16:00 Meni ýagşylykda ýatlasa biri... | |
MENI ÝAGŞYLYKDA ÝATLASA BIRI..
Men ýola düşýärin, gidemok ýalňyz, Meniň bilen asyr barýar ädimläp. Kükregiňde syrlar gizlän topragym, Gyzykly gür berýär pikrin jemläp. Meýmiredip bu gyzykly gürrüňler, Ýaş juwan kalbymy gurşap alsa-da, Ýok, hiç wagt dönmen uzak ýollardan, Saçlam agarýança hemra bolsa-da. Men ölsem-de, ölmez, ýaşar asyrlar, Men ölsem-de, ölmez, ýaşar nesiller, Meni ýagşylykda ýatlasa biri, Ömrümden razy, Diri, men diri! Annasoltan KEKILOWA | |
|
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |