgular - 01.01.2023 |
√ Abdalyň oýy / Goşgular - 10.01.2023 |
√ «Если я обращу человечество в часы…» / Goşgular - 28.01.2023 |
√ «Друзья свободного искусства…» / Goşgular - 11.01.2023 |
√ По поводу сборников «Русские символисты» / Goşgular - 22.01.2023 |
√ «Я никогда не понимал…» / Goşgular - 18.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||