10:21 "Meniň tomaşaçylarym" / bir perdeli komediýa | |
MENIÑ TOMAŞAÇYLARYM
Oýna gatnaşyanlar: 1. T e a t r y ň m ü d i r i . 2. M ü d i r i ň k ä t i b i . 3. H e m a ý a t k ä r. 4. T a l y p o g l a n l a r . 5. T a l y p g y z . 6. T a l y p g y z y ň k a k a s y . 7. E l i b ä b e k l i g e l i n we onuň Jo r a s y 8. T o m a ş a ç y . 9. P o l i s i ý a i ş g ä r i . 10. Ý a n g y n s ö n d ü r i j i . 11. Ti z k ö m e g i ň l u k m a n y we onuň kömekçileri . Waka biziň günlermizde, täze açyylan teatrda—ilkinji açylyşynda, agşamky seansynda bolup geçýär. Sahna we tomaşaçylar zaly baýramçylyk lybasyna bezelen: her hili güller goýulypdyr, her dürli reňkdäki şarlar asylypdyr. Perspektiwada tragik-komediýanyň simwoly bolan maska asylgy dur. [color=purple]Oýunyň personažlary tomaşaçylaryň arasyndan çykyp gaýdýarlar. Teatryň müdiri häzirki zaman, kaşaň toý lybasynda, eli papkaly, sahnanyň ortasyna gelip durýar. T e a t r y ň m ü d i r i ( Ýaňy iňňeden çykan täzeje kostýum-jalbarly, galstukly,köwüşi ýalpyldap dur ). Salam gadyrly tomaşaçylar! Salam hormatly teatrsöýüjiler! (Egilip, başyny egýär.) Biziň şu günki premýeramyzda—teatrymyzyň kiçiräk baýramçylygynda, toý lybaslaryňyzy geýip, iň gowy arzuwlaryňyzy ýürekleriňizde besläp, öz boş wagtyňyzy şadyýan geçirmegiňizi arzuw edýärin! Gadyrly teatr muşdaklary! Teatr sungaty aýdym-saz, kino, şekillendiriş sungaty bilen bir hatarda adamyň medeni durmuşynyň esasy pudaklarynyň biri bolmak bilen, adamyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna, çuňlaşmagyna goşant goşýar. Meşhur Wilýam Şekspiriň aýdyp geçişi ýaly ... (Tomaşaçylaryň arasynda emýän çaganyň aglaýan sesi eşidilýär.) Tomaşaçylaryň arasyndan E l i b ä b e k l i g e l i n basgançak bilen sahna çykýar. E l i b ä b e k l i g e l i n . (Tomaşa zalynda, tomaşaçylaryň aralaryndan, elindäki gundagly çagany diňdirjek bolup, yralap, sahna çykylýan basgançaga münüip barşyna). Daýy, bagyşlaweriň! Sözüňiziň arasynam bölýändirin welin, çagamy öýde goýara adam bolmansoň, ýanym bilen alyp gaýtmaly boldum, kakalaram işde; ah-heý öýde bolanda-da çaga ideg etmäni başarjak zat däl-le, onuň özi entek çaga ahyryn (aglaýan çagasyny höre-köşe edýär.) Häzir-häzir, ejeň saňa pykgajyk berer. (Müdire ýüzlenip.) Ajygandyram balajygym. (Tomaşaçylara ýüzlenip.) Wiý, Nurjahan paketimi äbersene, içine çalşyrgyç arlyjaklaryny salypdym. Tomaşaçylaryň arasyndan eli sellofan paketli E l i b ä b e k l i g e l i n i ň J o r a s y basgançak bilen sahna çykýar Kakajan Balkanow E l i b ä b e k l i g e l i n . Daýy jan rugsat berseňiz şujagaz ýere geçip çagamy emdiräýeýin! T e a t r y ň m ü d i r i . Baş üstüne jigim! Çaga durmuşyň gülüdir. Hojagaz ýere geçäý! (Sahnada hatara düzülen oturgyçlary görkezýär we çagajyga lak atýar.) I-ju, i-ju, i-ju! I-ju, i-ju, i-ju! (Iki gelin oturgyçlara geçip oturýarlar.) T e a t r y ň m ü d i r i . Hawa, gadyrly tomaşaçylar, Wilýam Şekspiriň aýdyşy ýaly—durrmuş teatrdyr, adamlar bolsa onuň aktýorlarydyr ( E l i b ä b e k l i g e l i n çagasyny emdirmäge başlaýar.) Tomaşaçylaryň arasyndan sahna tarap, eşikleriniň şylhasy çykan, aýaklary şypbykly, saçlary bulaşyk erkek adam sahna çykyp, çommalyp oturýar. T o m a ş a ç y . Agam, salawmaleýkim! T e a t r y ň m ü d i r i . Waleýkimessalam! (Daş-töweregine garap bolup.) Men siziň teatryňyza ilkinji gezek gelýän. Teatryňyz maňa örän ýarady. Agam, maňa bolar ýaly sizde iş ýok-maý! Siziň artistleriňizden pes-ä oýnaman. Ynha, mysal üçin, eşiklerimiň içine pagta-sagta salyp çişirseň Böwen çişigiň roluny oynap bilerin. (Köýnegini, balagyny çümmükläp, çekip goýberýär.) Serhoş bilen neşäň roly üçin-ä artist gözläp oturma, akgaň daş edýändir. T e a t r y ň m ü d i r i . Men Sizi gynandyrmaly boljak, şu wagt artistleriň hemme orunlary doly, boş ýer ýok. T o m a ş a ç y . Zeleli ýok, maňa perde açyp-ýapýançy bolsa-da bolýar. T e a t r y ň m ü d i r i . Sahnanyň perdesi awtomatlaşdyrylan—tok açyp-ýapýar. T o m a ş a ç y . Onda-da tok söneri bolar... Bu ymarata garawulam-a gerek bolar. T e a t r y ň m ü d i r i . Teatryň içi-daşy wideokameradan doly. Teatryň goragçysy gije-gündiz öz iş ýerinde islän ýerini görüp bilýär. T o m a ş a ç y. (Gapdala) Haý, näbileýin-dä, garawulam adamdyr öz-ä, demirden ýasalan robot-a däldir, gözüniň awusyny almaly bor-a. ( M ü d i r e ýüzlenip, teatryň lýustrasyny görkezýär.) Lýustraňyz-a gaty gymmat zatdyr-ow, arassa hrustaldan ýasalandyr-ow, bahasy näçäräk-kä? (Gapdala) Zergärlere eltip berseň bir obaň gyzlaryna ýeter ýaly gulakhalka çykarardy. ( M ü d i r e ýüzlenip) Agam, aýyp görmeseň men hojagaz ýere geçip, oturyp dynjymy alaýaýyn, şu gün gaty ýadadym. ( T e a t r y ň m ü d i r i iki egnini gysyp jogap berip ýetişmänkä, T o m a ş a ç y sahnadaky hatar düzülen oturgyçlara tarap ýönelýär, iki geliniň gapdalyna geçip oturjak bolanda, gelinleriň biri burnuny elýaglygy bilen tutup, ýerinden turýar; ýagdaýa düşünen T o m a ş a ç y sahnanyň törüne geçip aýbogdaşyny gurap, oturýar.) Pardon! 1 1) Pardon (fransuz.)—bagyşlaň ! Tomaşaçylaryň arasyndan sahna tarap, gowy geýniwli ýigit— H e m a ý a t k ä r çykýar. Ol müdir bilen salamlaşýar—iki eli bilen görüşýär. H e m a ý a t k ä r. Essalawmaleýkim! Başlyk, ymaratyňyz gutly bolsun, toýly jaý bolsun! (M ü – d i r geňirgenip, bir gapdala seredýär. H e m a ý a t k ä r (elleriniň aýalaryny uzadyp, doga okaýar-da, ýüzüne sylýar. ) Teatrda her gün oýun bolýarmy? T e a t r y ň m ü d i r i . Ýok, möwsümleýin, diňe dynç alyş günleri. H e m a ý a t k ä r. Men guwanýan. Guwanýan, agam jan, guwanjymyň çägi ýok. Teatryň goýýan oýunlary diýseň göwnejaý. Arada “Ýamanja pişik” oynuny gördük, ol diňe çagalar üçin däl, kanagat edip oturyp bilseň, uly adamlaram aldajak ol pişik. Ho-o-l, sallahlar baradaky “Sawçy” diýdimi, “Awçy” diýdimi, bir oýnuňyz bar-a, şondaky gudaçylyga baran aýal-a hut durmuşyň kölünden alynan.Ýaşuly, mende bir teklip bar, birem däl, birnäçe teklipler. ( E l i b ä b e k l i g e l i n jorasy bilen hyşy-wyşy edişip bir zatlar hakda gürrüň edýärler. T o m a ş a ç y gapdalyna ýatyp, uklap ýatan ýerinden hor çekip başlaýar. H e m a ý a t k ä r jübüsinden çilim çykaryp otlajak bolýar.) T e a t r y ň m ü d i r i . Teatrda çilim çekmek gadagan. H e m a ý a t k ä r (Pitiwa bermän). Maňa bolýar. Birinji bilen ynha meniň iki elim, hemaýatçy gerek bolsa teatra hemaýat etmäge mydam taýýar. (Sahnada eýläk-beýläk ýöräp, ellerini salgylap) Teatr gije-gündiz işläp, pul ýasamaly: teatryň boş günleri bu ýerde şäheriň baý oglanlary öz doglan günlerini belläp bilerler. ( M ü d i r i ň k ä t i b i küldan getirip, ony stoluň üstünde goýýar. ) Minnetdar! (Çilimini jübüsine ýygşyrýar.) T e a t r y ň m ü d i r i . Minnetdar! Bagyşlaň, men ýygnak geçirmekçi, gyssagly gürrüňňiňiz bolsa tizräk aýdyň. H e m a ý a t k ä r . Bizde gürrüň bolmaz , bizde pul bolýandyr. Sizi pulluja edäýeýin diýdim. Ynha, mysal üçin: spektaklyň peteginiň bahasy hyrydarlarynyň isleginden at gaýtarym daşda bolmaly. Adamlar teatra girjek bolup gyrlyşmaly... hmm... basga galmaly. T e a t r y ň m ü d i r i . Beýle hezillik nirede barka? H e m a ý a t k ä r . Ol seň teatrytňda bolar, inşallah. Şeýle bir güpürdi turar welin, hat-da özüňe petek aljak bosaňam, nobatdaky duranlara ýalbarmaly bolarsyň. Şonuň üçin men Size şu şertnamalary getirdim, gol çekip, möhür bassaňyz bolany. Onsoň ýaşaýyş täzeden başlar (kagyzy uzadýar). Ine şujagaz iki kagyza keramatly goluňyzy goýsaňyz, wessalam, iş tamam! T e a t r y ň m ü d i r i . Bu näme? Hany, munuň ugruny bir aýtsaňyzlaň! H e m a ý a t k ä r . Şu şertnama boýunça, Siz teatryň peteklerini meniň firmamyň üsti bilen satýaňyz, ýagny petek satmak meselesini bize tabşyrýaňyz. T e a t r y ň m ü d i r i . Wah, alynsa özümizem satyp biljek ony, ýöne... H e m a ý a t k ä r . Ana, üstünden bardyň. Petegiňiz geçenok. Teatra gelýän az. Dogrymy aýtsam, tomaşaçylar keliň saçy ýaly, kem-kemden seýrekläp barýar. Meň şoňa nebsim agyrýar. Iliň-günüň aladasyny etmek, medeniýete hormat goýmak, ony goldamak we ösdürmek biz ýaly barly adamlaryň Watan öňündäki borjy. Täze açylan ajaýyp binaly teatryň tomaşaçysy egsilmel däl. T e a t r y ň m ü d i r i . Dogry. Onuň üçin, ilkinji nobatda gyzykly, çeperçiligi ýokary oýunlary goýmaly. Biz hem ony doly başaramzok, bärden gaýdýas, günä özümizde. H e m a ý a t k ä r . Berekella! Günäň özüňizdedigini boýun aldyň. Indi men şony düzetmäň ýoluny salgy berjek. Ýöne, ilki şu şertnama gol goýuň! T e a t r y ň m ü d i r i . Hany, pikirlenip göreli. Gowusy Siz bu resminamalary goýup gidiň, biz olar bilen tanyşyp, çeperçilik geňeşimiziň agzalary bilen bilelikde öwreneliň, biraz wagt gerek boljak. H e m a ý a t k ä r (Ýaňsa alyp). Çeperçilik, çeperçilik... Ol Siziň öz işiňiz ahyry, Siz näme diýseňiz şol bor-da...Biziň maksadymyz—şu taýynyň hümerini artdyryp, petek tapylmaz ýaly etmek. T e a t r y ň m ü d i r i . Nädip? H e m a ý a t k ä r . Haý, berekella! Ine munyň gowy sorag (assyrynlyk bilen dildüwüşýän ýaly). Men az-owlak petegiň bahasyny gymmatlatjak... T e a t r y ň m ü d i r i . (ör-gňkden gelip). Ohow, onsuzam-a geçip duranok ol. H e m a ý a t k ä r . Her işiň öz ugry bar. Onuň üçin akgaňlar ýaly goç ýigitler gerek. Kelle döwmeli. Foýede iki sany söwda nokadyny açmakçy. T e a t r y ň m ü d i r i . Bziň bufetimiz bar. H e m a ý a t k ä r . Bilýän. Siz onda suwjagaz, gutapjyk satýaňyz. Men bolsa foýedäki dükanyň birinde bazardan has arzan kartoşka, sogan satjak, beýlekisinde bolsa çişlik, kebap, palaw...Daş işikde gawun-garpyz, kädi... H e m a ý a t k ä r (kellesi gyzyp, sesini gataldyp, öz meýilnamalaryny beýan etmegini dowam edýär.) Men bazardan has arzan şeker getirip satyp biljek, arzan şekeriň bar ýerini bilen aýallaryň öňünde döw dursun. Teatra bilet tapmak problema bolar, biletleriň bahasyny sähelçe galdyrsaň, arzan şekeriň öwezini derrew dolýar. Tomaşaçylar gymmat bilet bilen arzan şekeriň arasynda baglanyşyň barlygyny duýman galarlar. Üstüň basgy bolar—hem planyňy dolarsyň, hemem abraýyň artar. Menem peýdajygymy görerin. Garaz, näme isleseň tapdyrar ýaly etjek. ( M ü d i r i ň başy aýlanyp entirekleýär), K ä t i p (oňa oturgyç berip ýetişär). T e a t r y ň m ü d i r i (uludan demini alyp). Teatry bazara öwürjekdä... (K ä t i p hor çekip, uklap ýatan T o m a ş a ç y n y oýarjak bolýar). H e m a ý a t k ä r . Başlyk, ýeri niçik, niýetlerimiz boljakmy? (M ü d i r i ň bolşuny halaman, boz-ýaz bolup ). Başlyk gatyrak gidäýýänmi? T e a t r y ň m ü d i r i . Kemini goýaňok. Kagyzlaryňy alyň-da, nebisjeň adamlary başga ýerden gözläň! H e m a ý a t k ä r. (Öýjükli jübi telefonyna jaň gelýär.) Haw, diňleýän! Men maslahatda, bu ýerde has möhüm mesele çözülýär, özüm jaň ederin. ( M ü d i r bir zatlar diýjek bolýar, ýöne dili öwrülenok. (H e m a ý a t k ä r i ň öýjükli jübi telefonyna ýene jaň gelýär, H e m a ý a t k ä r (telefonyny alyp,) Bolýar bardym häzir. (H e m a ý a t k ä r M ü d i r e ýüzlenip, jübisinden wizitkasyny uzadýar.) Başlyk meniň gyssagly işim çykdy, jaňlaşaýarys! (Gidýär.) E l i b ä b e k l i g e l i n . ( J o r a s y n a ) Gyýw, gel şunuuň arlyjagynam çalyşaýaly-a, oýunyň näçe wagt dowam etjegi hem belli däl. ( M ü d i r e ýüzlenip ) Daýy, oýun haçan gutararka?! (Çagasynyň arlygyny çözlemäge başlaýar.) T e a t r y ň m ü d i r i . Keýigim, eger şu gidişine gitse pylan wagtdan gutarar diýip güwä geçip bilmen. Bizde çagaly eneler üçin aýratyn otag bar, çaganyň eşijeklerini şol otagda çalyşsaňyz amatly bolaýmasa... E l i b ä b e k l i g e l i n . Wah, men oýunyň iň gyzykly ýerini sypdyraryn öýdüp gorkýaryn ( J o r a s y E l i b ä b e k l i g e l i n i ň ýeňinden çekýär.) T e a t r y ň m ü d i r i . Siz arkaýyn, howlukman işiňiz bilen boluberiň, siz gelýänçäňiz oýun başlajaga meňzänok. K ä t i p . Ýörüň men size görkezeýin! ( E l i b ä b e k l i g e l i n we onuň J o r a s y K ä - t i b i ň yzyna düşüp gidýärler. K ä t i p dolanyp gelýär we stoluň aňyrsyna geçip oturýar. T e a t r y ň m ü d i r i tomaşaçylara ýüzlenip bir zat diýjek bolup agzyny açýar.) Sahnanyň arkasyndan P o l i s i ý a n y ň i ş g ä r i gelýär we T e a t r y ň m ü d i r i n e sag penjesiniň barmaklarynyň ujuny sag çekgesine degirip salam berýär P o l i s i ý a n y ň i ş g ä r i . (T e a t r y ň m ü d i r i n i ň alkymyna baryp, sag penjesiniň barmaklarynyň ujuny sag çekgesine degirip.) Polisiýanyň seržanty Agaýew. Polisiýa çagyrdyňyzmy? T e a t r y ň m ü d i r i . Ýok. P o l i s i ý a n y ň i ş g ä r i . “02” jaň edipsiňiz kömek sorap, bizden näme kömek? T e a t r y ň m ü d i r i . Inim, ýalňyşlyk giden bolaýmasyn!? ( K ä t i p M ü d i r i ň arkasyndan P o l i s i ý a n y ň i ş g ä r i n e süýem barmagy bilen uklap, hor çekip, ýatan T o m a ş a ç y n y görkezýär.) P o l i s i ý a n y ň i ş g ä r i . (T o m a ş a ç y n y n y ň ýanyna baryp sag penjesiniň barmaklarynyň ujuny sag çekgesine degirip ) Polisiýanyň seržanty Agaýew. Kömek gerekmi? T o m a ş a ç y . (Ýerinden turup, dim-dik bolýar, çep penjesiniň barmaklarynyň uçlaryny çep çekgesine degirip, sag elini P o l i s i ý a n y ň i ş g ä r i n e uzadýar.) Kyrk birinji moto-atyjylyk polkunyň ätiýaçlykda duran hatarçysy Bakyýew Orazgeldi Amanowiç. P o l i s i ý a n y ň i ş g ä r i . (Uzadylan ele üns bermän) Siz şu teatryň işgärimi? T o m a ş a ç y . Ýok-laý, men-ä oýun görmäge geldim-laý. P o l i s i ý a n y ň i ş g ä r i . Oýuny tomaşa zalynda oturyp görmeli dälmi, näme? T o m a ş a ç y . Aý, başlyk , şu ýerden gowy görünýär-ä, hem hiç kim päsgel berenok. P o l i s i ý a n y ň i ş g ä r i . Biletiňiz barmy, haýsy hatarda? T o m a ş a ç y . Hawa, ynha, (jübisinden bilet çykaryp, P o l i s i ý a n y ň i ş g ä r i n e uzadýar) iň soňky hatarda. P o l i s i ý a n y ň i ş g ä r i . (Bileti synlap.) Näme diýseňizläň, hatarçy Bakyýew! Men Size öz hatarňyza geçip oturmagyňyzy maslahat berýärin . T o m a ş a ç y . (Sag penjesiniň barmaklarynyň ujuny sag çekgesine degirip.) Hut şeýle. (Tomaşa zalyndaky ýerine barýarýaça hiňlenip, ýerine geçip oturýar.) P o l i s i ý a n y ň i ş g ä r i . (Sag penjesiniň barmaklarynyň ujuny sag çekgesine degirip, T e a t r y ň m ü d i r i n e) Saglygyňyzy isleýän! (Çykyp gidýär.) T e a t r y ň m ü d i r i . (Papkasynyň gatyny açyp) Hawa gadyrly tomaşaçylar...(Sahnada öýjikli telefonyň sesi ýaňlanýar. Tomaşa zalynda iki talyp biri- biri bilen gepleşýärler) 1 – n j i t a l y p . Eý, “Kyssa”, kepilnamalary ýanyň bilen alansyň-a?! 2 – n j i t a l y p . (Basgançakdan sahna çykyp barşyna) Hany, horjunymy barlap göreýin (bir eli bilen öýjükli telefonyny gulagyna tutup, jalbarynyň jübilerini barlaşdyrýar.) Agaň barka hiç zady gaýgy etmegin. 1 – n j i t a l y p . (Basgançakdan sahna çykyp barşyna) Agam bar, ne gamym bar. (T e a t r y ň m ü d i r i bilen salamlaşýar.) Salawmaleýkim, ýaşuly! 2 – n j i t a l y p . Essalawmaleýkim! T e a t r y ň m ü d i r i . Waleýkimessalam! 2 – n j i t a l y p . Ýaşuly, oýun başlamaka Sizden bir ullakan haýyş bar: şujagaz (Elindäki jübi telefonyny K ä t i b i ň stolunda goýup, jübisinden bir petde ak kagyz çykaryp T e a t r y ň m ü d i r i n e uzadýar) kepilnamalara keramatly goluňyzy goýup, möhüriňizi bassaňyz, biz , talyplar şu gün teatra gidip, ruhy dünýälerimizi giňeldendigimiziň we medeni taýdan has baýlaşandygymyzyň subutnamasy hökmünde biziň söýgüli dekanymyz üçin delilnama bolar diýip umyt edýäris. T e a t r y ň m ü d i r i . Oglanlar, kepilnamany oýun gutaransoň alaýyň ! Edil häzir wagt gyssap dur, premýemämize häli başlamalydyk welin... 1 – n j i t a l y p . Puuuuu... Siz biziň dekanymyza belet däl, biziň dekanymyz bijaý zabun adam, gaýrat edäyiň-dä. Möhürlije, gol çekilen kepilnama ýüregimiziň üstünde dursa, oýun gyzyksyzam bolsa şadyýan geçýär. T e a t r y ň m ü d i r i . Ýeri bolýar, hany getiriň! (Kepilnamalara bir-birden gol çekip, K ä t i b e uzadýar, K ä t i p kepilnamamlara möhür basýar) Bular gaty köple, diňe siziň ikiňiz üçin gol çekjek 3 – n j i t a l y p . (Teatryň sag tarapky balkonyndan, gulagyna mini-dinamik 2 dakylan; gaty sesi bilen, ) Eý, “Kyssa” Meniňkä-de gol basdyrsana! 2 – n j i t a l y p . (3 – n j i t a l y b a) Gulagyňdakyny bir aýyr-ow, sen leksiýada däl-ä şu wagt! Özüňem aňyrrak süýş, pil ýaly bolup balkony goparýaň-ow! ( T e a t r y ň m ü d i r i n e ) Agam, şol gygyrýanyň kellesi doly düzüw däl, kepilnamasyna gol çekäýmeseňiz, özüni şol duran ýerinden aşak goýberer. (T e a t r y ň m ü d i r i üçünji kepilnama-da gol çekýär) 4– n j i t a l y p . (Teatryň çep tarapky balkonyndan, ýuwaş sesi bilen, elini salgylaýar) 2 – n j i t a l y p . ( T e a t r y ň m ü d i r i n e ) Başlyk, (Balkondaky 4 – n j i t a l y b y görkezip) şol oglan aşak düşmäge ýagdaýy ýok, üçünji topar maýyplygyny aljak bolup ýör, özi bir ýarawsyz adam-da, biz hossar çykaýmasak şular ýaly ýerde...(Kepilnamalara gol çekilensoň, 2– n j i t a l y p kagyzlary 1– n j i t a l y b a uzadýar.) mini-dinamik 2– gulaga dakylyp aýdym-saz diňlenilýän dinamik Tomaşaçylaryň arasyndan sahna T a l y p g y z çykýar T a l y p g y z . Ýoldaş direktor, meniň hem kepilnamama gol çekäýiň-dä! (Ullakan gapjygyndan, ilki öýjükli telefonyny çykaryp, K ä t i b i ň stolunda goýýar, soň bolsa, T e a t r y ň m ü d i r i n e kepilnamasyny uzadýar.) 1 – n j i t a l y p. ( K ä t i b e , başam barmagyny T a l y p g y z a tarap çommaldyp,) Aý, başlyk bu biçäre-de köp çagaly bolansoň yzymyza tirkäp ýörüs-dä. Hi-hi-hi. (Hiňlenýär): “Zöhre jenanymdyr-ow, Mahym gyz janym” (Kepilnamalara gol çekilensoň, T a l y p g y z bilen 2 – n j i t a l y p ýalňyşyp bir-birleriniň telefonlaryny çalyşýarlar. 1 – n j i t a l y p kepilnamalary sanaýar. ) Bir, iki, üç...Eý, “Kyssa”! Göni sekiz sany, hersine gyzyl onluk; hawa ertir nirä gidýäris “Güneşemi” ýa-da “Aýly agşama” ? T a l y p g y z . Dekana aýtjak. (Talyp oglanlaryň ikisi hem doňup galýarlar. 1 – n j i t a l y p T a l y p g y z y ň alkymyna barýar.) Mahymjan! T a l y p g y z . Ýit-ä! Haçandan bäri men seniň “janyň” boldum? 1 – n j i t a l y p. ( T a l y p g y z y ň gözlerine seredip) “Şazada”3, “Medowik”4, “Napoleon”5? “Medowik”?! . Ertir günortan, naharhanada nahardan soň “Medowik” bilen çaý içersiň. (Kepilnamalaryň birini 2 – n j i t a l y b a görkezip, beýleki jübisine geçirýär.) Ýöne ilki nahardan gowy doýup iýmeli, ajöze iýseň tort ýüregiňi bular. T a l y p g y z . Özüm gowy bilýän. Ýöne, biz iki—joramam bar. 1 – n j i t a l y p. Hany? (Eýlesine –beýlesine garanjaklaýar.) Tanyşdyrsana! T a l y p g y z . (Gapdala) Sen ýalyny başyna ýapsynmy. (1 – n j i t a l y p Ýene bir kepilnamany 2 – n j i t a l y b a görkezip, başyny ýaýkap, jübisine salýar. T a l y p g y z y ň telefonyna jaň gelýär, telefony gulagyna goýup,” Allo” diýmänkä) T e l e f o n d a k y z e n a n y ň s e s i . Allo, goçum! Nähili ýagdaý? T a l y p g y z . Meniň sesim goçuň sesine meňzeýärmi? (Telefonyny gapjygyna salýar. 2 – n j i t a l y b y ň telefonyna jaň gelýär, 2 – n j i t a l y p telefony gulagyna goýup,” Allo” diýmänkä) T e l e f o n d a k y e r k e k a d a m y ň s e s i . Allo, gyzym! 2 – n j i t a l y p . Däde, ýalňyşdyň! bu taýy gyzyňky däl, bäri seýsmologik stansiýa.6 (T a l y p g y z y ň telefonyna jaň gelýär.) T a l y p g y z . Allo. T e l e f o n d a k y z e n a n y ň s e s i . Jorajan, trubkany ýanyňdaky ýoldaşýňa bersene! T a l y p g y z . Siz kimi göz öňünde tutýaňyz? Men entek durmuşa çykmadyk ahyry. T e l e f o n d a k y z e n a n y ň s e s i . Şeý diýsene. Duýdyrmady diýme, ynha, görersiň seni hem aldar. (Ses kesilýär. 2 – n j i t a l y b y ň telefonyna jaň gelýär.) 2 – n j i t a l y p . Hawwwwwwwa. T e l e f o n d a k y e r k e k a d a m y ň s e s i . Eý, inimmi-agammy saňa nähili ýüzlenmeli? Şo taýda seň eliňdäki telefonyň eýesi—meniň gyzym bolmaly, gaýrat et-de telefony şoňa bersene! 2 – n j i t a l y p . Meni diňle, inim! Bar, git-de mallaryňa ot ber, soňundanam suwa düş, bolmasa üstüňden goýunyň ysy gelýär! (Telefony ýapyp, jübisine salýar.) “Şazada”3—buz gaýmak; “Medowik”4 –tort; “Napoleon”5 –tort seýsmologik stansiýa.6 –Ýer titremeisini öwrenýän edara Tomaşaçylaryň arasyndan sahna tarap T a l y p g y z y ň k a k a s y ýönelýär. T a l y p g y z y ň k a k a s y . (Gyzyna ýüzlenip) Gör, gyzym sen agşamlaryna teatra oýun görmäge gitjek diýen bolup näme bilen meşgul bolýan ekeniň—seniň aktrisadygyňy bilmändirin. (T a l y p g y z kakasyna bir zatlar düşündirjek bolýar, ýöne T a l y p g y z y ň k a k a s y ellerini galgaladyp, gyzyny diňlemän.) Hawa gyzym, bu günki oýunyňyzyň ady näme? (T e a t r y ň m ü d i- r i T a l y p g y z y ň k a k a s y n a bir zat aýtjak bolup barýar.) T e a t r y ň m ü d i r i . Ýaşuly, meni diňläň... T a l y p g y z y ň k a k a s y . Siz kim? Sizmi ýaňky seýsmolog? (1 – n j i t a l y p we 2 – n j i t a l y p ýuwaşlyk bilen, sahnanyň sekisinden aşak—tomaşaçylaryň arasyna siňip gidýärler.) T e a t r y ň m ü d i r i . Ýok, men teatryň müdiri. T a l y p g y z . (Gapjygyndan telefony çykaryp) Kaka, meň telefonymy çalyşypdyrlar-a! T a l y p g y z y ň k a k a s y. (Gyzyna ýüzlenip) Dur entek, men seniň bilen öýde aýratyn gepleşjek. (T e a t r y ň m ü d i r i n e ýüzlenip) Näme diýsene ýoldaş müdir, bu zatlar ilki çagalaryň ene-atalary bilen maslahatlaşylýandyr. (Gyzyna ýüzlenip) Ýör, düş yzyma! T e a t r y ň m ü d i r i . Ýaşuly, neme... (T a l y p g y z y ň k a k a s y elini silkip, diňlemän gidýär. T a l y p g y z kakasynyň yzyna düşüp gidip barýarka, 1 – n j i we 2 – n j i t a l y p l a r a tarap ýumrugyny çeneýär, 2 – n j i t a l y p iki eli bilen çekgelerini tutýar. Sahnada yangyn söndürýän awtomobiliň sirenasy eşidilýär.) Sahna Jorasy bilen E l i b ä b e k l i g e l i n haýdap gelýär, olaryň yz ýany bilen Ý a n g y n s ö n d ü r i j i gelýär E l i b ä b e k l i g e l i n . (Bir elinde çagsyny saklap, boş elini yzynyna tarap salgy berýär T e a t r y ň m ü d i r i n e sakawlap, ýüzlenýar.) Ddddaý o... o-o-o tttaýda ýanýar. T e a t r y ň m ü d i r i . Näme ýanýar? ( E l i b ä b e k l i g e l i n T e a t r y ň m ü d i r i n i ň arkasyna geçýär.) Ý a n g y n s ö n d ü r i j i . Hiç hili ýangyn ýok, howsala düşmäň! (T e a t r y ň m ü d i r i n i ň alkymyna barýar we sag penjesiniň barmaklarynyň ujuny sag çekgesine degirip) Ýoldaş müdir! Şäheriň meýletin ýangyn söndürijiler otrýadynyň başlygy kapitan Taganow. Meýilnama boýunça, şäherde iň möhüm ymaratlaryň biri bolanlygy sebäpli, şu gün siziň teatryňyzda ýangyna garşy göreşmek boýunça türgenleşik geçmeli. (Elini aşak goýberýär) T e a t r y ň m ü d i r i . Meniň meýilnamam boýunça bu gün hiç hili türgenleşik geçirilmeli däl. Biziň premýeramyz bar ahyryn! Ý a n g y n s ö n d ü r i j i . Meýilnamalara üýtgeşiklik girizildi, habardar edip bilmedigimiz üçin ötünç soraýaryn! Ýöne, ýoldaş müdir! Ýangyn diýilýän zat garaşmaýan wagtyň, oslamaýan ýerde döreýär-dä... T e a t r y ň m ü d i r i . (Gapdala) Alla jan, ot belasyndan, suw belasyndan özüň goraweri! (Ý a n g y n s ö n d ü r i j ä ýüzlenip) Hany, inim niýetiňi yagşylyga uý! Teatr häzirki zaman ýangyn howpyny duýduryjy we yangyn söndüriji enjamlar bilen doly üpjün edilendir. Teatrda, asla, ýangyn howpy nola ýetirilendir... (Sag eli bilen ýüregini tutup stula gyşarýar. Sahnada tiz lukmançylyk kömegininň awtomobiliniň sirenasy eşidilýär.) Sahna Ti z k ö m e g i ň l u k m a n y gelýär T i z k ö m e g i ň l u k m a n y . Tiz lukmançylyk kömegini çagyrdyňyzmy? M ü d i r i ň k ä t i b i . (Stoluň bir zatlar ýazyp oturyşyna ,ýüzini galdyrman) Ýok. T i z k ö m e g i ň l u k m a n y . (Elindäki kagyzyny okap) Ynha, “03”-e siziň telefonyňyzdan jaň barypdyr. Ýa, ýalan çagyryşmyka?! T e a t r y ň m ü d i r i . (Stuluň üstünde oturan ýerinden turmaga ýagdaýy bolman, Ti z k ö m e g i ň l u k m a n y n a elini bulaýar) Lukman aga, ýalan däldir, sen dogry, wagtynda , hakyky näsagyň üstüne geldiň...( T e a t r y ň m ü d i r i stuldan ýykylýar . Ti z k ö m e g i ň l u k m a n y çemodanyny açyp lukmançylyk kömegini berip başlaýar.) Sahna nosilkaly iki sany sanitar gelýärler we näsagy nosilka ýükläp, T i z k ö m e g i ň l u k -m a n y bilen gidýärler. Oýna gatnaşýan artisleriň hemmesi sahna çykýarlar we ortada “Küşt depdi” tansyny ýerine ýetirip başlaýarlar. Oýna gatnaşýanlaryň her biri gezekli-gezegine öňe çykyp, aýdym aýdýarlar. Aýdymlaryny aýdyp tans halkasyna goşulýarlar. T e a t r y ň m ü d i r i : Başlalyň-a, başlalyň. Oýnumyza başlalyň. Şu oturan märekäň Göwünlerni hoşlalyň. M ü d i r i ň k ä t i b i : Ädigim-ä, ädigim, Ädigimde tüýdügim. Toýa gelem märeke, Size “Salam!” diýdigim. H e m a ý a t k ä r : Gapyňyz atly bolsun! Gazanňyz etli bolsun! Her işe başlaňyzda Gadamňyz batly bolsun! T a l y p g y z : Gazal aytmak gowy zat, Paýtagtymyz Aşgabat. Dogamnyň aljak gyzy Orta boýly perizat. E l i b ä b e k l i g e l i n ( J o r a s y n a ): Börük tikdim gowuja, Salam nagşym güllüje. Gel, boýdaşym Akbäbek, Küşt depeli bileje! E l i b ä b e k l i g e l n i ň J o r a s y : Uzyn-uzyn jülgeler, Suwdan sowuk kölgeler. Ikimiz küşt depeli, Haýran galsyn özgeler. P o l i s i ý a i ş g ä r i : Haýrany haýran etjek, Jahany seýran etjek. Gerek bolsa Watanma Janymy gurban etjek. T a l y p g y z y ň k a k a s y : Nädeliň-ä, nädeliň, Toý palawny dadalyň. Eger rugsat berseler, Öýli-öýmüze gaýdalyň. Hemmesi bilelikde: Gazal aýtmak gowy zat, Paýtagtymyz Aşgabat. Doganmyň aljak gyzy Uzyn boýly perizat. Börük tikdim gowuja, Salan nagşym güllüje, Gel, boýdaşym Akbäbek, Küşt depeli bileje! Uzyn-uzyn jülgeler , Sowuk-sowuk kölgeler. Ikimiz küşt depeli Haýran galsyn özgeler. Haýrany haýran etjek, Jahany seýran etjek. Gerek bolsa Watana Janymy gurban etjek. Kakajan BALKANOW. 2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |